22:16
Hüwdi

HÜWDI

Mähir bolup doganym,
Ömür bolup doganym,
Dolan aý dostuñ bolsun,
Güneş bolsun doganyñ.

Gök asman bolsun eneñ,
Atañ bolsun suw seniñ,
Ädimleriñ büdrese,
Toprak eçilsin emiñ.

Daglar arkañda dursun,
Duşmanyñ ýeller ursun,
Görer gözüm jan oglum,
Bagtyñy Hudaý bersin!

Diñläp göwün kelamym,
Saýla ýollañ halalyn,
Ejeñ gürlemedigin
Saýra, gürle Jelalym!

Laçyn ÖWEZOWA.

Категория: Goşgular | Просмотров: 42 | Добавил: Şasenem | Теги: Laçyn Öwezowa | Рейтинг: 4.0/1
Всего комментариев: 1
0
1 mango   [Mowzuga geç]
Ädimleriñ büdrese, Toprak eçilsin emiñ.

standart düşünje – çaga büdräp ýykylsa köşeşdirmek üçin topragy uran bolýalar.
standart däl düşünje – çaga büdrese toprak säňa em bersin.
her zada не стандартный çemeleşmek - uly başarnyk.

Daglar arkañda dursun, Duşmanyñ ýeller ursun,

"duşmanyňy ýel ursun" – gargyşyň ýeňiljek formasy. "hazan ursun" bolsa agyr formasy. hazan - demirgazygyň ähli zady doňduryp taşlaýan sowuk şemaly bolmaly (öýdýän).

Ejeñ gürlemedigin Saýra, gürle Jelalym!

ýürekdeş arzuw. biziň başarmadygymyz nesillerimiz başarsyn.

Имя *:
Email *:
Ähli smaýliklar
Код *: