23:22
Bazara gidemok
BAZARA GIDEMOK

Bazara gidemok ençe ýyl bäri.
Dogrusy, gitmegem isläp baramok.
Bazarda bar zadyň pul hökümdary,
Jübiňe seredip nepkeşleň bary,
Seniň kimdigiňe ünsem berenok,
Bazara gidemok ençe ýyl bäri.

Duşsa biynsaba sadarak adam,
Doganna diýmejek sözlerin aýdyp,
Güwäçi tutunyp ýakynyn-ýadyn,
Ýelmär gara şaýa degmeýän zadyn.
Wah, meňem jürümi dikerler öýdüp,
Bazara gidemok ençe ýyl bäri.

Oňatmy, erbetmi, alarlar satyn,
Bu zatlar mala däl, jellaba bagly.
Eşegiň nyrhyndan geçmedik atyň
Kemsinip durşuny görmegem çetin.
Soň bir başym ýaýkap ýörmezim ýaly
Bazara gidemok ençe ýyl bäri.

Jübüsin gabardyp, ýylgyryp gaýdan
Dellala diýäýseň: «Utanaňagam».
Taýyndyr, çylkasyz sözlerin aýdar:
«Durmuşyň özem bir bazar-da, agam.
Gözlerim görmesin diýip betpäli,
Bazara gidemok ençe ýyl bäri.

Gara donly nebis çykyp belende,
Ynsaby, päkligi ýörendir aňtap.
Sungatam pul bilen ölçelýär onda,
Hormatam pul bilen ölçelýär onda...
Bu ölçegi görmek düşmänsoň aňsat,
Bazara gidemok ençe ýyl bäri.

Dur-la, men nämeler otyryn samrap,
Birden bolaýmaýyn ilime gülki?
Belki, bazardaky bir mahalky däp
Atam möwritinde gidendir üýtgäp...
Mümkin duýman galan bolmagym, çünki
Bazara gidemok ençe ýyl bäri.

Italmaz NURYÝEW.
Категория: Goşgular | Просмотров: 63 | Добавил: Hаwеrаn | Теги: Italmaz Nuryýew | Рейтинг: 3.0/1
Всего комментариев: 5
0
3 myhman   [Mowzuga geç]
goşgyň akgynlylygyna söz ýok.
awtor Italmaz Nuram bolsa, saýuz döwründe (entek bazar ykdysadyýetine geçilmänkä) ýazylanam bolsa ynandyryjy däl.
birem biraz şol döwrüň syýasatynyň "ysy" gelip dur.

0
4 mango   [Mowzuga geç]
@myhman. profiliňe seredäý...

0
5 myhman   [Mowzuga geç]
ok

0
2 mango   [Mowzuga geç]
bazar gatnaşyklary barada şahyryň pikirem gyzykly bolup biler.
ýöne bu barada ekonomistleri diňlemeli.

0
1 Orhideýa   [Mowzuga geç]
Aý,ýok..Üýtgàn zat ýok..
"Bazarda bar zadyñ pul hõkumdary"..))

Имя *:
Email *:
Ähli smaýliklar
Код *: