23:58
Syrajetdin Nagyşbendi

SYRAJETDIN NAGYŞBENDI

Şeýh Muhammet Osman Syrajetdin Nagyşbendi (Arapça: الشَّيخ مُحَمَّدْ عُثمان سراجُ الدّین نَقشبَندی) yslamyñ meşhur alymy we mutasawwyfydyr.
Şeýh Omar Zyýaeddiniñ agtygy, şeýh Muhammet Alaeddiniñ ogly bolan Syrajetdin Nagyşbendiniñ asyl nesebi Hüseýin bin Aly ýoly bilen Muhammet aleýhissalama barýar. Garry atasy bolan Osman Syrajetdin Et-Tawiliden soñ dünýä geleni üçin Osman adyndan arapça ikinji manyda gelen Sany lakamyny alypdyr.
Kerkük türkmenlerinden bolan Osman Syrajetdin 1896-njy ýylda Yragyñ Biýara obasynda doguldy. Ýaşlykda kakasynyñ nazaryýetinde terbiýe görüp, dini ylymlary öwreneninden soñ Dewrud we Biýara medreselerinde okap arapçany we parsçany ezberleýär.
Kakasynyñ dünýeden ötmegi bilen Biýara tekkesine ýerleşýär. 1958-nji ýyla çenli ylym ýollaryny yzygiderli öwrendi.
Yrakda syýasy ýagdaýlar güýçlenende 1959-njy ýylda Eýrana göçüp bardy.
Eýranda Ylym we medrese ähline sylag-hormat bildiren Osman Syrajetdin kakasynyñ guran Durud tekkesini täzeden döredýär.
Eýranyñ dürli etraplaryna aýlanan Syrajetdin Nagyşbendi, ýurduñ demirgazyj-günbatarynda Sünni mezhepleri we Talyşdaky Halydy ýoldakylar bilen güýçli baglanyşygy saklady.
Yslam ylymlaryny bermek üçin 450 talaplyk okuw açdyrdy. Şol bir wagtyñ özünde-de onuñ ýolbaşçylygynda 100-den köp okuw bina etdirilýär. Onuñ Eýranda bolan wagtlaryndaky ýigrimi ýylyñ içinde Nagyşbendi ýolundakylar köpelipdir. 1979-njy ýylda Eýran Yslam özgertmelerinden soñ Eýrandan aýrylyp Biýara yzyna dolanyp barýar, ýöne ol wagtlar Yrak we Eýran arasyndaky turan söweş sebäpli Bagdada barýar.
Ömrüniñ galan bölegini bolsa Yrakda, soñam Fransiýada we Türkiýede geçirmäge mejbur boldy.
1990-njy ýylda Türkiýede ýerleşen we Hadymköýdäki myhmanhanada ýurt içinden we ýurtdaşyndan gelenlere dini söhbetler aýdyp wagyz eden Syrajetdin Nagyşbendi ýanyna sorap-idäp gelenleriñ maddy we manawy kynçylyklaryna kömek elini uzadardy.
Ýüzündäki nuranalyk hiç haçan aýrylmazdy. Adamlar arasynda dostluk-doganlyk, düşünişmeklik onuñ esasy ýörelgesidi. Pahyrlara we mätäçlere kömek ederdi we özüni pahyr gul hökmünde görerdi. Adamlaryñ halal iýmekleri üçin alyn deri bilen zähmet çekmegi ündärdi we olary bu ýolda gaýratlandyran Osman Syrajetdin Nagyşbendi,ýaşlara peýdaly ylymlar öwrenmekligi ündärdi.
XX asyryñ beýik tasawwuf alymlaryndan bolan Nagyşbendi we Kadyry tarykaty şeýhi Seýýid Muhhammet Osman Syrajetdin 1997-nji ýylyñ 30-njy ýanwarynda dünýeden ötdi.
Türkiýanyñ Hadymköý diýilýän bakjalygynda depin edildi.
S. Nagyşbendi hakynda Osman Muhammet 2017-nji ýylda Osman Syrajeddini Tawili (ennakişbendi, el-ewwel) we maşgalasy hakda kitap ýazypdy (ISBN 9786059261760).

》 Eserleri:

1. Sirajul Kulub (türkçä terjime eden: Selahattin Alpay) ISBN 9789751625472
2. Tafsir Sura We al-Tin
3. Risäla al-şihäb al-Täkyb
4. Al-Ytikad al-Rasin wal-Yakyn billah

Çeşme: https://tr.wikipedia.org/wiki/Muhammed_Osman_Sir%C3%A2cedd%C3%AEn

Terjime eden: Afrasyýap

Категория: Goşgular | Просмотров: 36 | Добавил: Selbii | Теги: Syrajetdin Nagyşbendi | Рейтинг: 0.0/0
Всего комментариев: 1
0
1 myhman   [Mowzuga geç]
hezret är işini bitiripdir.
kiçijek ýatlama:
bir mahal kakam ýaramady. şonda şolaň dogtary erbet dälmiş diýip eýrana gitdi. menem hem-ä garrygalany, etregi görerin hemem kakamy ugradaryn diýip gitdim. iki bolupjyk bir siýena tutduk. şofýor maňa bir ýaşulyň suratyny berdi. "bu kim?" diýsem, "Muhammet Osman Nagyşbendi" diýdi. suraty bir stenadan asmagymy, soňam şol jaýda nämeler etmeli däldigimi (mysal üçin eşigimi çalyşmaly däl ekenim) aýtdy. çokunmaň bär ýany edýädi-dä. menem oňa surata munuň ýaly hormat goýmak dogrymy diýdim. olam maňa igendi.
şeýdip gidip barýakak ýolda ýaňkyň suratlary äpişgeden daşyna zyňylyp gitdi.

Имя *:
Email *:
Ähli smaýliklar
Код *: