11:43
"Çiliñ añyrsynda güne..."

"ÇILIÑ ANYRSYNDA GÜNE..."

Çiliň aňyrsynda Güne
Gaýzygan gawunlar ýatyr.
Adamyň gara başynda
Geçilen nä günler ýatyr.

Çydasyň gelýär yssa-da,
Kä sowugam ötmän geçýär.
Eý görenleň biweç sözi
Bitmän geçýär, bitmän geçýär.

Gulpaklanda ak mekgeler
Ýada düşer çagalygym.
Bardy çig mekgäni ýolup,
Ulugyz etme gylygym.

Bu gün geçmiş geçmiş boldy,
Ýagşy bolsun indi geljek.
Juda bagtlydym çagakam,
Ah, ol wagt ony näbiljek?!

Kalbymyz bir lowlamasyn,
Gyzgyn bolsa-da kä günler.
Ýygnalmandyr, şindem ýatyr
Güne gaýzygan gawunlar...

2019 ý.

Suraý BABANYÝAZOWA.


Awtoryň başga makalalary

Категория: Goşgular | Просмотров: 111 | Добавил: Mähriban | Теги: Suraý Babanyýazowa | Рейтинг: 4.0/1
Goşgular bölümiň başga makalalary

"Äh-eý..." / Goşgular - 07.02.2021
Şahyrlar bir gezek söýýän däldirler / Goşgular - 15.03.2021
Dünýä / Goşgular - 24.02.2021
Ýürekdeş gözlegi / Goşgular - 16.03.2021
Meniň Diýarym / Goşgular - 10.02.2021
"Kiçeltmedim, kiçeltdiler..." / Goşgular - 01.04.2021
Aşyklar deresi / Goşgular - 08.02.2021
Mazaryñ başujundaky ýazgy / Goşgular - 05.04.2021
“Rahatja günlerňi ýa:t etdim saňa...” / Goşgular - 23.02.2021
Конекесир мой! / Goşgular - 19.03.2021
Всего комментариев: 5
0
5 Edebiyatcy   [Mowzuga geç]
Şu Mähriban agza Suraýyň özümikä?!

0
Seniñ goşgularyñ ýadymda galýar

0
Gowy goşgy

0
2 Gumlygelin   [Mowzuga geç]
Juda gowy goşgy...

0
1 mango   [Mowzuga geç]
Suraý hanym. goşgyňyzy haladym.
"Eý görenleň biweç sözi, Bitmän geçýär, bitmän geçýär" - bu sözleri ýazmak üçin biweç söz eşiden bolmaly. "bitmän geçýänini" iki gezek gaýtalamagyňyz, hakykatdanam söz ýarasynyň bitmänliginiň aşagyny çyzýar.
syrlyja goşgy.
güne bişen gawunlar, bişmejik mekgejöwen (mekge saçyndan ulugyz gurjagyny ýasamak), ýene-de ýygnanmadyk gaýzygan gawunlar....
bişmedik mekge, bişen gawun, ulugyz-gurjak..
gyzykly simwollar.
göwnüme, taýyny tapmadyk uly gyz barada bu goşgy.
o "bitmän geçen biweç sözlerem" özi baradaky hyşylar-wuşylar (myka?)
---
dört ýyzzyl we üstünlikler.

Добавлять комментарии могут только зарегистрированные пользователи.
[ Регистрация | Вход ]