13:58
Bethowen we onuñ döredijiligi
LÝUDWIG WAN BETHOWEN

"...Bethowen heniz bäş ýaşyndaka özüniň saz eserlerini ýazypdyr. Emma bu ilki bilen Bethoweniň çagalygynyň geçen iňňän amatly şertleri bilen düşündirilýär. Ol hiç hili saz guraly bolmadyk ýagdaýa, adamlaryň heň diýen zady bilmeýän ýagdaýyna düşen bolsa, ol hiç haçan sazanda bolup döremezdi."
W.Suhomlinskiý.[1]

Klassyky döwürden romantiki döwüre geçiş sepgidinde saz sungatyna uly goşantlary goşan hem-de ýaşap geçen iň meşhur we iň täsirli kompozitorlaryň biri hökmünde ykrar edilen nemes pianinoçysy Lýudwig wan Bethowen kim bolupdyr?
Lýudwid wan Bethowen 1770-nji ýylyň 17-nji dekabrynda Germaniýada dünýä indi.
Ony saz ugrundan okadan ilkinji mugallym öz kakasydyr. Kakasyndan soň Žil wan den Edenden organ saz guraly, Tobias Fridrih Pfeifferden klawişe boýunça tälim alypdyr. Frans Rowantini bolsa ony skripka we wiola saz gurallary boýunça taýýarlapdyr.
Bethowen bäş ýaşyndan başlap saz ugry boýunça ymykly bilim almaga başlapdyr. Hatda ony halypasy Pfeifferiň gije ýatyrka oýaryp, zor bilen okadan wagtlaram bolupdyr.
Halk köpçüliginiň öňünde ilkinji gezek 1778-nji ýylda çykyş edipdir.
Bethowen 1779-njy ýylda kompozitorçylyk ugry boýunça Kristian Gotlob Nefeden ilkinji sapaklaryny almaga başlapdyr. 1783-nji ýylda Kristian Gotlob Nefäniň kömegi bilen ilkinji sazyny döredipdir. Soňra ol Nefäniň assistenti bolup işläpdir.
Ilkinji üç pianino sonatasyny (“Kurfürst”) 1783-nji ýylda döreden Bethoweniň ajaýyp zehini baş ýepiskop Maksimilian Fridrihiň ünsüne düşýär we hemmetaraplaýyn goldanýar.
Bethowen 1787-nji ýylda Mosart bilen tanşyp, onuň bilen bile Wena gidýär. Wena gelenine iki hepde geçenden soň ejesiniň näsaglandygyny eşidýär we gyssagly yzyna dolanmaga mejbur bolýar. Şol ýyl onuň ejesi aradan çykýar. Ýanýoldaşynyň ölümi zerarly kakasy-da özüni spirtli içgilere aldyrýar. Netijede Bethowen özünden kiçi doganlarynyň garamatyny özi çekmeli bolýar.
Şular ýaly kynçylykly döwrüde aristokrat maşgalalaryň biri bolan Breýningler maşgalasy bilen tanyşýar. Breýningler bilen ýygjam gatnaşýar we olaryň çagalaryny saz ugrundan okadýar. Şol günler Germaniýanyň ýene bir aristokraty Kont Ferdinand won Waldşteýn bilenem tanyşýar. Bu tanyşlyk Bethoweniň mady hal-ýagdaýyny gowulanmagyna getirýär. Bethowen soň-soňlar özüniň güzeranynyň galkynmagyna kömek eden Kont Ferdinanda bagyşlap bir sonata hem ýazýar.
Kompozitor kanuny ýollar arkaly arakhor kakasynyň aýlygynyň ýarsynyň özüne berilmegini gazanýar. Netijede maşgalany güzerany hasam gowulaşýar. Şol bir wagtyň özünde ol saýlama köşkleriň orkestrlerinde wiola çalyp maşgalasyn eklemäge dowam edýär. Şeýle-de Mosartyň operalary bilen tanyşýar we tanymal fleýta wirtuozy Anton Reýha bilen dostlaşýar.

"Dünýäde ýekeje Bethowen bar..."

Bethowen buýsançly adam bolupdyr. Onuñ bu köplerde ýok häsiýeti barada şeýle gürrüñ bar:
Bir gezek Gýote bilen Bethowen bile ýöräp barýan ekenler. Öňlerinden ýurduň şasydyr mertebeli adamlary çykypdyr. Bethowen olaryň deňinden ýüz bermän geçip gidipdir. Gýote bolsa aýak çekäge-de, başgabyny çykaryp, baş egip salam beripdir.
Bethoweniň mertebeli kişilere ýüz bermän geçip gitmegi örän batyrgaý hereket. Gýotäniň başgabyny çykaryp salam bermegine bolsa, gorkaklyk hökmünde garalýar. Şonda Bethowen şeýle diýipdir: «Dünýäde ýekeje Bethowen bar, şalar bolsa köp». 

Wena döwri

Bethowen 1792-nji ýylda Wena gidýär. Şol ýerde Ýozef Gaýdn bilen işleşip başlaýar. Ýozef Gaýdn az wagtyň içinde Bethoweniň uçursyz zehinlidigini duýýar we oňa hemmetaraplaýyn hemaýat edýär.
Bethowen ilkibaşda kompozitor hökmünde däl-de, pianinoçy hökmünde at alýar. Şeýle-de bolsa onuň döreden sazlary XIX asyryň ahyryna çenli ýaşap geçen ähli kompozitorlara ýiti täsirini ýetiripdir.
Bethoweniň dokuz simfoniýasy, bäş pianino konsertosy, bir skripka konsertosy, bir pianino, skripka we wiolençel üçin üçugurly konsertosy, otuz iki sany pianino sonatasy we birnäçe oda sazy bar. Şol sanda “Fidelio” diýen bir operasy bar.
Saz döredijiligine juda jogapkärli çemeleşen, şeýle-de sazy, saz arkaly aňladylmak islenýän zady we sazyň tehnikasyny ýokary derejelere çykaran Bethowen saldamly we dramatiki saz eserlerini miras galdyrdy. Hususanam onuň “Op. 109” pianino sonatasy klassyky saz sungatynyň romantiki döwrüniň başyny başlady.
Ýaşan döwründe birnäçe gezek saglyk ýagdaýy ýaramazlaşdy. 1801-nji ýylda gulagynda nasazlyk ýüze çykdy 1817-nji ýylda eşidiş ukybyny doly ýitirdi. Kerligi onuň kämil sungatyna hiç hili böwet bolup bilmändir. Hatda ol meşhur “Dokuzynjy simfoniýasyny” gulagy eşitmeýän döwründe döredipdir. Bu barada belli ýazyjymyz Osman Ödäýewiñ "Hakyda topukçalary" eserinde şeýle diýilýär:
"Bethowen ýaşy gaýdyşansoň ker bolýar. Dünýäni owaz hökmünde kabul edýän, her bir gözelligiň reňkinden ozal owazyny eşidýän kompozitor ker! Örän eýmenç pajyga! Bu durmuşda şeýle gapma-garşylyk gaty köp. Dünýäniň owadanlygyna aşyk şahyrlaryň, gör, näçesi ker! Gomerden başlap!..
Bethowen men ker boldum diýip oturmaýar, saz guralyna özüniň paýhasy bilen döreden taýajygyny – saz guralyna diräp, sesiň yrgyldysyny duýup saz eserini ýazypdyr."
[2]
1827-nji ýylda sirroz keseli zerarly elli alty ýaşynda aradan çykan dünýä belli beýik kompozitory soňky ýoluna ugratmaga otuz müňe golaý adam gatnaşypdyr.

______________________________________
[1] W.Suhomlinskiý / "Ogluma ýazan hatlarym"
http://kitapcy.com/news/2020-08-26-12213
[2] Osman Öde / "Hakyda topukçalary"
http://kitapcy.com/news/2019-03-04-5610

# Internet maglumatlary esasynda taýýarlandy.
Категория: Aýdym-saz sungaty | Просмотров: 52 | Добавил: Hаwеrаn | Теги: Lýudwig wan Bethowen | Рейтинг: 5.0/1
Всего комментариев: 0
Имя *:
Email *:
Ähli smaýliklar
Код *: