16:04
"Ajal alyp barýar adam jesedin..."
"AJAL ALYP BARÝAR ADAM JESEDIN..."

Ajal alyp barýar adam jesedin,
Adam galýar adamlaryň aňynda.
Şonuň üçin aglamaňyz bes ediň,
Halk atly şu dowamatyň barynda.

Göräýmäge meňzeş ýaly hemme-de,
Ba:r ýollaram gabrystana sowulýar.
Tükel adam ölýär-ýitýär dünýeden,
Üýtgeşikler ölen wagty dogulýar.

Ajal kesgitlänok ömrüň çägini,
Akyl berip ýaşap ýö:r-ä Eflatun.
Ýaşyňy uzaldar ýagşy gylygyň,
Paýhasyň hem gowulyga yhlasyň.

Halk atly dowamat şeýle adalat,
Ýagşy bolsaň ýaşadyp ýö:r öteni.
Ýamanlygňy welin ýatlap ýörenok,
Ýagşylyk edýär-de unudýar seni.

Baýram AKATOW
Категория: Goşgular | Просмотров: 88 | Добавил: Ahmet | Теги: Baýram Akatow | Рейтинг: 2.5/2
Всего комментариев: 4
0
4 nurgeldiyewam232   [Mowzuga geç]
"Ûýtgeşikler ölen wagty dogulýar"
"Inkarnasiýa ynanamok"

Renkarnasiýa hakda gürrüñ eden kim?
Käbir adamlar ölenden soñ özüniñ ikinji ömrüni ýaşap başlaýar (adamlaryñ añynda ýüreginde)
Meselem Gurbannazar Ezizowyñ adynyñ şöhratlanmagynyñ sebäpleriniñ biri hem onuñ tragiki ölümidir.(Doly bilemok welin şuña meñzeş pikri A.Taganyñ "Kyrk ýylda ýazylan kitabynda" okaýdym öýdýän).

Awtoryñ näme diýjek bolýanlygy aý-aýdyñ.Meñ goşguda iñ halan jümlämem şol boldy.Umuman men Baýram daýyñ (ýaşuly adam hökmünde göz öñüme getirýän) bu goşgusynam haladym.

0
3 mango   [Mowzuga geç]
Ajal alyp barýar adam jesedin,
(@myhmanyň aýdany ýaly...)

Adam galýar adamlaryň aňynda.
(“adam ýatlama bolup galýar aňlarda” diýiljek bolunypdyr. Emma...)

Şonuň üçin aglamaňyz bes ediň,
Halk atly şu dowamatyň barynda.

(düşnükli bolsa-da näsaz gurlan jümle. “adam ölýär, hiç ölmeýär adamzadyň” başgarak aýdyljak bolunmagy...)

Ba:r ýollaram gabrystana sowulýar.
(Ýol sowulsa bolmyýa. Ýol iru-giç eltýär barmaly ýere.)

Tükel adam ölýär-ýitýär dünýeden,
(Hmmm. “ýitýärmi”?)

Üýtgeşikler ölen wagty dogulýar.
(Inkarnasiýa ynanamok...)

Ýagşy bolsaň ýaşadyp ýö:r öteni.
Ýamanlygňy welin ýatlap ýörenok,
Ýagşylyk edýär-de unudýar seni.

(Gowy jemleme. “ýamanlygňy ýatlap ýörenok” diýende “ýaman kişiler” halkyň aňynda orun etmeýär diýiljek bolan ýaly. Ýöne, ýamanlyklaram ýatdan çykybenok...).
Iki ýyzzylly berekella.

0
2 myhman   [Mowzuga geç]
ölýär-gidýär diýjekdim. menem ýitýär diýäýipdirin.

0
1 myhman   [Mowzuga geç]
"Ajal alyp barýar adam jesedin"
ajal adamyň jesedini dälde janyny alýan bolaýmasyn. jesedi gölegçiler alyp gidýär.

Göräýmäge meňzeş ýaly hemme-de, göräýmäge meňzeş ýaly hemme ýol,
Ba:r ýollaram gabrystana sowulýar. ýollaň bary gabrystana direýär.
Tükel adam ölýär-ýitýär dünýeden, adam bir gün ölýär-ýitýär dünýeden,
Üýtgeşikler ölen wagty dogulýar. ................ şol günden soň dogulýar.

o diýen bolmandyr. meňkem öňküçede bolmady.

Ýamanlygňy welin ýatlap ýörenok,
Ýagşylyk edýär-de unudýar seni.

baý ýatlaýalar-a. "tokaý otlap at gazan" sözem ýöne ýere dörän däldir.

Имя *:
Email *:
Ähli smaýliklar
Код *: