00:13
Ybarat bil

YBARAT BIL

Ýagmyry kalbynda galan
Bir õtegçi bulutdyñmy?!
Güýzler bilen dolanaryn-
diýeniñem unutdyñmy?

Ýaşap ýôrūn salgym bolup,
Arasynda sowallaryñ.
Ýaksana söýgiñ oduny,
Ûşemesin hyýallarym.

Arzuwlara ôlçeg ýetmez,
Ômür bolsa azajykdyr
Ykbal gämim umman kibi
Gôzleriñde azaşypdyr

Ýaşlygymy päk sõýginiñ
dergähine zyýarat bil!
Hem käteler hyýalyñda
Bu dûnÿàni
diñe-diñe
Ikimizden ybarat bil!

Kakamyrat REJEBOW.

Категория: Goşgular | Просмотров: 84 | Добавил: Selbii | Теги: Kakamyrat Rejebow | Рейтинг: 5.0/2
Всего комментариев: 7
0
7 nurgeldiyewam232   [Mowzuga geç]
Kino köp görmek bilen başlandy .

0
5 nurgeldiyewam232   [Mowzuga geç]
Selbi,kız goşgyñ ady "YBARAT BIL" diýip gygyryp oturyn.Düzet ahyry ýüregagyryly etmejek bolsañ.

0
4 mango   [Mowzuga geç]
Arzuwlara ôlçeg ýetmez,
Ômür bolsa azajykdyr
Ykbal gämim umman kibi
Gôzleriñde
azaşypdyr

Arzuwlara ôlçeg ýetmez,
Ômür bolsa azajykdyr
Umman kibi gôzleriñde
Ykbal gämim azaşypdyr

0
3 nurgeldiyewam232   [Mowzuga geç]
Soñky mysaldaky sözi ýalñyş ýazypdyryn:
"Uzynlygynda däl ýoluñ manysy
Megerem kim bilen geçenligiñde" bolmaly.
Geleliñ bu goşga .Ady ýalñyş gidipdir."Ybarat bil" bolmaly.Kakamyrat halypañ haýsysy goşgusyny okasañ şol gözüñe has yssy görünýär.Bulam gowy görýänlerimden biri.Ondada Sahydursun Hojakowañ sesi bilen saza geçirilmegi "ynanylmajak derejede ajaýyp" bolupdyr.Soñky döwür diñleýän aýdymlarymyñ arasynda iñ gowy görýänim."Göwnüm gitdi saña göwnüñ beräý maña"
"Gyşda ýatla tomusda ýatla" ,"Ýok diýme bolýa diý maña" ".Bu da geçer janym buda geçer" şoñ ýaly manysyz aýdymlañ ýanynda "Men bärik nädip düşdümkäm?!" diýip duran aýdym.

0
6 mango   [Mowzuga geç]
1) Geleliñ bu goşga... (gelelim fasulyenin faydalarına)
2)..."ynanylmajak derejede ajaýyp"... (inanılmayacak derecede rahatsız oluyorlar...)
---
"geleliň...", "ynanylmajak derejede..." - türk garyndaşlaryň sözlem guruşyna meňzeýeýär.
kino köp görýäňizmi, ýa başga zat...

0
2 nurgeldiyewam232   [Mowzuga geç]
Kakamyrat halypañ döredijiligi hakynda aýdara zat şeýle bir kän welin nireden başlajagymy bilemok.Gowusy iñ başyndan başlamak.
Mundan bäş ýyl öñ orta mekdebi tamamlan uçurlarym bir ýyllap öýde oturypdym.Šonda iñ uly ýaranym radio we ondaky aýdymlardy.Bir gezek şeýleräk bir aýdym diñläpdim:
"Bir alaja ýüpüm aşyk gözlerim
Sen nirede bolsañ ýetäýjek ýaly"
Soñam sözleriniñ Kakamyrat Rejebowa degişlidigini eşitdim.Bu ady birinji gezek eşidişimdi.Internetden ertir.com dan goşgularyny okadym.(şony goýanlara tañryýalkasyn).
Ol goşgular maña täze dünýäniñ gapysyny açyp berdi.Häzirki zaman türkmen edebiýatyna söýgi döretdi .Šondan soñ Kakamyrat halypañ goşgulary durmuşymdaky iñ ýakyn maslahatçym boldy.
Çekinjeñlik basan pursatlarynda :
"Düşün dünýe çekinjeñe mesgen däl" diýdim özüme.
Adamlaryñ göwnüne degjek bolanymda:
"Ýylgyryş bagyşlañ gülki bagyşlañ
Aglatmagy başarýandyr sogan da"
setirlerini ýatladym.
Bagtly günlerimde
"Göwnüme bolmasa uzak ömürler
Belli belli günler üçin ýaşalýar" diýdim.

Ýada käteler "Uzynlygynda däl ýoluñ gymmaty
Megerem kim bilen geçenligiñde"setirlerini gaýtaladym.
Bir şahyryñ okyjynyñ dünýäsine şeýle aralaşyp bilmegi hemä bagtdyr hemem onuñ ussatlygydyr.

1
1 Ahmet   [Mowzuga geç]
Ajaýyp goşgy...

Имя *:
Email *:
Ähli smaýliklar
Код *: