20:12
“Ýazgydymdan gözýaş bolup syrykdyň...”
Hiç gonmagyň ebeteýin tapmadym, 
Ýörsemem kalbyňda yssy ýer peýläp. 
Ýazgydymdan gözýaş bolup syrykdyň, 
Gömdüň ertelermi gama gark eýläp. 

Ýazym gysga boldy, çolardy göwnüm, 
Hazan ýeli agyz urdy gülüme. 
Öýlänçiň ykbalyn gaýtaladyň sen, 
Döndüň gyşyň ir gizlenýän Gününe. 

Adamlardan uzak durasym gelýär 
(Seniň ýoklugyňdan bolmagy ahmal). 
Gitseňem-ä gitdiň welin, 
dünýämi 
gaplap aldy düşnüksiz bir ahwal: 

Dünýe dowzah boldy, adamlar — jynym, 
Gymmatyn ep-esli ýitirdi janym... 

2014ý. 

Sapa HOMMADOW
Категория: Goşgular | Просмотров: 68 | Добавил: Pegas | Теги: Sapa Hommadow | Рейтинг: 4.0/1
Всего комментариев: 1
0
1 Gumlygelin   [Mowzuga geç]
Adamlardan uzak durasym gelýär

Dünýe dowzah boldy, adamlar — jynym,

Meñem şu günüm şu setirlerdäki pikirler bilen ýašdy.A ertirki günüñ nähili boljagy belli däl...

Sag bol Sapa.

Имя *:
Email *:
Ähli smaýliklar
Код *: