10:15
Hikmetli hekaýalar
HIKMETLI HEKAÝATLAR

Ataly-gyz

Günlerde bir gün gyzy kakasynyň ýanyna gelipdir-de, zeýrenmäge başlapdyr:
-Kaka, men ýadadym. Meniň durmuşym şeýlebir agyr, meniň öňümde şeýlebir çylşyrymly kynçylyklar we meseleler dur. Men hemişe diňe durmuşyň akymynyň tersine ýüzmäge mejbur bolýaryn. Meniň indi çydamaga gaýratym galmady...Men indi näme etmeli?
Gyzyny ünsli diňlän kakasy, jogap bermegiň deregine gaz plitanyň üstünde üç sany birmeňzeş gazany, suw guýup goýupdyr. Olaryň birine käşir, beýlekisine ýumurtga, üçünjisine bolsa kofe atypdyr. Biraz wagtdan soň, ol suwdan käşiri hem-de ýumurtgany çykarypdyr, üçünji gazandan bolsa kofäni bulgura guýupdyr.
-Näme üýtgedi?-diýip ol gyzyndan sorapdyr.
-Ýumurtga we käşirä bişdi, kofe bolsa suwda eredi-diýip gyzy jogap beripdir.
-Ýok, gyzym, bu diňe bolup geçýän zatlara ýüzleý garaýyş bolýar. Seret, gaty käşir gaýnag suwda ýumşady. Port we içi suwuk ýumurtga gatady. Daşky görnüşi boýunça olar üýtgemedi, emma, olaryň ikisine-de birmeňzeş amatsyz ýagdaýlaryň – gaýnag suwuň täsir etmeginiň netijesinde olaryň içi üýtgedi. Edil şonuň ýaly, daşky keşbinden gaýratly bolup görünýän adamlaram durmuşy kynçylyklara döz gelip bilmän, daş keşbinden gowşak hem näzik bolup görünýän adamlaryň gatap, berkeýän ýerlerinde, goram-gowşak hala düşüp, ejizläp bilerler.
-Onda kofe näme?-diýip gyzy sowal beripdir.
-Bu bolsa hasam gyzykly! Gördüňmi, kofe özüne duşmançylykly gurşaw bolan gaýnag suwda dolulygyna eredi-de, ony datly suwuklyga öwürdi. Edil şonuň ýaly, durmuşda-da şeýle üýtgeşik adamlar bolýar, olar aglaba köp halatlarda özleriniň duçar bolan hadysalaryny düýpgöter özgerdip, hatda öz başlaryndan inen kynçylyklaram täze bir ajaýyplyga öwürmegiň we her bir ýagdaýdan peýda hem-de tejribe gazanmagyň hötdesinden gelýärler...

Ýekäniň ýary Huda

Bir goja alys jülgede ýekemen bolup ýaşaýar ekeni. Günlerde bir gün onuň ýaşaýan jülgesine tötänden gelen awçylar garrynyň nijeme ýyllar bäri ýalňyz ýaşaýanyna geň galyp, oňa:
-Atam, Zeminiň bu undulan künjeginde şunça wagtlap ýalňyz ýaşamaga nädip sabryň ýetdi?-diýen sowal bilen ýüzlenipdirler.
Garry köpmanyly ýylgyrypdyr-da, jogap beripdir:
-Şu öten ýyllaryň içinde men birje pursadam ýeke bolmadym. Meniň ýanymda hemişe iň ýakyn dostum söhbetdeş boldy – Allatagala! Men ömrümiň her deminde Onuň bilen isledigimçe gepleşdimem, geňeşdimem. Haçan-da Onuň maňa aýdýan sözlerini eşitmek islänimde bolsa men elmydama Kurany-Kerimi okadym. Haçan-da Onuň bilen alnymy alnyna berip, içgin ýürek döküşmek islänimde bolsa men namazlyga geçýärin-de, namaz okap, mynajat edýärin...

Azaşan kalp, bulaşan paýhas we synan göwün üçin şypaly jümleler:

Adam Allatagaladan güýç-kuwwat, gaýrat diledi – Ol onuň päsgelçilikleriň ýeňip geçmegi öwrenip, güýç-kuwwatly we gaýratly bolmagy üçin oňa kynçylyklary bagyş etdi!
Adam Allatagaladan paýhas we danalyk diledi – Ol onuň dürli ýagdaýlardan baş alyp çykmagy öwrenip, paýhasly we dana bolmagy üçin oňa çylşyrymly meseleleri bagyş etdi!
Adam Allatagaladan baýlyk diledi – Ol onuň baýlygy gazanmagy üçin oňa akyl we kuwwatly beden bagyş etdi!
Adam Allatagaladan yşk we mähir diledi – Ol onuň söýmegi hem söýülmegi gazanmagy üçin onuň daş-töweregini özi ýaly ynsanlardan doldurdy!
Adam Allatagaladan eşret diledi – Ol onuň eşretli ýaşamagyna ähli mümkinçilikleri bagyş etdi!
Öz islegleriniň guluna öwrülen adam Allatagaladan tükeniksiz peşgeşleri alandan soňam, özüniň dilän zatlaryndan hiç zady almandygyna kine saklamaga we nägile bolmaga tükeniksiz bahana agtarýar!

Terjimesi biraz üýtgedilip, edildi.

Çeşmesi: https://www.muftyat.kz/ru/articles/edification/2014-09-18/21016-mudryie-pritchi-ob-otnoshenii-k-slozhnostyam-kotor/. 13.04.2021ý.
Категория: Halk döredijiligi we rowaýatlar | Просмотров: 143 | Добавил: Bagabat | Теги: Serdar Ataýew | Рейтинг: 5.0/2
Всего комментариев: 5
0
5 Bagabat   [Mowzuga geç]
Cogitationis poenam nemo patitur - Hiç kim pikirleri üçin jezalandyrylmaly däldir!
specool

0
4 myhman   [Mowzuga geç]
@Şasenem, meň akyllysyramagymdan, akyl satmagymdan ýadansyň öýdüp jogap bermedim. ýogsam "akmaga iň gowy jogap dymmakdyr" diýendir öýdäýme.

bir düşündirjek bolup synanyşaýyn:
"özbek özüne bek" diýen sözde özbek doganlarymyza garşy hiç hili negatiw düşünje yok(myka diýýän). ýa bamy?
özüňe bek bolmak gowy zat dälmi? maňa biri "sen özüňe bek-aý" diýse men-ä begenjek. "starayus" diýjek.
onsoňam özbekler-ä biziň hem din taýda doganymyz hem millet boýunça garyndaşymyz oň üstünede ýurtlary goňşymyz, men hytaýlaram bolsa, afrikanlaram bolsa adam diýip garaýan. şolara-da erbet zat diýesim gelenok.

seň agzaýan postuňda-da, ýadyňa düşse, seň tarapyňy çalyp ýazypdym. "ýaňsylap soramaýan bolaýmasyn, men-ä ýaňsylaýanyny aňmandyryn" diýip. senem meň üstüme gaýdyberdiň. şol gezek göwnüňe degjek bir söz ýazanam bolsam, ötünç soramagy kiçilik saýamok, BAGYŞLA!

adyňy Şasenem diýip baş harp bilen ýazandyryn.

0
1 Bagabat   [Mowzuga geç]
Iki perişde

Dördünji gat asmanda iki perişde sataşypdyr. Olaryň biri beýlekisine gürrüň bermäge başlapdyr:
-Men Keremli Allatagalamyzyň täsin emrini berjaý kylyp geldim. Men Hakyň buýrugy bilen demini sanap ýatan bir takwanyň ýanyna ýollandym. Ol bende ölüm pursadynda bir owurt süýt içmegi küýsedi. Menem şol süýdi ol bende içmänkä dökmek üçin iberildim. Çünki, ol takwanyň ömründe birje sany tobasy kabul bolmadyk ýazygy bar ekeni. Keremli Perwerdigär hem şonuň soňky küýseginiň kabul bolman, onuň şu dünýäde eden günäsi üçin şu dünýäde ezýetini alyp, baky dünýäsiniň abat bomagyny we onuň aýatda hemme günälerinden saplanyp, gaýyba geçmek bagtyny oňa bagyş etdi.
Şonda ikinji perişde gürrüň beripdir:
-Meni bolsa Ýaradan Biribar, ömürboýy günä baryny edip, indem ölüm ýassygynda ýatan bir günägaby bendäniň alnyna ýollady. Ol günägaby ölüminiň öň ýanynda gowrulan balyk küýsedi. Menem onuň isleýän balygyny deňizden tapyp, ony şol günägabynyň ýaşaýan şäheriniň ýakynyndaky köle goýbermelidim. Soňam şol balygyň şol şäherde ýaşaýan balykçynyň çeňňegine ilmegini we şol balykçynyňam hut şol balygy günägabynyň aýalyna satmagyny üpjün etmelidim. Çünki, şol günägaby terslikden doly ömründe ýekeje gezek ýagşy iş edipdir. Hak Biribarymyzam onuň şol birje sogabynyň eşretini şu dünýäde, heniz dirikä görmegini, eden günä işleriniň jogabyny bolsa gaýyby dünýäde bermegini onuň maňlaýyna ýazypdyr...

0
2 myhman   [Mowzuga geç]
Meni bolsa Ýaradan Biribar, ömürboýy günä baryny edip, indem ölüm ýassygynda ýatan bir günägaby bendäniň alnyna ýollady. Ol günägaby ölüminiň öň ýanynda gowrulan balyk küýsedi. Menem onuň isleýän balygyny deňizden tapyp, ony şol günägabynyň ýaşaýan şäheriniň ýakynyndaky köle goýbermelidim. Soňam şol balygyň şol şäherde ýaşaýan balykçynyň çeňňegine ilmegini we şol balykçynyňam hut şol balygy günägabynyň aýalyna satmagyny üpjün etmelidim. Çünki, şol günägaby terslikden doly ömründe ýekeje gezek ýagşy iş edipdir. Hak Biribarymyzam onuň şol birje sogabynyň eşretini şu dünýäde, heniz dirikä görmegini, eden günä işleriniň jogabyny bolsa gaýyby dünýäde bermegini onuň maňlaýyna ýazypdyr...
bir sözi köp gaýtalamajak bolmaly.
gaty göräýmäweri, Serdar.

0
3 Şasenem   [Mowzuga geç]
Myhman kaka özbek ozine bek oz soziñe jogap berintam surprised

Имя *:
Email *:
Ähli smaýliklar
Код *: