18:49
Erkekler hakda hekaýatlar
ERKEKLER HAKDA HEKAÝATLAR

Erkegiň logikasy

Öýlenmek isleýän erkek kişi özüne aşyk bolan üç gyzdan haýsysy bilen nikalaşmalydygy barada kän kelle döwüpdir. Ahyrynam, ol pikirlene-pikirlene özüne gowy aýal saýlamagyň usulyny oýlap tapypdyr. Ol özüne aşyk gyzlaryň her birine 5000 manat berip, olaryň şol puly nädip we nämä sowýandyklaryny synap görmegi ýüregine düwüpdir.
Gyzlaryň birinjisi özüne peşgeş berlen pula eşik we çalgy-boýag zatlaryny satyn alypdyr, soňam zenan dellekhanasyna gidip, özüne mazaly timar beripdir. Özüne bezemek üçin elinden gelenini edeninden soňam aşyk ýigdine: “Men seni juda söýýärin. Şonuň üçinem seniň şäherde iň owadan aýalyň äridigiňi hemmeleriň bilmegini isleýärin” diýip näzirgäpdir.
Ikinji gyz ähli puly aşyk ýigdine geýim-gejim, enjam almaga sarp edipdir we oňa: “Meniň üçin şu durmuşda iň esasy adam sensiň! Şonuň üçinem sen hiç zatdan mätäçlik çekmeli dälsiň!” diýipdir.
Gyzlaryň üçünjisi ýigdiň özüne beren ähli puluny söwda etmek üçin ulanypdyr we bir-iki hepdäniň içinde puluny iki esse köpeldip, ýigdiň özüne beren 5000 manadyny yzyna gaýtarypdyr-da, oňa: “Men seni biçak eý görýärin! Bu gazanjy etmek bilen bolsa men saňa özümiň akylly hem sowajaň däldigimi görkezmek isledim!” diýipdir.
Magşuklarynyň synagy tamamlan aşyk şondan soň ýene-de biraz oýurganyp durupdyr-da, ýer ýüzündäki erkekleriň aglaba köpüsine mahsus bolan mantyga eýerip, gyzlaryň haýsysynyň göwsi hem sagrysy uly bolsa, şoňa-da öýlenipdir.

Perizatdan peşgeş

Nijeme ýyllap agzybirlikde ýaşaşan, ýaşytdaş är-aýala, günlerde bir gün perizat sataşypdyr-da, olara: “Siz çärýek asyrlap ajaýyp jübüt bolup ýaşadyňyz! Siziň birek-birege mähremligiňiz köplere nusga hem görelde bolandygy üçin men siziň her haýsyňyzyň bir dilegiňizi berjaý etmek üçin ýanyňyza ýollandym! Aýdyň!” diýipdir.
Şonda aýaly:
-Meniň mähriban ýanýoldaşym bilen bilelikde dürli ýurtlara syýahat edesim gelýär!-diýip, ýürek arzuwyny aýdypdyr.
Perizat jadyly taýajygyny galgadyp goýberipdir welin, ýaňky zenanyň elinde ep-esli pul, uçar petekleri, ýanynda bolsa syýahatda zerur goş-golamlar peýda bolupdyr.
Şonda perizadyň teklibini eşiden pursadyndan bäri jyňkyny çykarman içini hümledip duran 50 ýaşy arka atan äri hem dillenipdir:
-Elbetde, hatynymyň arzuwy iňňän gowy, ýöne munuň ýaly ýagdaýam adamyň ömründe birje sapar bolaýýar-da! Şol sebäplem, gadyrly ýoldaş hatynym, sen meni bagyşla welin, gynansak-da, men jahankeşdelik edenimizde ýanymdaky zenanyň özümden 30 ýaş kiçi bolmagyny isleýän-dä!
Äri gepläp başlandan onuň näme diýjek bolýandygyny aňandygy üçin gaşlaryny bürüşdirip ony diňläp duran perizat, ol sözüni soňlan badyna birjigem säginmändir:
-Bu ýerde hiç mesele ýok! Islegiň şol bolsa, baş üstüne!-diýäkge, jadyly taýajygyny kelemenledip goýberipdir welin, erkek kişi şol duran ýerinde bada-bat 80 ýaşly garra öwrülip duruberipdir...

Jaý

Bir jaý ussasy melleginde jaý gurup durka, köçeden geçip barýan goňşusy onuň ýanynda säginipdir. Onuň ussa bolsa-da jaýy ters gurýandygyna geň galyp, sorag berenini duýman galypdyr:
-Ussa goňşy, bi nä uly iliň jaýyny guranyňda, ilki jaýyň binýadyny daşdan örüp, soňra onuň diwarlaryny kerpiçden örýärdiň welin, ala-böle özüňkini guranyňda, ilki kerpiçden diwar galdyryp, soňam diwaryň üstüne daşdan binýat örüp dursuň-la?!
Ussa loh-loh gülüpdir-de, jogap gaýtarypdyr:
-Äý gardaşym, men ýakynda öýlenmekçi bolýaryn. Onsoň barybir aýalym ilki bilen bu öýe gelip, hemme zady özüne laýyklap dikbaşaklygyna çöwrer. Şonda-da jaý beýlesine öwrülenden soňra hemmeleriňki ýaly dürs bolar duruberer...

Dürli internet saýtlarynda goýlan maglumatlardan biraz üýtgedilip terjime edilip, taýýarlandy.
Категория: Halk döredijiligi we rowaýatlar | Просмотров: 139 | Добавил: Bagabat | Теги: Serdar Ataýew | Рейтинг: 3.0/1
Всего комментариев: 2
0
2 myhman   [Mowzuga geç]
мужик захотел - мужик сделал smile

0
1 guljancharyberdiyewa   [Mowzuga geç]
erkek kişi şol duran ýerinde bada-bat 80 ýaşly garra öwrülip duruberipdir..

Mena ayalyny 20 yasha getirip goyar oytdim

Имя *:
Email *:
Ähli smaýliklar
Код *: