19:13
“A men seň toýuňda çabga guýdyryn!..”
"A MEN SEÑ TOÝUÑDA ÇAGBA GUÝDYRYN... "

A men seň toýuňda çabga guýdyryn!
Dünýänem, özümem ezerin gussa.
Adamlar Burkuda gargabersinler,
Men — zalym, hiç kime gulak hem asma:n,
“Guý!” diýsem,
“Hoş” diýer dertdeşim Asman.

Pälimden gaýtmadym, diýenim boldy,
Toýam dowam edip bilmedi oňly:
Ezildi gelinleň täze öýmesi;
Öçdi toýdan iren bagşynyň sesi;
Myhmanlar ör turdy saçak başyndan;
Hiç kimse datmady toýuň aşyndan
(Dogrusy, söýgimiň düşek aşyndan);
Kim çüýşäni, kim jüýjäni goltuklap,
Siňdiler çyrasyz obaň goltugna;
“Nädýäň-aý sen” diýýän ýaly, hamana,
Dostlarym ýaňsyly bakdylar maňa;
Wah, şonda ezildi gelin köýnegiň…
Arman, dünýäň süňňi myžžyk bolsa-da,
Öçmedi ýürekde ýanyp-köýmegim.
Hiç kömek etmedi Nuhuň tupany.
Şol ýigit mähirden gurdy-da gämi,
Ararat dagyna ýüzdi-de gitdi,
Dünýämi tupana dözdi-de gitdi.

Şonda-da emgenme, guýuber, çabga,
Saçymdan, ýüzümden syrygyp dur suw.
Hiç kim aňmaz ýaly — gözýaşmy, damja,
Guý,
ýene-de guý!

Baýram AKATOW.
Категория: Goşgular | Просмотров: 132 | Добавил: Pegas | Теги: Baýram Akatow | Рейтинг: 4.7/3
Всего комментариев: 9
0
9 nurgeldiyewam232   [Mowzuga geç]
Myhman,oýun edip soradym diýip gepe düşmezligimi ýuwmarlaýsammykam?! biggrin biggrin

0
8 myhman   [Mowzuga geç]
goşgy super bolmasa-da, gowja eken.

Hiç kömek etmedi Nuhuň tupany.
Şol ýigit mähirden gurdy-da gämi,
Ararat dagyna ýüzdi-de gitdi,
Dünýämi tupana dözdi-de gitdi.

bir hili, diläp getiren çagbasy özüne muşakgat bolan ýaly diýdim welin

Şonda-da emgenme, guýuber, çabga

diýäýdi.

mahym, jüýjeli ýerini oýun edip soradyň gerek?

meň düşünmedik ýerim: (Dogrusy, söýgimiň düşek aşyndan);

indi durmuş barada: öýlenýän oglan alýan gyzynyň öň başga biri bilen halaşandygyny (häzirem halaýan bolmagy ahmal (toy wagty)) bilýän bolmaly. sebäbi obaň oglanlary bilýär

“Nädýäň-aý sen” diýýän ýaly, hamana,
Dostlarym ýaňsyly bakdylar maňa;

0
7 nurgeldiyewam232   [Mowzuga geç]
Sag boluñ mango daýy kanagatlandym.Jüýje diýse janly jüýje göz öñüme gelýädä.

0
6 mango   [Mowzuga geç]
Gowy goşgy bolupdyr. Galamdaşdada okapdym.
Hindi kinolarary ýaly bolupdyr.
Ýöne, hindi kinosyny halamok.
Emma, goşgy gowy.

0
4 Pegas   [Mowzuga geç]
Baýram Akatow - Seýitnazar Seýdi adyndaky Türkmen döwlet mugallymçylyk institutynyň türkmen edebiýaty kafedrasynyň uly mugallymy, filologiýa ylymlarynyň kandidaty, edebiýatçy, goşgy hem ýazýar. Şoh adam özi)

0
3 nurgeldiyewam232   [Mowzuga geç]
Geleliñ Baýram Akatowa .Men bu şahyry ilkinji gezek okaýarmykam diýýän.(öñ okanam bolsam ýadyma düşenok.Ady ha tanyş ýalam.)We bu goşgy mende oñat täsir galdyrdy.Eger bu awtoram yzly yzyna terk edilen adamyñ nalasyna tutduryberen bolsa oñada Has daýa ýazan teswirimi ýazmakdan gaýra durmazdym.Soñky döwürä şol teswirimi Sapa Hommadowyñ goşgularyna ýazasym gelýär.Ine bärde goýdum.Ýazdym hasap.(Elbetde men ýazanym bilen awtor öz temasyny üýtgetmezem .Üýtgetse özüne gowy.O başga mesele.)

0
2 Pegas   [Mowzuga geç]
Şasenem, diliň peltekmi?)

0
1 nurgeldiyewam232   [Mowzuga geç]
Goşgyñ pikriniñ çuñlugy "dogalady".Beýan ediş stili pikirdenem has gowy.
Ýöne düşünmedik ýerlerimem bar:
"Kim çüýşäni kim jüýjäni goltuklap"
Toýda jüýje berilýärmi ýa jüýjäni ogurlap gaýdypdyrlarmy (eger şeýle bolsa adatdan daşary toý bolmaly.Birinji gezek eşidýän toýdan jüýje ogurlaýany)
Jemleme käşgä başgaçarak bolsady .Ýagyş ýaganynda gözýaşyñ gizlenýändigi owalam telim otarylan pelsepe.Liriki men söýeniniñ toýunda ýagyş ýagmagyny islemegini başga hili hem düşündirip bilerdi.Ýa da hiç hili düşündirmän has başgaçarak jemlemede tapyp bilerdi.Ýöne bu zatlaryñ ählisini bir tarapa goýsak ýañam aýdyşym ýaly goşgy "super".Awtoryñ beýleki goşgularnam okamak islegi döretdi.Galybersede awtora döredijilik üstünlikleri arzuw edýän!

0
5 mango   [Mowzuga geç]
Sorag: Toýda jüýje berilýärmi ýa jüýjäni ogurlap gaýdypdyrlarmy (eger şeýle bolsa adatdan daşary toý bolmaly.Birinji gezek eşidýän toýdan jüýje ogurlaýany)
——
Jogap: “Kim çüýşäni, kim jüýjäni goltuklap, Siňdiler çyrasyz obaň goltugna” dýende, toýda ýagyş, çabga ýagany sebäpli toýa gelen (arak iýçän) myhmanlar arak çüýşelerini we ýanynyň gowrulan jüýjelerini (läşge :-) goltuklap ýagyş ýagmaýanrak agajyň, teläriň, şoňa meňzeşiň aşagyna ylgaşlap ýerlerini üýtgetýäler....
Mahym hanym, jogap kanagatlanarly boldumy?

Имя *:
Email *:
Ähli smaýliklar
Код *: