01:37
Kitapçyl hakda erteki
KITAPÇYL HAKDA ERTEKI

Bir bar eken,
Bir ýok eken,
Bir är-aýal bar eken.
Dokuz aý,
Dokuz gün,
Dokuz sagadyň
Geçerine olar howlugýar eken.

«Görogly dek batyr oglum bor» diýip,
Äri batlandyrsa her daýym sesin,
Aýaly synlanda guwanar еken
Gün-günden gabaryp barýan göwresin.

Dokuz aý,
Dokuz gün,
Dokuz sagadam
Geçmeli wagtynda geçipdir...
Arman?..
Dim-dik murty aşak sallansa ýigdiň,
Gelniniň gözýaşy akypdyr durman.

Göwre öz katdyna gelipdir ýene,
Ýöne derek bolmanmyşyn çagadan.
Perzendin ýitiren ata-enäniň
Gam-hasraty bolanmyşyn daga deň.
Ideg-sorag bilen ýigrimi ýyl geçen,
Ýigrim bir gelende...
Bu niçik waka?
Dulda duran kitaplaryň gatyndan
Ses çykanmyş
«Eje!..
Men bärde, kaka...»

Ata-ene ýygnap bar garyndaşyn
Hemem meşhur adamlaryň ençesin,
Kitaplaň gatyndan sogrup alanmyş,
Soň diýenmiş: «Nädip ýatdyň munça sen?»

Jahana ýigrim ýyl giç gelen ynsan
Jogap ýerne üýtgedipdir keşbini.
Birden Nýutona meňzese, birden
Ýatladypdyr Pyragyny, Puşkini.

Kä göterip,
Kä iterip ileri,
Soňra ony eltipmişler münbere.
Kitapdan ýat tutan jümlelerini
Eçilenmiş,
Seçelänmiş müň ýere...

Seçelänmiş şahyrlayň setirin,
Akyldarlaň, wäşileriň pikirin.
Ýöne welin durmuş hakda oýlanyp,
Ýekeje gezegem seçmändir derin.
Jemagat!..
Jemagat haýran galypmyş
Onuň «akylyna, pelsepelerne».
Bir meşhur adamam gohun ýetirip,
Ony bellänmişin «mynasyp oma».

Günleriň bir güni ýaňky ýigide
Diýenmişler: «Sözüň boş bolmaz ýaly,
Protokoly getir...»
O bolsa şo dem
Gara dere batanmyşyn mazaly.

Protokol ýazmagy ýat tutmandygna
Ökünipdir...
Degenmişler çetine.
Nätsin, pahyr gaýry alaç tapmansoň,
Sümenmişin ýene kitap gatyna.

Sümenmişin,
Özem gaýdyp çykmanmyş,
Ata-enäň ýüregne basypmyş dagy.
...Tapylanmyş adam şekilli kagyz
Ýaňky ýiten ýigit gözleneň çagy.

* * *

«Besdir, dawalardan irdim men, irdim,
Besdir jedellerden durmaly daşda...»
Diýdiň-de, tünegňe girdiň sen, girdiň,
Ne tomusda çykdyň,
Ne çykdyň gyşda.

Birem oýlanmadyň ýoldaşlaň hakda,
Öz ynjyk ýüregňe em bolar öýdüp.
Şeýdip, bäsdeşleňden gezdiň uzakda,
Gülküsinden gizlendiň şeýdip.

Şeýdip görmän galdyň baharyň gelşin
Gatnaşmadyň tomsuň tutýan toýlarna.
Synlamadyň güýzüň hasyl ýygnaýşyn,
Döş germediň gyşyň tupan-gaýlarna.

Ýogsam käte durmadyňam darykman
Galdy bogazyňam ymsynmakdan seň.
Şonda-da oturdyň öýüňden çykman,
Teselli gözlediň ümsümlikden sen.

Teselli gözlediň...
Tapmadyň, arman,
Saňa bu ýerde-de berildi päsgel.
Sebäbi gapyňy kakman, soraman
Ýalňyzlyk gaşyňda tutupdy mesgen.

Ol saňa gerdi-de demir penjesin,
Kem-kem boýun egdirdi öz emrine.
Bir günem ogurlap ýüzüň şöhlesin,
Dawa salyp başlady seň ömrüňe.

Duýansyň,
Ýalňyzlyk zalymdyr-zalym,
Işiň gaýdar oňa syr berseň uzak.
Şoň üçin oturma,
Pursat bar hälem
Aç basym gapyňy, eliňi uzat.

Gideli dostlaryň hem-de bäsdeşleň,
Gülküdir jedelleň arasyna biz.
Diňe şonda ýürek ynjalyp biler
Hem hakyky ömre meňzär ömrümiz.

Italmaz NURYÝEW.
Категория: Goşgular | Просмотров: 54 | Добавил: Hаwеrаn | Теги: Italmaz Nuryýew | Рейтинг: 0.0/0
Всего комментариев: 0
Имя *:
Email *:
Ähli smaýliklar
Код *: