10:46
Mikelanjelo we onuñ döredijiligi
MIKELANJELO

Mikelanjelo!
Ak mermeriñ han ogly!
Daş ýonupdyr jan girýänçä gursagna.
Köne dünýäñ jogaplarny, soragny -
Sygdyrypdyr daglañ äpet harsañna.

Şeýdip, bu gün Dawudyna ýetipdir.
Aý-günler, asyrlar ondan asgyndyr.
Beýik başlañ ömür gohy ýetikdir,
...Daş ýagyp dur Dawudynyñ üstünden -

Mikelanjelo gazap bilen topulýar
Daş zyñýanlar gaçyp, garañka siñýä.
Gör-ä Dawuda-da duşman tapylýar -
Onsoñ, nädip, kämil bolsun bu dünýä.


Dünýä belli italýan heýkeltaraşy Mikelanjelo bagyşlanan bu goşgy setirleri Türkmenistanyñ halk ýazyjysy Baýram Jütdiýewe degişli.
Mikelanjelo di Lodowiko di Leonardo di Buonarotti Simoni 1475-nji ýylyñ 6-njy martynda Italiýanyñ (şol wagtky Florentiýa respublikasynyñ) Kapreze şäherinde dünýä inýär.
Gelejekki suratkeş, heýkeltaraş, arhitektor, şahyr Mikelanjelonyñ çagalyk ýyllarynda maşgalasy Florensiýa göçüp gelýär.
Alty ýaşynda ejesi aradan çykýar. On üç ýaşynda döwrüniñ meşhur suratkeşi Domeniko Girlandaýonyñ elinde okap başlaýar. Ýigrimi alty ýaşynda heýkeltaraşlyk sungatyndaky genial zehinini subut edýän "Patyşa Dawut" heýkelini ýasaýar.
1505-nji ýylda Rim papasy Ýuliý II tarapyndan oña Watikanyñ ýanyndaky Sikstin kapellasynyñ üçegine (potologyna) surat çekmek işi ynanylýar. Bu iş Mikelanjelonyñ iñ gymmatly işleriniñ biri hasaplanýar. Tabşyryk berlenden soñ üç ýyl geçende işe girişen beýik senetkär 520 kw metrlik meýdanda döreden ajaýyp eserini dört ýylda tamamlaýar.
Renessans döwrüniñ sungatyna deñsiz-taýsyz goşantlary goşan Mikelanjelo klassyky sungatyñ tilsimlerini ulanmak bilen birlikde, esasan, edil Leonardo da Winçi ýaly adam keşbini hemmetaraplaýyn şekillendirmek maksady bilen kadawralary (meýitleri) içgin öwrenip, grek-rim sungatyndan täsirlenen ideal adam şekillerini ukyp-başarnygynyñ çäginde realistik ölçegleri bilen bermäge çalşypdyr. Günbatar şekillendiriş sungatynyñ atasy saýylýan Jotto di Bondonäniñ suratlaryndaky tebigy we realistik çemeleşmeler bilen XV asyryñ başynda doly düşünip bolýan çuñlukda perswektiwa düşünjesini kämilleşdirip, öz stilini döreden Mikelanjelo onlarça heýkeli, freskalary döredip Rimi täzeden gurmak we abatlaşdyrmak işlerinde-de möhüm işleri amala aşyrypdyr. Häzirki döwrüñ sungat işgärleriniñ aglabasy Mikelanjelony döredijiligine nemunalyk senetkär hökmünde görýärler.
Belli şahyrymyz Italmaz Nuryýewiñ "Heýkelçi" goşgusynda Mikelanjonyñ kämil sungatyna şeýle baha berilýär:

Diňe bir mermer däl,
Ähli daşlaram,
Seretsem siňe,
Meňzeýär saňa.
Bürünjem,
Poladam.
Misdir demirem
Meňzeýär saňa.
Boýy göge ýetýän belent çynaram
Meňzeýär saňa.
Bili iki gujak ýüz ýaşly tudam
Meňzeýär saňa.
Alaňlardan akyp ýatan çäge-de
Meňzeýär saňa,
Gözüm ýetdi şol äňede-äňede,
Ýene ýüzlerçe zat
Meňzeýär saňa.
Bir olaň artykmaç ýerin aýyrmak
Hemem timar bermek galypdyr maňa.
Megerem, seň mertebäňe,
Aklyňa
Aşyk bolup dünýädäki barça zat,
Saňa meňzemäge çalşyp gezendir,
Eý, gözellik täji,
Beýik Adamzat.


Ömrüniñ ahyryna çenli ajaýyp eserleri döretmäge dowam eden Mikelanjelo ömrüniñ soñky ýyllaryny Rimdäki "Keramatly Pýotr" ybadathanasynyñ gurluşygyna berýär.
Beýik senetkär 1564-nji ýylyñ 18-nji fewralynda segsen dokuz ýaşynda aradan çykýar.

Mikelanjelonyñ meşhur sözleri

- Men suratkeş däl - heýkeltaraş.
- Gözellik - artykmaçlykdan saýlanmakdyr.
- Hemişe öwrenýärin.
- Hiç mahal öz dükanynyñ bähbidi üçin işleýän suratkeş ýa-da heýkeltaraş bolmadym.
- Mermere gysylyp galan perişdä gözüm düşdi we ony halas edýänçäm mermeri gazadym.
- Adamlar meniñ ussatlyga ýetmek üçin nähili köp işländigimi bir bilselerdi, şunça haýran galarlyk zadyñ ýokdugyna düşünerdiler.
- Oñat senetkär diñe mermeriñ içindäki şekili pikir edýändir. Daşyñ içinde doñup galan şekilleri öz ugruna goýbermek üçin şol ukyny diñe heýkeltaraşyñ eli bozup bilýändir.

# Internet maglumatlary esasynda taýýarlandy.
Категория: Şekillendiriş we heýkeltaraşlyk sungaty | Просмотров: 89 | Добавил: Hаwеrаn | Теги: Mikelanjelo | Рейтинг: 4.0/1
Всего комментариев: 6
0
6 myhman   [Mowzuga geç]
şol agzan kinolaryňyzy tapalyňda onda. internetden-ä kino indirip bilemok. gresiň bazaryndaky diskaçylarda bamykanaý şol kinolar.

-1
2 Orhideýa   [Mowzuga geç]
«Агония и экстаз»[en] (The Agony and the Ecstasy, США — Великобритания, 1965) — режиссёр Кэрол Рид

Х/ф «Весна Микеланджело» (Италия — США, 1990) — Режиссёр Джерри Лондон.

Спектакль Г. Мацкявичюса «Преодоление» (2010)
Д/ф «Микеланджело суперзвезда» (англ. Michelangelo Superstar)

Д/ф «Микеланджело. Бесконечность» (итал. Michelangelo — Infinito (Италия — Ватикан, 2018) — режиссёр Эмануэле Имбуччи

Х/ф "Грех" (Россия, 2019), в роли Микеланджело — Альберто Тестоне.

Mikelanjelo baradaky şu kinolaram görmegi ýatdan çykarmañ smile

-1
3 Hаwеrаn   [Mowzuga geç]
Nirden tapdyñ bulary?

-1
4 Orhideýa   [Mowzuga geç]
Wiki daýydan smile

1
5 mango   [Mowzuga geç]
Kançalowskiniň "Грех"-ini gördüm.
Gaty gowy kino. Her kime maslahat berýän.
Ideallaşdyrylan mikelanjelo däl-de başga bir mikelanjelany görkezýär.
Maňa hasam režisýor kançalowskiniň kadrlary ýarady.
Artistleriň kostýumlary - ajap (türkmen filmlerindäki ýaly täzeje eşikli däl).
Geň ýeri mikelanjelonyň roluny oýnan kişi artist däl.
Ol doktor, hemem edil mikelanjelanyňky ýaly burny döwülip gyraşan.
Hökmän görüň.

0
1 Orhideýa   [Mowzuga geç]
"Mermere gysylyp galan perişdä gözüm düşdi we ony halas edýänçäm mermeri gazadym"...
Heniz dõretmànkà ESERINI gõrüp bilýàn GENIÝ!

Имя *:
Email *:
Ähli smaýliklar
Код *: