13:11
Öýe barýan
ÖÝE BARÝAN

Goltugymda torbam, kellämde obam,
Serediň, adamlar men öýe barýan.
Doganym, gardaşym, ýakynym, käbäm,
Göterip ýadymda men öýe barýan.

Perron, iteleşik, käýinýär daýza,
Käbämi ýatlaýan darykman gaýta.
Ýylgyrýan hem öýe barýan.

Küpedeş uz gelin näz edip baksa,
Ýassykdaşym, galdyr başyň sen kada,
Oýlanýan hem öýe barýan.

Ýol kesýär otuz bäş-kyrk ýaşly adam,
Şol ýaşlarda dünýä çalşypdy kakam,
Meňzedýän hem öýe barýan.

Ilki otly, soňam awtobus haýal,
Her ädimde düşýär erkekmi aýal.
Howlugýan men öýe barýan.

Ahyr dabanlarym topragy basýar,
Bu ýerde üýtgeşik zemin hem asman.

Ýok, size üýtgeşik, özüme öňki,
Bar zatda yzym bar, hemme zat meňki.

Birem üýtgemändir üýtgeşik ýerler,
Şol oba, şol derýa, şol gök kepderler...

Siňip gidýän şol üýtgewsiz durmuşa,
Bir görsem men gapymyzda durmuşym.

Reňki soýlan gapy açylýar çala,
Mähriban ynsanlam topulýar maňa.

Topulýar barysy, birisi galman,
Ýöne bäş sanyjak barysy, arman.

Tapmarsyň olara milion içre taý,
Hem binalar içre şeýle mährem jaý.

Ýok, biri topulmaz görmedik bolar,
Ah, türkmeniň däbi, ah, sen gündogar...

Demläp döküşdirer demli çäýnegi,
Asla seň ýüzüňe bakmazam göni.

Söýgi gizlenmeli bu köne adat,
Söýgi gizlenmeli, hany adalat?

Ganda endik hökmün ýöredýär ýene,
Ýalbarýan ýüz ýyllyap batmajak Güne.

Gijeler suwa düş söýgiň howruna,
Hijran tagam berer wysal döwrüne.

Hormat-sylag bilen töre geçýärin,
A men bosagada durun obamyň.

Ilersi gaýrasy gaýzygan sähra,
Ortada ýylan deý towlanýar Murgap.
Obaň guw sürüsi goşa kenara,
Gonupdy bir pasyl dynç almak isläp...

Baýram AKATOW
Категория: Goşgular | Просмотров: 65 | Добавил: Ahmet | Теги: Baýram Akatow | Рейтинг: 3.0/1
Всего комментариев: 1
0
1 nurgeldiyewam232   [Mowzuga geç]
Bää.Asyl men muny okaman ekenimä.Başyny okap adaty murapbagdyr öýdüpdirin.Öýüne howlukýan adam.
"Ýassykdaşym galdyr başyñ sen kada"
Näme diýjek boldy?Kaýda diýjek bolan ýalyla.Şol setirde logika ha ýok.Durmuşy temadan ýazylan goşgyñ içinden söýginiñ eriş-argaç bolup geçişi ajaýyp.
Iñ halan ýerlerimem hormatly maşgalasy hakynda aýdan sözleri:
"Ýok biri topulmaz görmedik bolar
Ah türkmeniñ däbi ah sen gündogar"
Süýjümtik ýylgyranyñy duýman galýañ.
"Ýalbarýan ýüz ýyllap batmajak güne"
Bulam gowy.
Goşgyda ýene bir logika ýitýän ýeri bar:
"A men bosagada durun obamyñ"
Bosagasynda bolmaly ýöne bogny sazlamak üçin başga zat diýmeli.Meselem:"A men bosagañda durun eý obam.!"
Birem şeýle gowy goşgyñ soñy bašgarajyk jemlense gowy Adaty ýaly görünýän çuñ manyly goşgy.Poeziýasyny halaýan awtorlaryma ýene biri gelip goşuldy diýip arkaýyn aýdyp bilerin.Awtora döredijilik üstünlikleri arzuw edýän!

Имя *:
Email *:
Ähli smaýliklar
Код *: