13:01
Çagalaryñ uly dosty
ÇAGALARYÑ ULY DOSTY

Çagalar, siziň söýgüli şahyryňyz, Lenin baýragynyň laureaty Agniýa Barto 70 ýaşady.
Onuň ilkinji kitaby baryp 1925-nji ýylda çap edilipdi. Sowet çagalarynyň bütin nesli onuň goşgularyny höwes bilen okaýar. Şahyryň okyjylary bolsa millionlarça.
Sowet çagalry Agniýa Bartonyň şadyýan we ýeňil okalýan goşgularyna sabyrsyzlyk bilen garaşýarlar. Onuň her bir täze kitaby körpe okyjylaryň iň ýakyn dosty.
Agniýa Barto öz körpe dostlarynyň üstünliklerine begenýär, kemçiliklerini ýüz görmän aýdýar. Ýaltalary, gorkaklary, öwünjeňleri... tankytlaýar.
Siziň dykgatyňyza şahyryň çagalar hakynda ýazan goşgularynyň birnäçesini hödürleýäris.


■ KATÝA

Säher bilen turduk
Mamam ikimiz.
Bagymyzda iş kän,
Ýetik ýükümiz.

Bagymyzda ekdik,
Islän nahalyň.
Baglar ýetişensoň,
Biziňkä geliň!

Katýa hem jorasy,
Kömekleşmedi.
Suwarmaly wagty,
Suw daşaşmady.

Aýyrdyk otlary,
Ýekänme-ýekän
Garaz, säher bilen
Biz iş etdik kän.

Katýa bolsa otyr,
Keseki ýaly.
Diýýär: - Garaşýaryn,
Hasyla häli.

■ MASLAHATÇY

Maý aýynyň bir güni,
Synladym bir oglany.
Ine, hiňlenip barýar,
Howada siňekleriň
Badyny alyp barýar.

Ýakymly maý howasyn,
Demine sorup barýar.
Öňünden çykanlara,
Maslahat berip barýar.

Ine, bag ekýär bagban,
Diýýär Alekseý: “Armaň!”
Maslahat berýär oňa
Maslahatyn gaýgyrman.

Ine, birtopar çaga
Barýar mekdebe batly.
Diýýär biziň Alekseý:
- Her minutyň gymmatly –

Diýýär bir garry baba:
Urmaly däl guşlary.
Ýogsam agyrdarsyňyz,
Ördek-gazlaň başlaryn.

Şeýdip maslahat berýär,
Öňden çykan her kime.
Arman, özem işläýse
Bordy-la allanäme!

■ LÝUBAJYK

Bir enaýy gulpagy
Egninde gök köýnegi.
Eýsem kimler tananok,
Lälijek gyz Lýubajyk?

Baýramçylyk günleri,
Gyzjagazlar ýygnanýar.
Şonda bir görsediňiz,
Ol niçik tans oýnaýar.

Gulpajygyn tasadyp,
Lýubajygmyz batlanýar.
Gözi gidýär hemmeleň,
Joralary şatlanýar.

Lýubalaryň öýüne,
Myhman bolsaňyz eger,
Bu gyzy tanamaklyk
Size kyn düşer, meger!

Gapydan girip-girmän,
Ejesine gygyrýar.
Nan getirjek däl –
diýer –
Bu gün kän sapagym bar –

Tramwaýa münäýse,
Asyl-ha bilet almaz.
Iteklär hemmeleri,
Hormat-sylagy bilmez.

Garry oturan bolsa,
Barýar ýanna barybir.
Diýer sähel utanman:
Çagalaryň ýeri bu.

Bir enaýy gulpagy,
Hemmeler tanýar ony.
Sizem tanadyňyzmy,
Lälijek gyz Lýubany!

Agniýa BARTO.

Terjime eden: Allaýar ÇÜRIÝEW.

“Mydam taýýar” gazeti, 13.02.1976 ý.
Категория: Çagalar edebiýaty | Просмотров: 26 | Добавил: Hаwеrаn | Теги: Agniýa Bartо | Рейтинг: 0.0/0
Всего комментариев: 0
Имя *:
Email *:
Ähli smaýliklar
Код *: