05:12
Täze kitaba käbir bellikler
TÄZE KITABA KÄBIR BELLIKLER

Allaýar Çüriýewiň ady okyjylara öňräkden bäri tanyşdyr. Halk köpçüligi ony özboluşly aýdymçy şahyr hökmünde kabul etdi.
Ýakynda “Türkmenistan” neşirýaty onuň “Bereket” atly şahyrana ýygyndysyny okyjylara hödürledi. Kitaby okap, ol hakda pikir edeniňde, awtoryň özboluşly alamatlaryny saýgaryp bolýar. Ýygyndydan durmuşyň dürli meseleleri barada özbaşdak oýlanyp hemde dogry netijeler çykaryp bilýän adamyň oýlary kalbyňa dolýar.
Çüriýewiň liriki gahrymany hakda aýdylanda, onuň pespällidigini, salykatlydygyny aňmak kyn däl. Sebäbi ýygyndyda emelsiz öýkünjeňlik, ýerliksiz öwünjeňlik, başarsa-başarmasa akyl satmak ýaly häsiýetde ýazylan şygyrlar ýok. Deň-duşlaryna ýoň bolup barýan şeýle häsiýetlerden gaça durmagy şahyryň oňlanylmaly tarapydyr.
Kitapda beýik dostluga minnetdarlyk duýgusy bilen ýazylan goşgularyň ençemesi bar. “Nikolaý Tihonow”, “Russiýa”, “Sergeý Şerbakow”, “Sag bol, Şura mugallym” goşgularyny şu häsiýetdäki goşgularyň şowlulary hasap etmek bolar. Ol goşgularyň hersi özboluşly taryhy şahslar, taryhy wakalar hakynda, olarda pikir bilen duýgy öňat sepleşipdir.

Mahal-mahal dag ýodasyn külterläp,
Eňňitlerden aşak inen çaglarym.
Oň atynyň dükürdisi eşdilýär,
(Owazyny saklan eken daglarym).
(“Nikolaý Tihonow”)

Ýyllar geçip barha uzaklaşsa-da,
Gylyçlaryň şakyrdaşýan sesleri,
Ýüreginde göterip ýör adamlar,
Şol iki dogany, iki esgeri.
(“Sergeý Şerbakow”)

Antifaşistik temadan ýazylan “Uruş ýyllarynyň aýdymlary”, “Sowinformbýuro habar berýär”, “Katýuşa” ýaly şygyrlary bu ugurdan ýazylan öňki eserleri özboluşly goşant bolup biler. Bu temadan ýazan şygyrlarynyň arasynda “Ýigrimi ýyldan soň” goşgusynyň hasam tapawutlanýandygyny aýdasymyz gelýär.
Ýygyndydaky “Amerikan žurnalistine açyk hat”, “Hökümet beýannamasy”, “Palestinaly ene” ýaly, dünýä halklary bilen raýdaşlyga, internasional tema bagyşlanan goşgulary hem bellenmäge mynasypdyr. Olardan häzirki zaman agressorlaryna, dünýä imperalizmine garşy urşa hem kolonial süteme garşy sowet halkynyň protestini eşidip bilýäris. Bu şahyryň şu günüň ýagdaýynda zerur zatlary duýup, oňa özboluşly seslenmegidir.
Awtoryň durmuşy temadan ýazan goşgularyny okanyňda, onuň synçylygyny, duýgurlygyny alamatlandyrýan setirlere duş gelmek bolýar. “Törebegiň mowzeleýinde”, “Göç, göwnüm”, “Halk komissary”, “Düýşümde”, “Şäherli dostuma hat” goşgularynda, “Dört çynar” balladasynda, “Sumbar” poemasynda şahyr her bir wakadan, obýektden edebi netije gözleýär. Ony sungat deresine ýetirmäge ýykgyn edýär. Emma welin, çeperçilik taýdan seredeniňde, şahyr käbir halatda asgynjaňlyk çekýär. Şygyrlaryň birnäçesiniň çeperçiligi ideýa-mazmunyň aýdyň ýüze çykmagyna hemaýat etmek derejesinden pes gelýär. Şeýledigini “Maksim”, “Esger”, “Wagt” programmasynda tomaşa edip”, “Hangeldiniň ýoly”, “Ýaşulular soweti” goşgularyny okan okyjylar aňsa gerek. Delil üçin “Ýaşulular soweti” goşgusyndan käbir setirleri okap göreliň:

Altmyş ýaşly, ýetmiş ýaşly gojalar,
Segsen ýaşly, çuw ak başly gojalar
Paýhasa-pähime ýugrulmak bilen,
Söhbet gurýarlar.

Gün tertibi: bu gün bir mesele bar.
Ol mesele obaň geljegi hakda.
Şu güni hakda.
(29-njy sah.)

Bentlerden görnüşi ýaly, şahyrana eserlere mahsus bent gurluşy, sagdynlyk ýok. Galyberse-de şahyrana sözler, söz düzümleri, çeper detallar ýetenok. Şol sebäpli olar prozalaç bolupdyr. Käbir goşgularda bolsa sazlaşmaýan sözler, gowşak sazlaşýan sözler rifma hökmünde getirilipdir: “ýeňşidir-şeýledir”, “aýlanýan-gynanýan” (16-njy sah.), “başgasy-nusgasy” (35-nji sah.), “sarsdyrdy-atlylarydy” (40-njy sah.).
Ýene bir zat. Şahyr kapyýalaşdyrýan sözleriniň bogun sanlarynyň deňligine, olardaky çekimlileriň singormanizmine üns berse, şygryň akgynlylygyny güýçlendirerdi. Biziň pikirimizçe, ýokarda agzalan käbir ýugrumy ýetmedik goşgulara derek şahyryň aýdym üçin ýazan goşgulary kitaba girizilen bolsa jüpüne düşerdi.
Umuman aýdanyňda, Allaýar Çüriýewiň täze kitaby ýaş şahyryň barha taplanýandygyna güwä geçýär, onuň geljegine umyt bildirýär.

Seýitmämmet HYDYROW.

“Edebiýat we sungat” gazeti, 27.12.1985 ý.
Категория: Edebi tankyt | Просмотров: 49 | Добавил: Hаwеrаn | Теги: Seýitmämmet Hydyrow | Рейтинг: 0.0/0
Всего комментариев: 0
Имя *:
Email *:
Ähli smaýliklar
Код *: