02:07
Aman Sapardurdyýewiñ degişmelerinden
■ Eýýäm ýaz geläýdimi?

Işdeş ýoldaşlarynyň biri ogul öýeripdir-de, toýuň tamamlanaryna entek wagt kän bolsa-da, Aman aga bir bahana bilen ýoldaşlaryndan rugsat alyp, öýlerine gaýdarman bolupdyr. Gijäň bir wagty ýaşulynyň ýeke gaýdanyny görüp, işdeşleriniň jahylraklarynyň ikisini onuň yzyndan ugradypdyrlar. Ýaşlara-da näme, oýun gerek, Aman aganyň yzyndan ýetip, bile gidibermäge derek garama-gara ony yzarlap gidiberipdirler.
Toý ýeri bilen öýleriniň arasy o diýen uzak bolmansoň, Aman aga ulag saklajagam bolman, pyýada gaýdyp gelşine, uly ýoldan sowlup, garaňkylyga sümüpdir. Gyş gijesi, gözedürtme garaňkydan peýdala- nyp, ýaňky jahyllaram onuň yzyndan ýetipdirler-de, başgaplaryny çümre geýip, ýoluny saklapdyrlar. Her hili hokga tapmaga ökde artist oglanlar özlerini tanatman, seslerinem üýtgedip:
— Hany, ýaşuly, derrew egniňdäki paltoňy, telpegiňi çykar — diýip, Aman aga haýbat atypdyrlar. Aman aga-da näme, bular ýaly zatda tejribesi ýetik bolansoň, olary derrew tanasa-da, syr bildirmän, paltosyny çykaryp durşuna jogaplaryny nagt edipdir:
— Näme, ýigitler, paltony-telpegi çykarar ýaly, eýýäm ýaz geläýdimi?
Oýunda utulanlaryny bilen oglanlar durup bilmän, pyňkyryp goýberipdirler.

■ Dert

Artistleriň arasynda Aman aganyň göz lukmanynyň ýanyna barşy barada-da bir gyzyklyja gürrüň bar. Aman aga lukmanyň ýanyna baryp, gözüniň agyrýandygyny aýdyp, çyny bilen zeýrenýär. Lukman ony dürli barlagdan geçirýär. Ähli barlaglaryň netijelerini eline alansoň, lukman Aman aga maslahat berýär:
— Ýaşuly, size üýtgeşik bir bejergi-hä bellejek däl, ine, birki sany derman ýazaýyn, şony bir hepde-ýarym hepde içersiň. Bular-a dogrusy, witamin, ýöne, esasy etmeli zadyň - etli, ýagly-ýüzli zatlardan, süýji zatlardan daşda durmaly bolarsyňyz. Şulary berjaý etmeseňiz welin, ýa- şuly, gözden galaýmagyňyz daşda däl.
Lukmanyň soňky tabşyryklaryny diňläp oturyşyna Aman aga gussa bilen başyny ýaýkaýar-da, ýüregindäkijesini aýdyp goýberýar:
— Häk, görýän welin, gözsüz galjag-ow, onda men...
Категория: Degişmeler | Просмотров: 88 | Добавил: Orhideýa | Теги: Aman Sapardurdyýew | Рейтинг: 0.0/0
Всего комментариев: 1
0
1 Hаwеrаn   [Mowzuga geç]
Aman aga - iñ halayan wäşi artistim. Ömrüñ bolsun agam.

Имя *:
Email *:
Ähli smaýliklar
Код *: