20:11
"Ägirt heñ bar ýumruk ýaly ýürekde..."
"ÄGIRT HEÑ BAR ÝUMRUK ÝALY ÝÜREKDE..."

Ägirt heñ bar ýumruk ýaly ýürekde.
Höwürtge gurupdyr, haýran sygşyna.
Darajyk dünýämde dyñzap-dyzynyp,
Gursagyma ot gorsapdyr durşuna.

Keçjal, ümdüzüne barýar tutduryp,
Sergezdan deý men yzynda ser-sepil.
Ýalbaryp-ýakaryp, çökdüm dyzyna.
Dile döküljegne geçmedi kepil.

Bildim birtap bolmajagyn ahwalyñ
Kalbyñ kerwensaraýynda düşländen.
Gije hyruçlarna gelebilmän bäs
Oýandyrýar asalpisint düýşümden.

Meñkiden has uly ýürek küýseýär,
Köşge ymtylýan deý garyp çatmada.
Neneñ girip bilsin sözüñ keşbine
Galam asgyn gelse, gurbym çatmasa?!

Köşeşerdi kalbym, ynjalar beýnim
Kagyza çeşme deý akmaga yrsam.
Şygyr bolup törüm bezejekdi ol.
Arman, ýüz bermeýär howaly ylham.

Eger gözüm ýumsam,garylyp guma,
Ekranda görünse "Filimiñ soñy".
Enäñ perzendiniñ halas bolşy deý
Gursagymy ýaryp çykaryñ ony.

Diñläñ tä huşlara tagmalanýança,
Göwnüñ hoştap mukamyny harlamañ!
Hemem has öñ aýan etmäni üçin
Bu garagol gyzy günäkärlemäñ!

Mahym NURGELDIÝEWA.

18.07.2020 ý.
Категория: Goşgular | Просмотров: 166 | Добавил: nurgeldiyewam232 | Теги: Mahym Nurgeldiýewa | Рейтинг: 2.0/1
Всего комментариев: 31
0
31 nurgeldiyewam232   [Mowzuga geç]
Ol söz size däldi myhman daýy ýa sizem arkaýyn diýlen nikden girýäñizmi.Soñky aýdan sözümiñ dyzynmak bilen ýa da siz bilen dahylly ýeri ýokdy.Arkaýyna diýipdim.

0
29 nurgeldiyewam232   [Mowzuga geç]
howaly - dabaraly haýbatly.
Ýerlikli ulandymmykam diýýän.(aý,tûrkçäni indi çagalar bilip otur.)

0
27 nurgeldiyewam232   [Mowzuga geç]
Arkaýyna:
Sersepil bolmak -
manysy bir zadyñ ugrunda entemek.Diýmek sergezdançylygyñ bir görnüşi.Asla ýalñyş meñzetme däl.(ýöne arasynda keseçyzyk bolmaly däl eken)
Halas bolmak babatdaky pikir bilen asla ylalaşamok.Mango daýa beren jogabymda bardyr.
Howaly ylhamy maña göwni ýetmeýän ýüz bermeýän diýen manyda ulanypdym.
Başga.
Hä,dyzynmak.Ony eşideniñize begendim.Sebäbi öz gökdepeli ildeşim eşdemok diýdi welin "Näme bu söz Mahym dialektinde barmyka?"diýip pikir edip ugrapdym.
Köpräk okamaly okamaly ondan soñ "tankytlajak" bolmaly.

0
28 mango   [Mowzuga geç]
Şygyr bolup törüm bezejekdi ol.
Arman, ýüz bermeýär howaly ylham.
—-
Bilmedim, ýöne “howaly”-ny bizde Mahymyň aýdyşy ýaly “göwni ýetmeýän ýüz bermeýän” manylarynda ulanylmaýan bolmaly.
Türk garyndaşlarda welin ulanylýar: “havalı olmak kendini üstün görmek” öýdýän ýalňyşmasam.
Goşgy setiriňizdäki “howaly ylhamy” okanymdan “haý özäää” diýdim, emma sesimi çykarmadym. Ýöne @Arkaýyn sorady.
Mahym hanym, türk dilni bilýäňizmi?

0
30 myhman   [Mowzuga geç]
Köpräk okamaly okamaly ondan soñ "tankytlajak" bolmaly.

tankyt bolup meň ýazanlam tankydam däl. ýöne okyjyň belligi diýen ýaly bir zat. mende onuň ýaly ylymam ýok. onam, näme "meň goýýan eserlerime ýa-ra pozitiw bellik et, ýa-da bellik etme" diýseň, požalusta.

"dyzynyp" diýen söz hakda. men ýok diýmedim. aktiw ulanylmaýan bolaýmasa diýdim. men eşidenim ýadyma düşenok diýdim.
öňem bir gezek öz etrabymyzdan biri çörek iýip otyrkak "gezlik" uzatmagymy sorady. nämedigini bilmedim. pyçak eken. aýwa "beýi" hem diýilýäninem soň öwrendim. sebäbi kän ulananoklar. düşündirip bilýänmi. eşitmezlik, bilmezlik aýyp dälmikä diýýän.

internetde pikiriňi aýdaňda (ýüzüň, mimikaň görünmeýändenmikä?) gödek kişi ýaly duýulýaň.
men-ä gödek kişi däl, "Köpräk okamaly okamaly ondan soñ "ýazjak" bolmaly" diýjegem däl, göwnüňe-de degjek däl. smile

0
26 Sergezzan   [Mowzuga geç]
Dogry aýdýan Arkaýyn gardaş, goşgyna okamok weli bu şol "Sergezdan" at, Mahymyn pikirindaki gedaýcylygy anladanok.

0
25 Sergezzan   [Mowzuga geç]
Nemeley dos, "nemesine" diydigim, piňinededal diydigimda. Yone şol sozi aydaymak kellamede gelmandir. A sen name diyjek bolandyryn oytdun?

0
24 Sergezzan   [Mowzuga geç]
Shasenem, oyunjaklarny toplada, bar anyrda mashyn-mashyn oyna

0
23 nurgeldiyewam232   [Mowzuga geç]
Birem meniñ saýtyñ admini hökmünde Has daýa soragym barSergezdanyñ sözlemleri:
1.Özümizi ylmyñ bajysyny nemedendiris öýdüp ýörüpdiris.
2.Seniñ ýazýan goşgyñ garşy tarapyñ nemesine de däl.
Sorag:Paýyş sözleriñ deregine neme sözüni goýup diýesimiz gelen zady diýip bilerismi?Okaýanlaryñ añy neme sözüne derek neneñsi sözüñ gelýändigini bilmejek derejede pesmi?

0
22 Arkaýyn   [Mowzuga geç]
Mekdep döwründen bäri eşidip gelýän zadym — medsestralar ukol urmakda wraçlardan ökde, peduçilişäni gutaranlar bolsa grammatikada institutdyr uniwersiteti gutaranlardan ökde bolýarlar diýip. Mahym, goşgyňyzy täzeden gözden geçirip, otur-nokatlaryny düzedäýseňiz, şol eşidenim ýalan bolmazdy. Indi käbir säwlikler barada: "deý" sözi ulanjak bolsaň, ony hem manysyna görä ulansaň gowy. "Sergezdan" bolsa, hökman "ser-sepil" bolmalymy? Bu babatda @sergezzanam seň bilen ylalaşmasa getek. "Gursagymy ýaryp, boşadyň ony" diýeňde-de "deý"-i ulanjak bolsaň, "halas bolşy deý" däl-de, "halas edilşi deý" bolmaly.
"Howaly" ylhamda näme diýjek bolduň?
Gepi uzaldyp oturman, goşgyňy gowy görüp biljek ekendigimem aýdaýyn, eger onuň her bir setiri iň soňky bendiň her bir setiri ýaly bolup bilen bolsa...
Wiý, "dyzynmak" sözüni Gökdepeli bolmasamam az eşitmedigimem aýdaýyn
Söze erk edip bilýän adamlary gowy görýän, eger oňa ýüzleý garamasalar: adamlaryň intellektini özüm-ä şoň bilen kesgitleýän heart

0
21 nurgeldiyewam232   [Mowzuga geç]
Sergezdan siz üçin meñ gošgymyñ ähmiýeti bolman biler.Ýöne meniñ üçin goşgumam oña ediljek belliklerem möhüm.Şonuñ üçin goşgy bilen dahylsyz zatlary ýazmañ şu ýere.
Eger boş samahyllamalaryñyzy ýazar ýaly ýer gözleýän bolsañyz aýratyn mowzuk açynyñda isleýşiñizçe samsyklaberiñ.Isleýän okar.Islemeýän okamaz.
Belki siziñ samahyllamakda nähili derejä ýetjekdigiñizi bilesi gelýänler bardyr.Baş üstüne.Açynyñ mowzuk.

0
20 Sergezzan   [Mowzuga geç]
Meni bulaşdyrjak bolyanyzmy? Sizin yazyan goşgynyz garşy tarapyn nemesinede dal. Aytdyma size, goşgy-poşgy tiril lällellää.. bulan bary biderek

0
19 Sergezzan   [Mowzuga geç]
Goşgy gümüne gitsinle. Meň yazan hatlarymyn senin goşgyňa dahyly bolup bolmazlygny hic-hili geregi yok. Esasy bizi bir-birimize baglayan zat ruh bolmaly.

0
18 nurgeldiyewam232   [Mowzuga geç]
Sergezdan goşguda söýgi hakynda aýdylanok ahyry.Ynsanyñ ýûregindäki aýdasy gelýän sözüni aýdyp bilmezligi ýa da isleýşi ýaly aýdyp bilmezligi hakynda gürrüñ berilýär.Liriki men ýüregindäki zatlary aýtmak üçin ylhamyñ ýetmeýändigini galamynyñ ejiz gelýändigini nygtaýar.Ýagny siziñ aýdýan teswirleriñiz bilen hiç hili baglanyşygy ýok.Baglanyşygy bolaýanda da meñ pikirimçe aýdýan pikirleriñiz düýpgöter nädogry.Söýgini zowlatmagam goşga goşmagam söýgä ters däldir.Adam özüniñ söýülýändigini bilmelidir.Aşyk söýýändigini magşugyna islese goşgy görnüşinde aýdar islese aýdym bilen aýdýar ýa da başga görnüşde aýdar.Esasy zat söýgiñ aýdylmagydyr.

0
17 Sergezzan   [Mowzuga geç]
Bilmedimda dos

0
15 Sergezzan   [Mowzuga geç]
Soyguni zöwledip yörmek akyla ters, söygüni goşga goşmak söyga ters, soyguden nalamak tebigata ters.

0
16 myhman   [Mowzuga geç]
@sergezdan, bolýa, indi sen aýt. kim, şu ýerdäkileň haýsy söýgini zöwletme hä däl, ýöne agzap geçýdi? mahymmy, @arkaýynmy, @mangomy, menmi? kim? söýgini haýsy söz bilen ýaňzydypdyrys.
ýa men goşga ters düşündimmikäm? ýürekdäki joşgun, ylham, bilemok, ýene goşgy ýazmaga höweslendirýän duýgy diňe söýgimi?
söýgini goşga salmak söýgä ters diýäýdiňmi? söýgi temasynyň näçe leji çykanam bolsa, iliňkiden üýtgeşik edip ýazyp bilseň, näme üçin ters bolsun?

0
14 Sergezzan   [Mowzuga geç]
Myhman, Menem şony aýtyanda sen name diyan, dutaryn name diyar

0
12 nurgeldiyewam232   [Mowzuga geç]
ümdûzine tutduryp barýar diýdigim ýüregiñ içinde bolanlygy üçin ýûrek şol heñ nirä islese gidýär diýdigim.Ýagny heñ ümdüzine tutdurýar diýmek ýûregem ümdüzine tutdurýar.
Siz gaýrat diýipsiñiz ýöne ol heñ meñ hijem ýüregimden çykmazmyka diýýän.Çünki iñ göwnüm ýetýän goşgularymdada entek bir zadyñ aýdylman galanlygyny duýýan.Belkem meni indiki goşgularymy ýazmaga iterýänem şol duýgudyr.
Aýtman geçmäýin intellektual derejäñ belentligi hakda gürrüñ boldy.Dogrusy intellektual derejämi töweregimdäki adamlara görä juda belent,şu saýtdaky adamlara görä ortaça hasaplaýan.Olam beýiklik peslik ýa-da beýleki ululyklar ýaly deñeşdirme bilen kesgitlenýärmikä diýýän.
Wiý,galyberse-de wiý diýmegi söýýän. wacko

0
10 Sergezzan   [Mowzuga geç]
Icimizdaki duygular daşyna çykmadygyca, syrlar sana acylyar.

0
13 myhman   [Mowzuga geç]
@sergezdan "men näme diýýän, dutarym näme diýýä (çalýa)" klişesini ýatlatdyň. ýa başga eseriň aşagyna ýazjak tewsirleriňi ýalňyş eseriň aşagyna ýazaýdyňmykaň smile

0
9 Sergezzan   [Mowzuga geç]
Oňa bolan söygumiz çuň bolsa, onda ol hökman garşylygnam görer. Sabyr etmeli, gizlin bolmaly. Ana şonda icimizdaki çuň duygular garşy tarapy dolandyryp başlar. Gizlin soygu işläp ugrar. Din meselesinde hem bu şeyle. Dinden sowatly bolmak hokman dal, kermat gorkezmek iman esasynda gazanylyar.

0
8 Sergezzan   [Mowzuga geç]
Hatda Hudaya bolan soygu hem icinden bolmaly, Hudaydan hic zat dilemelem dal, soygu gizlin bolmaly. Hatda Dinden tupoy bolanlar hem, keramat gorkezip bilipdir. Şonyň yaly sowatsyz bir ankowyň, garşy tarapy sesiz baglanynam gordik. Icimizdaki cuň duygularyň jadylaýjy tasiri bardyr, kabir göze görunmeyan energiyalar adam aňyna tasir etyar. Tebigatyn bilinmeyan syrlary bar

0
7 Sergezzan   [Mowzuga geç]
Icindaki söyguni söz bilen "soyyan, köyyan, gara der bolyan" yaly sözler bilen, ya goşgular bilen dal'de, ol duygyny icinde saklamak bilen garşy tarapa has gowy tasir edip bolyar. Soygi äşgär bolmaly dal, soygi syrlygna galmaly.

0
6 myhman   [Mowzuga geç]
bellikler meň pikirimçede dogry. hasam "çökdüm dyzyna" hakda edilen bellikler
menem ýekeje bellik aýdaýyn.
Eger gözüm ýumsam,garylyp guma,
şu setirde gözüň ýumulmagyna guma garylmagyň sebäp bolýan ýaly eşidilýä.
Eger güzüm ýumsam, garylsam guma diýseň düzelýä.
"dyzynyp", "dyzanyp" bä-ä. gökdepede-de aktiw ulanylmaýan bolmaly, eşidenem bolsam bilemok. beýnimiň içini gyzyl dörjük etdim, tapmadym.
ýöne men dilimize täze sözleriň girizilmeginiň tarapdary. köki türkmen sözüne degişli bolsa.
dyzanyp - dyza(düýp işlik)+n(işligiň özlük derejesi)+yp(hal işligiň goşulmasy).
gelişdirip bilmedim.
goşga baha kesme ukybym, sowadym, ýok. şonuň üçinem ýyldyz basma endigim ýok.
gökdepelidigiňe begendim.
üstünlik.

0
5 nurgeldiyewam232   [Mowzuga geç]
Wiý türkmen edebiýatynda dyzynmak diýip söz ýok ýalyla.Menä "ikiýana urunmak,çabalanmak" manysynda ulanypdym.Ýa dyzap diýmelimi nämemi?(sözlükdede ýok eken).Ýa Gökdepe şiwesimikä?(gökdepede şiwe barmyka diýäýmäñ şoñ ýaly özümize mahsus sözlerimiz bar biziñem)

Dyza çökmek babatda goşulýan.
Enäñ perzendi halas edilse-de halas boldy diýlip aýdyp bilner.Sebäbi esasy zat özi özini halas edenligi ýa başga biriniñ halas edenligi däl de netijede halas bolýanlygymyka diýýän.
Gursagyny ýarmak babatda ölenden soñam gursagyny ýaryp bolara adamyñ.
Geleliñ iki "ýyzzyla".
Mango daýy siz bilen poeziýa düşünjämiz şeýle bir ters gelýär welin sizden şol iki "ýyzzyly" almagam bir başarnygymmyka diýýän.Wiý ýa göwnüm üçin diýdiñizmi?Göwnümi görjek bolman goşgyma hakyky (siziñ pikriñizçe hakyky) bahasyny berseñiz begenerin.@Arkaýyn siziñem belligiñiz dogry.Başga säwlikler bar diýipsiñiz.Kyn görmeseñiz olaram aýdaýyñ.
Ikiñizede bellikleriñiz üçin tañryýalkasyn!

0
11 mango   [Mowzuga geç]
“wiý” dýmänem özüňize endik edinipsiňiz Mahym hanym. Köp teswirleriňizde bar şu “wiý” :-)
Wiý, aýtmak ýatdan çykypdyr, ol iki ýyzzyl göwnüň üçin, has dogrusy ol göwnüňde höwütgelän heňiň üçn. Näme-de bolsa ony daşyna çykarjak bolup gözüňi ýumup guma garyşýançaň gaýrat etdiň.
Ol ýürege sygan ägirt heňiň ikinji kupletde “ümdüzine tutduryp” baryşam geň (nämede bolsa heň entäk ýüregiň töründen çykanokdy ahyyn).
Heňiň ýürekden çykmadygyna dördünji kuplet şaýatlyk edýär “meňkiden has uly ýurek isleýär, çatma däl köşk isleýär.
Hmmm. Halys bolmasa “gursagymy ýaryp çykaryň ony” diýäňd-ä.
Hany, howlukma. Wagt bardyr entek. Çykarmaga gaýrat et. Gaýrat, gaýrat we ýene bir gezek gaýrat...

1
4 mango   [Mowzuga geç]
Göwnüň üçin ik ýyzzyl.

1
3 mango   [Mowzuga geç]
Eger gözüm ýumsam, garylyp guma,
Ekranda görünse "Filimiñ soñy".
Enäñ perzendiniñ halas bolşy deý
Gursagymy ýaryp çykaryñ ony.

Bir bulaşyklyga bar. Ol gursakdaky heňi haçan ýaryp çykarmaly, guma garylaňsoňmy ýa öň?
Hemem ol kesilip alynýan perzent barada: “perzendiň halas bolşymy” ýa-da “halas edlişi”. Perzendiň özi halas bolup bilermi?

1
2 mango   [Mowzuga geç]
Ägirt heñ bar ýumruk ýaly ýürekde.
Höwürtge gurupdyr, haýran sygşyna.

(Heňiň ýürekde höwürtge guruşyna menem haýran. Heň ýürekde mekan tutdy diýiljek bolan ýaly. Ýöne, ol mekany höwürtgäň üstünden aýtsaň birhili höwürtgäň içine bir zat girmeli ýaly bolup du. Ýa heň guş mysalymyka? Onda-ha bolýorom ol. Höwürtge gurup içinde oturan guş-heň).

Darajyk dünýämde dyñzap-dyzynyp, (dyzynmak näme?)
Gursagyma ot gorsapdyr durşuna. (gursagyňa däl-de gursagyňda ot gorsan bolaýmasyn?)

Ýalbaryp-ýakaryp, çökdüm dyzyna.
Dile döküljegne geçmedi kepil.

(dyzyna çökdüňmi ýa dyzyňa?)

0
1 Arkaýyn   [Mowzuga geç]
"çökdüm dyzyna" — kimdir biriniň ýa-da nämedir bir zadyň dyzyna çökmegi, ýagny onuň dyzynyň üstünde oturmagy aňladýar, awtor bolsa nämedir bir zadyň öňünde dyza (öz dyzlaryna) çökendigini aýtmak islän ýaly. Şeýleräk säwlikler, gynansagam, başga-da bar.
Üstünlik

Имя *:
Email *:
Ähli smaýliklar
Код *: