20:37
Medeniýet Şahberdiýewanyñ ýatlamalaryndan
MEDENIÝET ŞAHBERDIÝEWANYŇ ÝATLAMALARYNDAN

— 1964-nji ýylda ýurdumyzyň ozalky Magtymguly adyndaky opera we balet teatrynda «Leýli we Mežnun» atly opera sahnalaşdyrylýardy. Maňa bu operada Leýliniň keşbini döretmek ynanylypdy. Köpden bäri, kalbyma ýakyn hasaplan bu keşbi döretmegiň arzuwynda bolamsoň, gije-gündiz diýen ýaly Leýli gyzyň başdan geçirýän täsin wakalaryny özümiňki ýaly kabul edip, onuň ýerine ýetirýän aýdymlaryny ilik-düwme diýen ýaly öwrenýärdim.
Şol günleriň birinde zehinli kompozitor Nury Halmämmedow teatra gelip, maňa täze aýdymlaryň notalaryny görkezdi. Ol belli artist, kinorežissýor Alty Garlyýewiň surata düşüren «Aýgytly ädim» atly çeper filmi üçin aýdymlary ýazandygyny gürrüň berdi. Kompozitor N.Halmämmedow bu çeper film üçin «Hüwdi», «Aýnanyň aýdymy» atly öz ýazan aýdymlaryny ýerine ýetirmegimi haýyş etdi. Men onuň teklibine begendim. Öz ýanymdan bu aýdymlary içginden-içgin öwrenip ýerine ýetirmegiň aladasy bilen boldum. Ol aýdymlaryň notalaryny maňa goýup, birnäçe günden habar tutjagyny aýdyp gitdi.
Kompozitor N.Halmämmedowyň döredijiligi bilen ýakyndan tanyş bolamsoň, onuň hemişe ajaýyp aýdym-sazlary döredýändigine begenýärdim. Onuň ýaşlygyna garamazdan milli aýdym-saz sungatymyzyň ösmegine saldamly goşant goşýandygyna buýsan- ýardym. Aradan birnäçe gün geçenden soňra ol ýene-de meniň ýanyma geldi. Şonda men oňa bu aýdymlary zehinli aýdymçy Güljan Hümmedowa görkezmelidigini aýtdym. Sebäbi men şol günler Leýli gyzyň aýdymlaryny aýtmaga uly höwes bildirip, täze sahnalaşdyrylýan operada çykyş etmek isleýärdim. Bu opera meni özüne imrindirip, erkimi elimden alypdy. Mundan başga-da Güljan Hümmedowa zehinli aýdymçydy. Men öz boýdaşymyň bu aýdymlary ussatlyk bilen ýerine ýetirjekdigine ynanýardym.
Kompozitor N.Halmämmedow meniň pikirimi alga alyp, aýdymlary G.Hümmedowa beripdir. Ol aýdymlary ussatlarça ýerine ýetirdi. Aý-gün aýlanyp çeper film tomaşaçylara görkezildi. Kinorežissýor A.Garlyýewiň surata düşüren «Aýgytly ädim» atly çeper filmi dünýäniň köp döwletlerinde geçirilen halkara kinofestiwallara gatnaşyp, baýrakly orunlara mynasyp boldy. Bu çeper film arkaly dünýäniň sungat muşdaklary milli medeniýetimiz, sungatymyz bilen ýakyndan tanyş boldy. Belli aýdymçy G.Hümmedowanyň ýerine ýetiren aýdymlary çeper filme aýratyn bezeg berip, onuň milli öwüşginde bolmagyna täsir etdi.
Bu wakadan bäri, ep-esli ýyl geçdi. Ýöne halkyň hakydasynda hemişe ýaňlanýan aýdymlaryň owazy serime dolanda men şol yzda galan ajaýyp pursatlary ýatlaýaryn. Has dogrusy, şol ajaýyp pursatlar kalbyma dolup, ruhumy belende göterýär. Şonda göz öňümde milli aýdym-saz sungatymyzyň ösmegine saldamly goşant goşan kompozitor N.Halmämmedow bilen aýdymçy G.Hümmedowanyň nurana keşpleri janlanan ýaly bolýar.
Категория: Teatr we kino sungaty | Просмотров: 120 | Добавил: Orhideýa | Теги: Medeniýet Şahberdiýewa | Рейтинг: 0.0/0
Всего комментариев: 9
0
7 nurgeldiyewam232   [Mowzuga geç]
Düzediş:Myhman, "Kyrk ýylda ýazylan kitap".

0
8 myhman   [Mowzuga geç]
sag bol

0
9 myhman   [Mowzuga geç]
ýatkeşligim käwagt utandyrýa şunýaly.

0
6 Arkaýyn   [Mowzuga geç]
Onsoňam, şol baýraklary aldy diýip "jypdyraýanda" näme bolýa? "Oskary" alan haýsy filmiň şol filmden artykmaçlygy bar? Belki "Oskara" hödürlenen däldir, ýöne hödürlenip, hiç zat berilmedik ýagdaýynda-da, kinokritikler özlerinden görsünler. Birnäçe baýraklara mynasyp bolan "Gelin" kinosy barada Maýa Aýmedowaňam ýatlamalary bardy. Şony goýan bolsalaram, "ýapon zenanlarynam aglatdym" diýip, M. Aýmedowa öwünipdir diýäýmegiň gaty mümkin

0
5 Arkaýyn   [Mowzuga geç]
Orhideýa, Mangoň başga bir saýtdaky ýaly Medeniýet Şahberdiýewaň şypbygyna ýetmedigine şükür et. Makalaň dili barada aýdylanda bolsa, onuň dili Mangoň öwüp 4 ýyldyz goýan "Sensiz" goşgusyna sapak beribem biljek

0
3 Orhideýa   [Mowzuga geç]
mango dogan bilmän akyl satmagy menem oñarýan. Sizä tüweleme beterem oñarýañyz. Makalany menem redaktirlemedim, şu saýtyñ adminlerem yeke harpyna degmändirler. Ine okan yerimden bolşy yaly göçürip goydum:
https://turkmenteatrlary.gov.tm/item/888

0
4 mango   [Mowzuga geç]
Orhideýa dogan. Bir uludan demiňizi alyň.
Men size makalany redaktirlediňiz ýa-da adminler redaktirledi diýen ýerim ýok. Diýen zadym “makanany redaktirleýänlere” degişli. Özüňize çekmäweriň, esasanam bu makalaň awtory, redaktory siz däl bolsaňyz...
Ýöne, alynan ssylkany görkezip dogry edipsiňiz. Şony ýokaryk, makalaň soňjagazyna goýsaň hasam ýerine düşer.
—-
Bir gezek uly gazetleň birinde bir meşhur bagşyň oglunyň öz kakasy baradaky ýatlamalaryny beripdirler. Şonda makalany taýýarlaýan redaktor ol ýatlama ýatlaýan oglunyň adyndan şu günlerimizi wasp edýän jümlejikleri özünden goşup göýberýär..... masgara bolunan ýerem şu: ol bagşyň ogly ol redaktoryň waspyny ýetirden bu günlerine ýetmän ýurduny täzelänligi..... garaz bir ölüni özüçe gepledip göýberýädä häki redaktor.....
—-
Medeniýet Şahberdiýewa hormatymdan ondan eşitjek ýatlamalara gyzyklandym. Okadym.
Kellä gelen soraglaram orta atdym.
Makalada Medeniýet hanymdan çykmajak jümleleriň bardygynam bellediler.
Isleseňiz sizem öwrenip görüň “aýgytly ädim” haýsy halkara kinofeswallaryň baýragny aldy. Buütünsoýuz däl halkara....
Halkara kinofestiwala gataşandyr - dogry.
Ýöne, baýragyny soradyk.
Somagam akyllysyramaga gienokdyra....

0
2 myhman   [Mowzuga geç]
şunuň ýaly ýatlamalary gowy görýän. içindäki "saldamly goşant goşdy", "baýraklara mynasyp boldy" ýaly sözlerem özüň redaktirläp goýberäýmeli. ýatlama ýazýanlaň hemmesi ýazyjy däl bolansoň, oçerkleriň çeperçiligine kän ünsem berip duramok. esasy ýatlanýan zat gyzykly bolsa bolany meň üçin. "40 ýylda ýazylan eser" ýaly çeper ýazylan bolsa, oňa ýetesi zat ýok.

0
1 mango   [Mowzuga geç]
... «Aýgytly ädim» atly çeper filmi dünýäniň köp döwletlerinde geçirilen halkara kinofestiwallara gatnaşyp, baýrakly orunlara mynasyp boldy.
—-
Baýrakly orunlara mynasyp boldy diýip umumy aýdayp, konkret görkezmänsoň, hemem gyzyklananym üçin gözledip gördüm haýsy halkara baýraklary aldyka diýip....

Ine baýraklary:

Государственная премия Туркменской ССР имени Махтумкули. (1966).
Специальная премия Всеиндийской ассоциации любителей кино МКФ в Дели (1966 год).
Почетный диплом за исполнение женской роли (О.Дурдыева),
Почетный диплом за лучший революционно-романтический фильм для юношества Смотра-соревнования кинематографистов Средней Азии и Казахстана (Ашхабад, 1966 год).
Вторая премия II-ого Всесоюзного кинофестиваля «За историко-революционный и исторический фильм» (Киев, 1966 год).

Kino gaty gowy, hemme tarapdan, hakykatdanam türkmenfilmiň iň şowly filmleriniň biri... ýöne ýokarda agzalyşy ýaly halkara kinofestiwallaryndan baýraklary ýok ýaly....
(käbir ýagdaýda makalany redaktirleýänler kellesine görä “jypydybermesem” bolaýýar).

Имя *:
Email *:
Ähli smaýliklar
Код *: