16:08
Sungatyñ we dizaýnyñ internetdäki orny
SUNGATYŇ we DIZAÝNYŇ INTERNETDÄKI ORNY

Sungat – ony döredijiniň fantaziýasy arkaly özboluşly we estetiki eseriň orta çykmagyna aýdylýar. Bu, aýratynam duýgulary we pikirleri beýan etmegiň täsin ýoludyr. Sungat eserini dürli-dürli görnüşlerde döredip bolýar. Aýdym-saz, kinomatografiýa, animasiýa, surat, heýkel eserleri sungatyň iň giňden ýaýran žanrlarydyr. Emma sungat belli bir ugurlarda çäklenip galanok. Durmuşyň islendik ýerinde sungat bilen baglanyşykly yzlara duş gelmek mümkin.
Sungat biziň döwrümizde hemmetaraplaýyn özüne mizemez ýer edinşi ýaly, internet dünýäsinde-de öz mynasyp ornuny tapmagy başardy. Sungatyň internetdäki ornuny birnäçe kategoriýalara bölüp öwrenenimizde, aşakdaky ýaly görnüş emele geldi:

Onlaýn sungat näme?

Onlaýn sungat dürli-dürli görnüşde duş gelýär. Bu adalganyň manysyny internet arkaly paýlaşylýan her dürli sungat işjeňligi bilen düşündirip bolar. Sungaty goldaýan her bir internet saýty (mysal üçin, onlaýn medeniýet we sungat habarlaryny, sungat eserlerini paýlaşýan internet saýtlary, onlaýn sungat galareýalary) onlaýn sungatyň bir bölegidir. Hususanam käbir internet saýtynyň dizaýn işleri onlaýn sungatyň aýrylmaz bölegi bolup durýar.

Onlaýn sungat galareýalary

Onlaýn sungat galareýalary diýip, köp sanly sungat işgäriniň eserlerini internetde paýlaşmak arkaly şol eserleri satmaga ýardam edýän internet saýtlaryna aýdylýar. Onlaýn sungat galareýalary hem-ä sungat bilen tanyşmagyň iň amatly ýoly bolup durýar, hemem sungat eserlerini döretmäge höwesek ýaşlary ugrukdyrmaga uly goldaw bolýar.

Dizaýn we internet

Dizaýn sungatynyň internet dünýäsinde diýseň möhüm orny bardyr. Çalt özgerýän we gün geldikçe ulanyjysy artýan internet saytlarynyň käbirlerini birkemsiz dizaýnsyz göz öňüne getirmek mümkinem däl. Muňa iň bärki mysal hökmünde “Google” logotipiniň dizaýnynyň hem internet dizaýnydygyny görkezmek bolar. Häzir barha meşhurlaşýan “WordPress” ýaly käbir internet saýtlarynyň çäklerinde biri-birinden tapawutly web saýt dizaýnlary bar. Kazinolary ýöredýän we pully sport oýunlaryny ýöredýän saýtlar müşderi çekmek üçin estetiki internet saýtynyň dizaýnyndan, ýagny onlaýn sungatdan peýdalanýarlar.

Web dizaýnynyň senetkärleri

Kompyuter arkaly hem özboluşly sungat döredýän oglan-gyzlar bolup biler. Ýagny, internet saýtlarynyň baş sahypasyny dizaýnlaýan grafiki dizaýnerler özbolşly we estetiki bezeg döretmek bilen sungat adamlarynyň toparyna goşulyp bilerler. XIX asyrda internet dizaýnerligi ýa-da internet senetkärligi diýseň düşewüntli we giňden ýaýraýan pişeleriň birine öwrüldi.

# Internet maglumatlary esasynda taýýarlandy.
Категория: Şekillendiriş we heýkeltaraşlyk sungaty | Просмотров: 43 | Добавил: Hаwеrаn | Рейтинг: 0.0/0
Всего комментариев: 0
Имя *:
Email *:
Ähli smaýliklar
Код *: