23:26
Ümsümlik we sen

ÜMSÜMLIK WE SEN

Aýyň ýagtysyndan düşek düşenip,
Ümsümligi bagyrtlapdyr köçeler.
Meger, bu gün duýgularma düşünip,
Aladalam azam bolsa, kiçeler.

Sebäp, demim ýeterimde sen barýaň,
Asyl, uly arzuwymam şudy meň.
Duýýan, häzir kese-kese synlanýan,
Bilýän, häzir bakyşlarmyz deňme-deň.

Gorkup birden synmagyndan çydamyň,
Men bir sözi diýjek bolýan ýaýdana.
Senem halys yş bereňok, gedemim,
Şol bir sözden telim ýola aýlana,
Gymmat düşjek mertligimden çekinip,
Şu pursaty bagt hasaplap, dymýaryn.
Kä çalt gepläp, kä peltekläp, sakynyp,
Şowhunyny duýman barýan dünýäniň.

Sapa HOMMADOW.

Категория: Goşgular | Просмотров: 95 | Добавил: Pegas | Теги: Sapa Hommadow | Рейтинг: 4.5/2
Всего комментариев: 4
0
4 Jumjume   [Mowzuga geç]
Arzuwyñ kiçelmegi bir hiliräk bolupdyr,Sapa!
Yöne goşgy gowy. Üstünlikler!

0
2 mango   [Mowzuga geç]
Şu pursaty bagt hasaplap, dymýaryn.
Kä çalt gepläp, kä peltekläp, sakynyp,
Şowhunyny duýman barýan dünýäniň.
—-
Galmagal turuzjak setirler.
Dymýakaň nädip çalt gepläp, peltekläp, sakynyp bilýäň, Sapa däde?
Ýa dymyp bolaňsoň peltekläp başladyňmy? :-)
Söz sizden.

0
3 Pegas   [Mowzuga geç]
Aslynda ol "dymmak" şol aýdyljak sözüň aýdylmazlygy babatda. A soňky "pelteklemeler, sakynmalar..." şol zoraýakdan "dymmagyň" oýny smile

0
1 Pegas   [Mowzuga geç]

Имя *:
Email *:
Ähli smaýliklar
Код *: