01:19
Arzanladyş
ARZANLADYŞ

Uly dükan aýnasynda bir ajaýyp ýazgy bar:
"Şu günler ýarpy baha, aljaklara sahabatdyr!"
Höwes kylyp gadam basdym, misli geldi algydar,
Gürledenok pyrlanyp, doňup galdym, ne halatdyr?

- Gel, agamjan, geýip göräý, jinsi örän elýeter,
Ýene diýdi sumka salyp: - Nesip etsin, al göter!
Diýdim: - Inim, jinsi däl how, köýnek almak pul ýeter,
Diýdi: - Şolam bizde bar! Gaharyňa ne hajatdyr.

Diýdim: - Haryt anykmydyr. Güwä barmy malyňa,
Diýdi: - Ol-a haryt eken kepil ýog-a janyňa,
- Arzanladyş ýazgyňyz bar. -diýdim: - Beriň ýaryna,
- Haý, agamjan, o zatlar bilseň diňe mahabatdyr!

■ BAŞARJAK ZADYM

Söýgiň bilen seň gollaryň eldekä,
Mähribanym, diňe seni söýerin.
Tende ýürek, iň soňky söz dildekä,
Mähribanym, diňe seni söýerin.

Alnyňa päk söýgim ömürlik gelen,
Şemal däl, kä saga kä sola ýelen,
Mydama ajysy-süýjüsi bilen,
Mähribanym, diňe seni söýerin.

Söz bermerin altyn-kümüş köşgüni,
Bezegler däl, öýme bezär keşbiňi,
Belent tutman, ýerde goýup yşgymy,
Mähribanym, diňe seni söýerin.

Gahar-gazap käte eder agalyk,
Söýgi bitin, emma hyýal dagynyk,
Ynam bilen, ýöne-welin gabanyp,
Mähribanym, diňe seni söýerin.

Diýerin bolsaňam bir agyr dertde,
Döndürmez bu ýoldan hiç agyr şert-de,
Aýra salsa bizi uly serhet -de,
Mähribanym, diňe seni söýerin.

Meniň üçin sözleriňem ajap heň,
Söýgi halka, onda diňe sen we men,
Mydama däl, perzent bolsa şoňa çen,
Mähribanym, diňe seni söýerin.

Agramyň ýeňilmi agyrmy ýa-da,
Gözüňde äýnegiň bolsa-da kada,
Bir haýyştym, sen ynangyn bir zada,
Mähribanym, diňe seni söýerin.

Garalyk ýok bolsa saç bilen gaşda,
Bolsaňam hasaly ho:l togsan bäşde,
Olmesem, ýa nesip, şo töwrek ýaşda,
Mähribanym, diňe seni söýerin.

Ahmet ARAZOW.
Категория: Goşgular | Просмотров: 96 | Добавил: Ahmet | Теги: Ahmet Arazow | Рейтинг: 3.0/1
Всего комментариев: 3
0
3 Ahmet   [Mowzuga geç]
Bellikler üçin minnetdar, mango, nurgeldiyewam232! Göz öňünde tutaryn.

0
2 mango   [Mowzuga geç]
Söýgiň bilen seň gollaryň eldekä,
Mähribanym, diňe seni söýerin.
Tende ýürek, iň soňky söz dildekä,
Mähribanym, diňe seni söýerin.

Ahmet. Aýtmak isleýänleriňi şeýle bir çylşyrymlaşdyrýaň welin...
Bolýa, oň elleri seniň eliňde diýeli, emma oň söýgüsiniň seniň eliňdedigine nähil düşünmeli. “seniň söýgüň elimde, gitjek ýeriň ýok, menden sypmaýaň....” diýýän ýaly...
“tende ýürek” diýeňde “tenimden jan çykýança” diýjek blduň... emma tenäki ýürek dirikäňem ýerinde, ölükäňem.... belki, tenimde ýürek urýança ýalyrak diýmelidir.
“iň soňky söz”-em kelemei-şehadeti ýada saldy.
“Mähribanym, diňe seni söýerin” - şu sözler bilen ynandyrjak bolmagyňam jedelli ýaly “näme başa birinem söýjekdiňmi?” diýse näme? :-)

“Olmesem, ýa nesip, şo töwrek ýaşda”

Bogun sany päsgel bereni üçin “töweregi” maýyp edeniňden sözlük zapasyňdan başga sözleri gözläýmeli ekeniň. Baý dilimiz bara.
—-
Ahmet däde. Aýtmak isleýän pikiriň gysgadan çeper aýtmaga synanyşsana.
Öte bezejek bolmak, çylşyrymlaşyrak utuş däl(mikä diýýän).
Üstünliker.
(ýyldyz ýok)

0
1 nurgeldiyewam232   [Mowzuga geç]
"Istäp ki gözel ýary gördüm ki salamatdyr
Baş goýdum aýakyna "Tur" diýdi ne halatdyr.
Turdum diýdim:"Arzym bar"
"Arz eýle adalatdyr"
Diýdim:"Saña aşyk men "goý" diýdi "ne hajatdyr..."

Mollanepes.

Birinji goşgyñ beýan ediş stili şu goşgyny ýatlatdy.Nusgawy formanyñ ysynyñ gelip durmagyny menä haladym.Ýöne käşgä "Mollanepese öýkünme" ýa-da "Mollanepesiñ äheñinde" diýen ýaly ýazgyjyk goýsadyñyz depesinde.Ýa-da iki setir sitata da goýup bilerdiñiz.
Geleliñ pikrine.Gozgan temañyz seýrek gozgalýan tema.Aýtjak bolýan pikriñizem gowy.Degişme goşgy diýseñem boljak.Aýratynam jemleme ýylgyrtdy.
Ýöne şu ýeri:
"Diýdim "Inim jinsi däl how köýnek almak pul ýeter"
Pul ýeter geñ eşdildi.Elýeter diýsek gowy bolaýmasa.Ýada köýnek alsam pul ýeter diýmelimi.Özä şol ýeri logika ters.
Onsoñam "sumka salmak".
Erkek adamlar sumka göterýänmidir? Ýa erkek köýnegi alsañ sumka salyp berýärlermi?(alyp gørmämsoñ bilemok.Aýal gyzlara ha oñ ýaly hyzmat ýok) Paket diýip goýbermeli.Barybir ikisem türkmen sözi däl.Ýöne torba sözi neneñ bolarka şotak.Türkmençe bolar ýaly.Elbetde umuman alanyñda "super" goşgy.
Geleliñ ikinji goşga.Adaty söýgi murapbagy.Erbedem däl ýöne ýöntemräk görünýär.
Döredijilik üstünlikleri arzuw edýän!

Имя *:
Email *:
Ähli smaýliklar
Код *: