02:17
Sensiz
SENSIZ

Adyrlykda aýak yzym galmaz-a,
sensiz meň,
Ýüreklerde süýji sözüm galmaz-a,
sensiz meň.

Sensiz birjigem birikmerin beýiklere,
Sensiz söýgi solar, çatylaryn çüýrüklere,

Seni,
sähralaryň sazynda tapdym,
akarlaň owazynda,
okaýanlaň gomunda,
ÿyldyzlaryň sanynda,
ÿüregimiň sözünde,
Seni,
ÿyllarymyň ýazynda tapdym
Ýyllarymda ala ýazym galmaz-a,
sensiz meň.

Erbetlerden gutulyp,
hapalardan atylyp,
ÿalançydan dartylyp,
seň mukaddes gujagyňda aram men
Diňe seniň kelamyňda ýüzýärin.
diňe seniň owazyňy ýazýaryn,

Sensiz senalarym sarsdyrmaz dagy,
sensiz günälerimi aýyrmaz agy,
dillerimde päk owazym galmaz-a,
sensiz meň.

* * *

Seni söýelim bäri sözlerime gabanýan,
guşlara-da guwanýan,
ÿabany otlara,
güldür öýdüp abanýan,
Seni söýelim bäri,
Seň saçlaryň tolkunyn,
gizläp ähli gözlerden,
diňe özüm seredýän,
seň sözleriň söýegne,
diňe özüm söýenýän,
Seni söýelim bäri
Gözellikde siňe gözüm galmaz-a,
sensiz meň.

Uçut gaýalardan uçan mahalym,
daglaň kükreginden geçen mahalym,
günüň alkymynda dyzyma çöküp,
ÿüregimiň seplerini açan mahalym,
güneşiň gözünde saňa seredip,
çalan mukamlarym sarsdyrdy ýeri,
şelpelemde seň barmaklaň şaglady,
perdelemde seň dodaklaň aglady,
dutarymda batly sazym galmaz-a,
Sensiz meň.

( 30 ýyl mundan öñ ýaş wagtymda kagyza göçûren setirlerim)

Ybraýym BADAHŞAN.
Категория: Goşgular | Просмотров: 88 | Добавил: ibrahimbadakhshan | Теги: Ybraýym Badahşan | Рейтинг: 4.7/3
Всего комментариев: 6
0
6 nurgeldiyewam232   [Mowzuga geç]
Öz-özüme test:
Ybraýym daýyñ goşgularyndan haýsysyny haladyñ?
a)gojalyk(şol goşgyñ ady şeýledi öýdýän)
b)sensiz
ç)ikisem
d)hiç biri

Jogap: b)sensiz.

Ybraýym daýy ine meniñ goşgudan agtarýan çuñlugyma ýetipsiñiz.Gutlaýan.
Pikriñizi beýan ediş stiliñizde erkin forma ýüz urmagyñyz pikriñizi hasam arkaýyn beýan etmegiñize getirýär.Menem ýuwaş-ýuwaşdan şol "erkinlige"barýan.Käşgä hemme šahyrlarymyzam şony saýlasa.Ýöne elbetde arasynda kapyýaly goşgularam okamak gowy.
Sensiz meñ sözi her bendiñ ahyrynda diýen ýaly gaýtalanyp owadan sazlaşyk emele getiripdir.
Indi bir suwuñ ýüzüne çykmaweriñ.Düýpde ýüzmegiñizi dowam ediñ.Döredijilik üstünlikleri arzuw edýän!

0
5 myhman   [Mowzuga geç]
mango, ýyldyzlara senden alaýmaly. eliň açyk eken.
Seni söýelim bäri sözlerime gabanýan,
guşlara-da guwanýan,
ÿabany otlara,
güldür öýdüp abanýan,
Seni söýelim bäri,
Seň saçlaryň tolkunyn,
gizläp ähli gözlerden,
diňe özüm seredýän,
seň sözleriň söýegne,
diňe özüm söýenýän,
Seni söýelim bäri
Gözellikde siňe gözüm galmaz-a,
sensiz meň.
şu ýerini, soňky iki setire ýetýänçäm, aýry goşgymyka öýdüpdirin. su ýeri gowy eken. aýratyn goşgy bolmaga-da, bäş ýyldyz almaga-da mynasyp.

0
4 mango   [Mowzuga geç]
Dört ýyzzyl basylandyr.
(bäş basmadym, sebäbi bäşi bassyrmaga höwesiňi artdyrmak üçin).

0
3 mango   [Mowzuga geç]
Seni söýelim bäri,
Seň saçlaryň tolkunyn,
gizläp ähli gözlerden,
diňe özüm seredýän,
seň sözleriň söýegne,
diňe özüm söýenýän,

Ine, bu ýeri welin Ybraýym däde, haýranymy hekgertdi.
Beter gawy!
Ähli gözlerden, sözlerden gizleýşiň ajaýyp.
Ine, gabanmak, ine mährem... (ine intim diýsem bolarmyka?)
Ine erkeklik, ol tolkun saçlary ähli gözlerden gizlemegiň, ol sözleriň söýegne diňe özüň söýenmegiň...
—-
Gyz bolan bolsam bu sözlerden soň ol saçlarymy gizlärdim (diňe golaýjyymdan başgasyndan).
Erkek bolanym üçinem ol saçlary gijem bolsa başga gözlerden gizlemegini haýyş etjek... :-)
Ybraýym. Otuz ýyllyk tozan basanam bolsa gowja goşgularyňa minnetdar.

0
2 mango   [Mowzuga geç]
galmaz-a”-laram owadan bolup biler, meň özümä “sensiz meň”-leri has owadan gördüm.
—-
“ Erbetlerden gutulyp

halas bolmak, dynmak... ýaly manysy bolan bu söz häzir türklerde “kurtulmak” görnüşinde ulanylsa-da bizde diňe sagalmak, saglygyňa gowuşmak, keselden saplanmak manysynda ulanylýar öýdýän. Aslynda, edil keselden gutulup bolşy ýaly erbetlerdenem gutulyp bolýan bolmaly.
—-
“ Seni söýelim bäri sözlerime gabanýan

“sözlerimden gabanýan” bolmalymyka?
—-
“ÿabany otlara,
güldür öýdüp abanýan

“abanmak” gödek eşdilenokmy?
“Üstüme abanyp durma” diýilnde islenilmeýän hereket üçin otrisatel aýdylýan söz. Otam bolsa ony gül hasaplanyňa, garaz gülüňe näme sebäpden abanjak?

0
1 mango   [Mowzuga geç]
Adyrlykda ( agyrlykda) aýak yzym galmaz-a,
—-
okaýanlaň gomunda, (okeanlaň)
—-
Täzeden göz gezdirip ýalňyşlary düzediläýse....

Имя *:
Email *:
Ähli smaýliklar
Код *: