13:30
Eger şu gudraty duýmaýan bolsañ...
EGER ŞU GUDRATY DUÝMAÝAN BOLSAŇ...

Ýene şol bir sowal,
Şo keçjal sowal
«Şahyryň nämesi üýtgeşik menden?..
Muny saňa nädip düşündirsemkäm
Hem nädip gutulyp bilerkäm senden?

Barýansyň köçeden arkaýyn ýöräp,
Unudyp dünýäniň pikirin-gamyn.
O bolsa, öňünden çykan adamlaň
Gözlerinden okap arzuw-hyýalyn,
Olaň hem begenjin hem-de gynanjyn
Geçirip barýandyr ýürekden-serden.
Eger şu gudraty duýmaýan bolsaň,
Şahyryň üýtgeşik ýöri ýok senden.

Seň üçin ýönekeý guran- agaçdyr,
Emma oňa şahyr dikse nazaryn,
Guşlaryň äkiden ýaşlygyn ýatlар,
Biçäre daragtyň çekýän azaryn
Duýar-da, derdini paýlaşar onuň
Hem on göz ýaşyny syrar gözünden.
Eger şu gudratam duýmaýan bolsaň,
Şahyryň üýtgeşik ýeri ýok senden.

Görkden gijä galan bir eziz gyzyň
Gözelleň ýanynda kemsinşin görüp,
Şahyr ony şygyr bilen bezese,
Durandyr gyz perizada öwrülip,
Onsoň oň daşynda perwaz urarsyň,
Gyzyň bolsa nur döküler ýüzünden.
Eger şu gudratam duýmaýan bolsaň,
Şahyryň üýtgeşik ýeri ýok senden.

Deň çekişer goç oguldan aýrylyp,
Ýurtda ýalňyz galan eneleň derdin.
Iň bolmanda, şygry bilen birsellem
Gaýtaryp getirer olaň perzendin.
Şeýdip, teselli biýr hem müňläp enäň
Alkyş alar keramatly dilinden.
Eger şu gudratam duýmaýan bolsaň,
Şahyryň üýtgeşik ýeri ýok senden.

Sen-ä gijelerne gidersiň uka,
O bolsa hyýalda dünýä aýlanyp,
Haýyr işe çyn ýürekdeň guwansa,
Şeriň garşysyna çykar şatlanyp.
Zeýrenmez şonda-da, güýç alar gaýtam,
Ýazan goşgusyndan hem dogýan günden,
Eger şu gudratam duýmaýan bolsaň,
Şahyryň üýtgeşik ýeri ýok senden.

Wah, men saňa nädip düşündirsemkäm
Hem nädip gutulyp bilerkäm senden.

Italmaz NURYÝEW.
Категория: Goşgular | Просмотров: 108 | Добавил: Hаwеrаn | Теги: Italmaz Nuryýew | Рейтинг: 4.2/4
Всего комментариев: 17
0
17 Hаwеrаn   [Mowzuga geç]
Aý... Serdar aga, bi "Şasenem" nikden giryän agzamyzyñ edebiýat temasynda gep acylsa, jedirdäp ikimize ýeñ bermejek biridigini (kimdigini) anyk bilip durunam welin, mönsürän bolýa, "Tirkiş Jumageldiñ adyny birinji gezek okyýan" diýip, öz sözüne görä jogap berdigim boldy. A tak siziñ aydanlaryñyz b.n doly ylalaşýan. ))

0
13 Hаwеrаn   [Mowzuga geç]
Tirkiş Jumageldiñ adyny birinji gezek okyýan bolsañyz, siziñ b.n edebiýat babatda pikir alşara zat yok diymekdir. Bagyşlañ.

0
14 Bagabat   [Mowzuga geç]
@Haweran, edil beýem diýmesene-aý! Bu dünýä şü "çürt-kesiklik" diýilýän zady ýaman ýokuş görýän ýaly-laý! Seniň bu sözleriň mundan ýigrimi ýyl ozal maňa bir ýazyjy tanşymyň: "Golsuorsiniň "Forsaýtlar hakynda saga (aýdym-dessan)"-syny okamadykdan adam bolmaz!" diýşine barýar. cool . Meniň pikirimç-ä, kimdir birini okamanam edebiýaty söýmek ýa-da diňe birje ýazyjyny ýa-da şahyry okabam edebiýatyň muşdagy bolmak bolarmyka diýýärin. Onsoňam: "Все в этом мире относительно..." diýen bir aýtgy bar. Kim üçin "Garri Potter" edebiýat, kim üçin Tolkiýeniň eserleri, kim üçin anekdotlar, kim üçin Bunin, Çehow, Hemingueý, Orazguly Annaýew, Gurbannazar Ezizow, Kömek Kulyýew...

0
15 Bagabat   [Mowzuga geç]
Çagyrylmadyk myhman ýaly söhbetdeşligiňize goşulanyma ötüp keçiresizler :-).

0
16 Bagabat   [Mowzuga geç]
Hä, "dile geldi bile geldi" aýdyp galaýyn. Şol tanşymyň Golsuorsi hakyndaky sözlerinden soň ýaman erbet utandym we "adam" boljak bolup, Forsaýtlaryň buržuaz maşgalasy barada okamaga çytraşdym. Bolmady. Adam däl ekenim. Birinji tomunyň başky sahypalaryndan aňryk geçip bilmedim. Oňa derek Edgar Berrouzyň "Tarzanynyň" nobatdaky kitaplaryny okanymy gowy gördüm. cool

0
12 Hаwеrаn   [Mowzuga geç]
Bir aylap Allayar agadan goyduñ diyp Allayar Cüriyew diyyän bolsa, öñümizdäki bir ay diñe Italmaz şahyrdan sypdyrjak, "kakañ" ikiñiz soñ Italmaz Nury direlip geldimikä hem diýip ýörmäñ ))

0
11 Hаwеrаn   [Mowzuga geç]
Men häzire cenli Tirkiş aganyñ Magtymgulydan yokarky sitata alan setirlerine gulak gerip gonamcylyga baryp "pikir eyleyän" adam gormedim, dogrusy özümizem şeyle, emma gürletsek, Magtymgulyny hemmämiz pygamberden pes görmeris.

0
10 Hаwеrаn   [Mowzuga geç]
Men Allaýar Cüriyew daldigimi öñem aytdym, samsyklyga salmagyñ geregi yok.

0
9 Hаwеrаn   [Mowzuga geç]
"Görüstany gör-de, otur, pikir eýle, 
Men-men diýen ärler ýatyr gum bolup!
Magtymguly."
"Türkmenlerden Magtymgulyny sorasaňyz ony pygamberden pes görmeýändiklerini aýdarlar, bu meselede ähli hyzmaty şahyryň eserlerine ýöňkäp bolmaz, bu ýerde şygar-lozunga diýen belanyň hem oýny az däldir. Biz Marksy, Lenini oňly okaman, olary-da pygamber ornunda goýupdyk, şol endik, belli derejede, beýik şahyrymyz babatda-da dowam edýär. Magtymgulyny pygamber ornunda goýup, oňa hormatymyzyň çäksizdigini bildirjek bolmagyň derkary ýok, kanagatyň, ýetse, onuň eserlerini oka, öwren. Magtymgulyny anjaýyn bilýän adam görüstana baryp pikir etmekden çekinmez."
Tirkiş Jumageldi / "Hakyda"

0
8 Hаwеrаn   [Mowzuga geç]
"Kakañ" yene galat sözläpdir, Magtymgulyñ goşgularyny doga edip boynundan asmaga tayyaram bolsa, onuñ yeke setirine eyeren türkmen görmedim.

0
7 Hаwеrаn   [Mowzuga geç]
Çeper edebiýat sözüñ gymmatyny bilýänler ü.ndir. "Zer gadryny zergär biler" diylen söz bardyr, ya-da muña meñzeş ýewropalylarda "Sungat - sungat ü.ndir" diyen söz bar. Söz bilen, goşgy b.n adam düzedip bolsa, ortada Allanyñ kelamy (Gurhan, ondan öñ Zebur, Töwrat, Injil) bar, baý düzelerdiler-ä, emma şol ylahy kitaplaram diñe kalbynda iman nury yalkym saçyanlara täsir edip bilýär. Edebiyat hem şeyle, ol diñe ozune düşunyanleri, oz gadryny bilyänleri özgerdip, yola salyp bilýär.

0
6 Hаwеrаn   [Mowzuga geç]
Siziñ "kakañyz" hem absolýut ters pikir ýöredýän eken, bizem-ä häzire çenli şahyr diýlen "jemende" ("kakaña" aýt, şahyrlara jemenne diýilmeýär), häzire cenli haysydyr bir cyn şahyryñ goşgusyny okap özgeren, ya yoldan cykanyñ yola giren yerini görmedik...

0
5 shahyr1964   [Mowzuga geç]
Eger şu gudratam duýmaýan bolsaň,
Şahyryň üýtgeşik ýeri ýok senden.

Wah, men saňa nädip düşündirsemkäm
Hem nädip gutulyp bilerkäm senden.

0
4 nurgeldiyewam232   [Mowzuga geç]
Ýigriminji asyr türkmen poeziýasynyñ iñ esasy aýratynlyklarynyñ birem çuñ pikri sadaja görnüşde aýdyp bilmegimikä diýýän Häzirki poeziýamyzda bu sadalyk owazlylyk we çuñ pikriñ birleşmegi seýrek duşýan sintez.Käte oturyp oturyp Halyl Kulyýewiñ goşgulary serime gelýär:
Gyzym bolsa Bahar dakjak adyna
Goý ol mydam Bahar ýaly šat bolsun.
Şu sadalygy küýseýän.
Italmaz Nuryýewiñem şeýle sada çuñ setirleri diýseñ kän.
"Bazara baramok ençe ýyl bäri.."
diýip başlanýan goşgusam bolmaly.
Umuman gowy şahyr.Bu goşgam meniñ gowy görýän goşgularymdan biri.

1
3 mango   [Mowzuga geç]
owadan goşgy.
akgynly, dili gaty gowy...
Mahym hanymyň gowy görýän pikirem bar, ýöne şahyr diýen taýpany (asla hiç kimi) kän ideallaşdyrmaly däl.
"nädip gutulyp bilerkäm senden" diýmek alaçsyzlyk ýaly eşdildi.
käşgä ol "üýtgeşik şahyr" ol надоел eden bendänem özgertmäge "gudraty" ýetsedi.
(Italmaz aga dil ýetirdigim däldir. men ýöne pikirimi aýtdym).
bäş ýyzzylam basylandyr.

0
2 Gumlygelin   [Mowzuga geç]
Ajaýyp gošgy.

0
1 Orhideýa   [Mowzuga geç]
Nàhili GOWY goşgy!!!

Имя *:
Email *:
Ähli smaýliklar
Код *: