12:02
Dünýäniñ haýsy ýurdunda iñ uzyn we iñ gysga oraza tutulýar?
DÜNÝÄNIŇ HAÝSY ÝURDUNDA IŇ UZYN WE IŇ GYSGA ORAZA TUTULÝAR?

Mübärek Remezan aýynyň ýetip gelmegi bilen birlikde musulmanlar oraza parzyny ýerine ýetirmäge başladylar. Dünýäniň dürli ýurtlarynda selälikden agzaçara çenli agyz beklenýän wagt birmeňzeş däl. Bulary bilmek siziň üçin gyzykly bolsa gerek.
Demirgazyk polýusyna ýakyn ýurtlaryň tomus günleri uzaga çekýändigi üçin dünýäniň iň uzyn orazasy şu ýerlerde tutulýar.
Şu ýyl (2020) birnäçe ýurduň Remezan aýynyň birinji gününi 24-nji aprel güni diýip kabul edendigi sebäpli, agzy beklemegiň wagtlaryny deňeşdirip gördük. Şuňa görä hem dünýäniň iň uzyn agyz beklenýän ýeri Russiýanyň Murmansk şäheri boldy. Bu ýerde selälik bilen agzaçaryň arasy 19 sagat 23 minuda barabar.
Russiýadan soň iň uzyn orazanyň tutulýan ýeri Islandiýa boldy. Islandiýanyň Reýkýawik şäherinde geçirilen hasaplamalara görä, bu ýerde ýaşaýan musulmanlaryň agyz bekleme müddeti 18 sagat 34 minuda deň eken.
Islandiýa musulmanlaryň iň az ýaşaýan ýurttlarynyň biridir. Jemi 330 müň adamy bolan Islandiýanyň ilatynyň 0,5 göterimini musulmanlar tutýar. Ýurtda ýaşaýan musulmanlaryň köpüsi bosgunlardyr. Şol bir wagtyň özünde Islandiýa türkleriňem iň az ýaşaýan ýurtlarynyň biridir. Türkiýäniň Daşary işler ministrliginiň berýän maglumatyna görä, bu ýerde segsene golaý türk raýaty ýaşaýar.
Şu ýylyň Remezan aýy koronawirus zerarly girizilen çäklendirmeleriň kölegesinde başlady, ilkinji agzy beklemeler başlandy.
11 sagat 48 minut bilen Argentina, 12 sagat 20 minut bilen Günorta Afrika respublikasy iň gysga orazanyň tutulýan ýurtlarydyr.
Türkiýede bolsa Stambul wagtyna esaslanyp geçirilen hasaplamalara görä, agyz beklemegiň ortaça wagtynyň bu iki ýurtdan biraz uzynrakdygy belli boldy. 24-nji aprelde Stambulda 15 sagat 26 minut oraza tutuldy.

2020

eueonews.com
Категория: Geň-taňsy wakalar | Просмотров: 144 | Добавил: Hаwеrаn | Рейтинг: 2.0/1
Всего комментариев: 3
0
3 nurgeldiyewam232   [Mowzuga geç]
Bir bahana bilen ýaremezan paý edinen adam da.Ýylgyrar durar.

0
2 Edebiyatcy   [Mowzuga geç]
Menem 4 ýaşlyja gyzym bilen goňşulara aýlandym düýn biggrin

0
1 myhman   [Mowzuga geç]
ertir (13.04.2021) ramezan başlaýar. oraza tutjaklaň orazasy, sadaka berjekleň ( tom çisle agyz açdyrjaklaň) sadakasy, beýleki sogap iş etjekleň sogap işleri kabul bolsun!!!
Oraza geldi haý bilen
bir meleje taý bilen
taýym batga batanda
çykaryň haý-haý bilen
çagalygy ýatlaýyn diýdim. baý begenerdig-ä. öýme-öý aýlanyp gowurga, sakgyç, 50 (şu wagtky pulda 1 teňňe) manat toplaýadyk. smile
ýene bir zady ýatlaýyn. gyzyklam däl welin dile geldi... biz kiçikäk oraza täze ýyla golaý wagta gabat gelýädi. menem gazanan pulumyň hemmesine paňkyldawaç alýadym.

Имя *:
Email *:
Ähli smaýliklar
Код *: