12:14
Pähimler
PÄHIMLER

BAGT WE BETBAGTLYK HAKDA

- Almaga ökde, bermäge çökder adam betbagtdyr. Alşy ýaly, berip bilýän adam bagtlydyr.
Rudaky.

- Başa betbagtlyk inen mahaly adamlar bagt hakda oýlanyp, şoňa ýetmek üçin göreşmelidirler; şeýdilende betbagtlykdan üstün çykyp, öz bagtyňa ýetip bolar.
F.Gwiççardini.

- Betbagtlykdan gorkýan adam bagtly bolup bilmez.
Pýotr I.

- Öz ahyrlap barýan ömrüniň soňy bilen başyny baglanyşdyryp bilýän adam bagtlydyr.
W.Gýöte.

- Dür dänelerini deňziň düýbünden tapjak bolsaň uly görgi, öz bagtyňy tapmak weli ondanam agyr.
Sahyp Jemal.

- Ruhy belent adamlary bagtyň özi tapýar.
Hindi pähimi.

- Betbagtlyk kowum-garyndaşlaryň başyndan inen bolsa, diýmek onda seniňem gapyňy kakdygydyr.
- Iň uly bagt nikaly söýgüdir.
- Et garaňkyda bölünse, bagtly adam utýandyr. - Bagt üçin kanun ýok.
- Bagtyň gözi kör.
- Bagty tapmakdan, saklamak kyn.
- Bagt akylyňy baýlaşdyrýar, berbagtlyk iň soňkujaňy hem eliňden alýar.
- Özgäniň betbagtlygy bilen bagtly bolup bilmersiň.
- Täze bagt gözleseň gözle, ýöne könäňem elden giderme.
- Kimiň wyždany arassa bolsa, şol adam bagtlydyr.
- Bagtam aýna ýaly, ikisini-de döwmek itiň aňsady.
- Bagtam, betbagtlygam bir ýoda bilen barýar.
Nemes nakyllary.

- Kim özüne sarpa goýmaýan bolsa, ol betbagtdyr, özünden razy adam akmakdyr.
- Bagtlykaň – eselme, betbagtkaň – peselme.
- Ýuwaş ýöreseň – bela-beter yzyňdan ýeter, gyssanyp ýöreseň bela-beteriň yzyndan ýetersiň.

DOSTLUK HAKDAKY PÄHIMLERDEN

Ejizlän duşman zeper ýetirmez diýip oýlanmak, uçgundan ýalyn emele gelmez diýlen ýaly bir zatdyr.
Saady.

- Gazaplanmagyň gerek ýerinde, ýumşaksylygyň hajaty ýokdur. Ýumşaklyk edeniň bilen duşmanyňy dost edip bolasy ýok.
Saady.

- Meniň bilen birinji gezek sataşan ozal nätanyş däl-de, göýä ýigrimi ýylyň tanşy ýaly bolup gürleşen adamdan heder edýärin.
Ž.Ž.Russo.

- Ýalňyşmak adama häsiýetli zatdyr, şonuň üçinem onuň dostlary bar.
Duşmanyňy ýok etmek – uly hyzmat. Ýöne weli dostuňy halas etmek iň belent abraýdyr.
M.Gorkiý.

- Gorkak dost duşmanyňdanam ýamandyr. Çünki duşmanyňdan heder edýäň, dostuňa ynam bildirýäň.
A.Tolstoý.

- Dostuňy başyňa iş düşende tanarsyň diýýärler. Ýöne olary bagtly günleriňde-de tanamak bolýar.
Ç.Aýtmatow.

- Dost tutunjak bolsaň ýyllarboýy gerek, emma ony bir sagatda öýkeledip bolar.
Hytaý nakyly.

- Akylly duşmandan gorkma, akmak dostuňdan gork.
- Synalmadyk dost içi ýarylyp görülmedik hoz ýalydyr.
- Aty daga çykaňda, dosty başyňa iş düşende tanap bolar.
- Bal hödür eden däl-de, ýüzüňe hakykaty aýdan adam dostuňdyr.
Nemes nakyly.

- Batyry jeň, danany gahar-gazap, dosty mätäçlik synagdan geçirýär.
Arap nakyly.

- Ilden üýtegşik bolmasaň-da üýtgeşik diýip seni mahabatlandyrýan kişiden heder et, eýsem-de bolsa ol gerek wagty sende ýok nogsanlygy bar diýip külüňi çykaryp biler.
Gündogar pähimi.

- Dostuňam, duşmanyňam üç zatda synap bolar: ýola çykaňda, başyňa iş düşende, keselläniňde.
Gündogar pähimi.

- Köne dostam çakyr ýaly, näçe köne bolsa şonça-da gowy.
- It dostuň bolsa ne ýagşy, ýöne dostuň it bolsa näbileýin-dä.
- Dost edinmek üçin ilki bilen özüň dost bolmaly.
- Dostsuz başym – duzsuz aşym.

DOST WE DOSTLUK HAKYNDAKY PÄHIMLER

- Gowşak duşman zeper ýetirip bilmez diýip, pikir etmegiň özem uçgundan ýalyn tutaşmaz diýip pikir etmekdir.
Saady.

- Ilkinji gezekde meniň bilen nätanyş adam ýaly däl-de, edil ýigrimi ýylky tanyş ýaly gürleşýän adamdan heder edýärin.
Ž.Ž.Russo.

- Adam ýalňyşyp biler, şonuň üçinem onuň dost-ýarlary bar.
I.W.Gýote.

- Züwwetdin dostdan duşmanam gowudyr, çünki duşmandan howatyr edýäň, dostuňa weli bil baglaýaň.
A.Tolstoý.

- Dost başa iş düşende tanalýar diýilýär. Emma ony bagtly günleriňde-de tanamak bolýar.
Ç.Aýtmatow.

- Dost tutunjak bolsaň ýyllar gerek. Emma ony bir sagadyň içinde öýkeletmek bolar.
Hytaý nakyly.

- Synagdan geçmedik dost, döwülmedik hoz ýalydyr.
- Aýy bilen dostlaşsaň dostlaş, ýöne weli ýanyňda ýaragyň bolsun.
- Duşmanyňy goýun saýma, möjek saý.
- Nany bal çalyp berýän dost däldir, ýüzüňe hakykaty aýdýan dostuňdyr.
Nemes nakyllary.

- Merdi söweş meýdany, danany gahar, dosty mätäçlik öz synagyndan geçirýär.
Arap nakyly.

- Adam çyn dostsuz öz ýalňyşyny bilýän däldir.
Hytaý nakyly.

- Özüňde ýok häsiýetleriň üçin ýüzüňe öwýän kişiden gork. Çünki ol şol ýok häsiýetleriň üçinem saňa hüjüm edip biler.
Gündogar pähimi.

- Dostuňy bir gezek aldasaň, özüňi ömürlik aldaýansyň.
Täjik nakyly.

- Dostuňy hem duşmanyňy hem şu üç zatda: uzak ýolda, hasratda we kesel çagyň synap bolar.
Gündogar pähimi.

- Akmak kişiler bilen dostlaşmakdan, haramzadalar bilen duşmançylykdan saklan, çünki olar bilen dost bolsaň adyňa gara sürterler, duşman bolsaňam ýadara ederler.
Kürt pähimi.

- Köne dost hem çakyr ýaly, köp durdugyça, şonça-da berk bolýar.
Rumyn nakyly.

- Dosty ýok adam, köksüz daragta meňzeýär.
- Dostum diýip ýanyna köp gatnama, ýogsam ony ýitirmegiň ahmal.
- Dostluk islendik ýerde döräp biler. Ýöne ol mätäçlikde we başa iş düşende synagdan geçýändir.
- Dostuň bilen ýüzüňi kürşerdip hoşlaşma, belki-de, ony iň soňky gezek görjekdigiňi asla unutma.

ÝAGŞYLYK WE ÝAMANLYK HAKDA

- Kim çyny bilen ýamanlygy ýigrenmeýän bolsa, onda ol ýagşylygy hem çyny bilen söýýän däldir.
Romen ROLLAN.

- Ýagşylyk edenden boljak bolmaklyk ýaly erbet zat ýokdur.
Lew TOLSTOÝ.

- Ýagşylyk ýok ýerde hakykaty gözleme.
Item özüne ýal berýän adamy unutmaýar.
ABHAZ NAKYLY.

- Bu dünýäde üç zadyň bahasy ýokdur – iýmitiň, owkadyň, hoş sözüň.
GADYMY HINDI PAÝHASY.

- Gowy adamlaryň ilki pikiri, soň bedeni garraýar, erbetleriň pikirleri weli şo-ol öňküliginedir.
GADYMY HINDI PAÝHASY.

- Erbet adamlara alymlyk jedel etmek üçin gerek, pul ulumsylyk üçin, häkimlik zulum etmek üçin gerek bolýandyr. Gowy adam üçin bolsa tersine: alymlyk bilimini, dünýägaraýşyny artdyrmak üçin, pul haýyr-yhsan üçin, häkimlik bolsa öz ýakyn kowum-garyndaşlaryny goramak üçin gerekdir.
GADYMY HINDI PAÝHASY.

DOST, DOSTLUK HAKDAKY PÄHIMLERDEN

- Dostuň ýoklugy hemem dostlaryňy çalşyp ýörmegiň ikisi hem aýyp zatdyr.
Sokrat.

- Näme diýsem baş atyp, bada-bat ylalaşýan, meňkä görä pikirini üýtgedýän dost maňa gerek däl. Çünki meniň kölegämem muny gowy başarýar.
Plutarh.

- Toprakdan önýän önümler ýylda bir gezek miwe berýär. Dostluk miwesi hemme wagtam hasyl berýär.
Pifagor.

- Dostuň seniň bükrüligiňi görmesin diýseň, sen onuň eňegine seretme.
Gorasiý.

- Geldi-deçerler bilen tanyş bolanyňdan, ýekeligiň ýagşydyr.
Omar HAÝÝAM.

- Gowy dost toýuňa çakylyk bilen gelse-de, başyňa iş düşende çakylyga garaşyp oturmaly däldir.
Demokrit.

- Adamy aldamagyň iň aňsat we iň ýönekeý ýoly – olam oňa dost bolan bolmakdyr.
Owidiý.

- Duşmanyňdan ar almagyň iň gowy täri oňa meňzemezlikdir.
M.Awreliý.

HAKYKAT HAKDAKY PÄHIMLER

- Hakykat mahal-mahal öçügsilense-de ol hiç haçan sönmeýär.
Liwiý.

- Hakykat hiç mahalam syrly bolup galanok.
Leonardo da WINÇI.

- Hakykat hakykata ters gelmeýär.
Jordano BRUNO.

- Kimem bolsa biri hakykatdan ýüz öwürýän bolsa, munuň üçin hakykat däl-de, onuň özi horluk çeker.
Galileý.

- Hakykat hemişe galpy ýeňýändir.
I.Bualo.

- Adamyň ýigrimi etmişini hem bagyşlap bolar, ýöne hakykata hyýanatyň ýekejesinem bagyşlap bolmaz.
D.Lokk.

- Bulaşyklyga sary müň ýol barýar, hakykata weli birje ýol.
Ž.Ž.Russo.

- Geniden edilýän ilkinji we iň soňky talap – hakykata bolan söýgüdir.
I.W.Gýote.

- Iň güýçli isleg – hakykata göz ýetirmek islegidir.
Gegel.

- Töhmetdenem aýylganç ýarag – hakykatdyr.
P.Taleýran.

- Hakykat – saglygyňy dikeltmäge ýardam berýän tagamy ýakymsyz ajy içgi ýaly bir zatdyr.
O.Balzak.

- Äleme ýagtylykdan gorkýan baýguşuň gözi bilen seretmäň, şonda siz hakykatyň bardygyna we onuň ähli zada ýetişýändigine göz ýetirerdiňiz.
T.Karleýl.

- Öz diliniň näme diýýänine esewan bolmaýan adamyň ýanynda hakykat ýokdur.
Mahatma GANDI.

- Ölenleri diňe ýagşylykda ýatlamagy maňa ýatlatdylar. Men olara bu sözleriň aňyrsynda taryhy galplaşdyrmak bar diýip aýtdym. Şo sebäplem ölüler hakda diňe hakykaty aýtmaly.
M.Andersen – Nekse.

- Galplyk bir aýagynyň, hakykat iki aýagynyň üstünde dur.
Amerikan nakyly.

- Özüňde bolmasa, hakykaty kesekilerden gözleme.
- Hakykat suddan gorkanok.
- Hakykat Günden ýagty.
Nemes nakyly.

WATAN HAKDAKY PÄHIMLER

- Keseki ýurtda şa bolandan, öz iliňde geda bol.
Nyzamy.

- Öz ýurduna näbelet adam, özge ýurtlary näbilsin.
I.W.Gýote.

- Dogduk diýar eneň bolsa, keseki il – öweý ene.
- Dogduk diýaryň gargasam gözüňe yssy.
- Watanyndan ýüz öwren adam öz wyždanyndan hem ýüz öwürýändir.
- Ýaryndan aýrylan ýedi ýyl aglar,
- Ilinden aýrylan – ölinçä.
- Watandan aýrylan adam tohumsyz topraga meňzeýär.
Arap nakyly.

- Keseki iliň ýazam ýaza meňzeş däl.
Nemes nakyly.

Toplan: Allaýar ÇÜRIÝEW.
Категория: Sözler | Просмотров: 94 | Добавил: Hаwеrаn | Теги: Allaýar Çüriýew | Рейтинг: 0.0/0
Всего комментариев: 2
0
2 Bagabat   [Mowzuga geç]
"Adamzat döräli bäri" diýjek boldum. Keçiresiz.

0
1 Bagabat   [Mowzuga geç]
Adamzat döräli dünýe pähimden doly. Ýöne, durmuşam, tejribede edil, tüm-garaňky gijede öňüňde ýatandygyny görmeýän kätmenpisint bir zat. Her kim hökman oňa basyp, sapy maňlaýyna ýelmenip görmeli. Köplenjem bir gezegem däl-de, nijeme sapar.

Имя *:
Email *:
Ähli smaýliklar
Код *: