11:42
Ussadyñ ýoly
USSADYŇ ÝOLY

Oçerkçi ýazyjy Kakaly Berdiýew bilen söhbet

Oçerkçi ýazyjy Kakaly Berdiýew altmyş ýaşlarynda şäherden oba göçdi. Muny hiç kim geň görmedi. Çünki onuň gahrymanlarynyň aglabasy oba adamlarydy. Ol oba durmuşyny hiç kimden sorap bilmeli däldi. Gökdepäniň Noba obasy onuň dogduk mekanydyr. Indi ýigrimi ýyldan gowrak wagt bäri segsen dört ýaşly Kakaly Berdiýew oba adamlarynyň arasynda ýaşaýar. Garaşsyzlygymyzyň ilkinji ýyllarynda ussat ýazyjy halkymyzy ruhlandyryjy oçerkleriniň, gör, näçesini ýazdy.
Halypanyň halyndan habar almak üçin Nowa obasyna ýola düşdük. Bu gezegem Kakaly aga bizi ýitirip tapan ýaly garşylady. Adatça bolşy ýaly, çaý başynda dost-ýarlary, geçilen ýollary, tanyş-bilişleri ýatladyk. Kakaly aga dünýä meşhur ýazyjy Berdi Kerababaýewi ýatlady:

– Berdi aganyň öwüt-ündewleri şu günki ýaly ýadymda. Ol: «Pylan zady şeýtdim» diýmeýärdi. Hemişe: «Şeýdiläýse nähili borka?» diýip, eýýäm karara gelen meselesinde-de töweregindäkilere sala salardy. Onuň il bähbitli bitiren işleriniň hetdi-hasaby ýokdy. Men onuň ýazyjylygynyň daşyndan bitiren işiniň gürrüňini edýän.
Edil myhmanparazlygy ýaly, Kakaly aganyň ýoldaşa, dost-ýara hemişe eli açykdy. Ençeme ýyllaryň dowamynda bile tirkeşen adamlar onuň sahylygyna juda beletdiler. Ýaşulynyň parasatlylygyna haýran galaýmalydy. Işde-de, öýde-de, gezelençde-de her hili ýagdaýa duçar bolanda-da – ýekeje gezegem onuň hemleli geplänine duşmadyk. Käýemeli pursatlaram asuda gepläp düşündirýärdi.
– Sabyrlyrak bolaýarlar. Iň soňundan aýdylmaly sözi ilki aýdýarsyňyz, aralyga ýer goýaňzok. Gyzmalykdan peýda ýokdur – diýerdi.
Halk şahyry Ata Salyh bilen onuň ömrüniň soňky döwürlerinde Kakaly aga köp gezek duşuşmak, tirkeşmek, oturyşmak miýesser bolupdyr. Ol öz sulhunyň alşan adamsy bilen ýaş bolsa ýaş, ýaşuly bolsa ýaşuly, daýhan bolsa daýhan, gullukçy bolsa gullukçy... bolup gürleşmegi başarýardy. Şonuň üçin-de Kakaly aga şahyrdan ýigrimi ýaş töweregi kiçi hem bolsa, ol onuň bilen edil deň-duş ýaly söhbet edýär. Bu gezek ol Ata Salyh bilen bolan bir wakany ýatlady:

– Ata Salyh gaty ýatkeş adamdy. Bir gezek Ata Salyh bilen Pöwrizä (häzirki Arçabile), gezelenje gitdik. Ol ýerde uzynly gün degşip-gülşüp, hezil edip dynç aldyk, ýadawlygymyz zym-zyýat bolup, göwnümiz ýaz ýaly açyldy. Gezelençden gaýdyp gelýärkäk, ol maňa ýüzlendi-de:
– Kakaly, «Altyn çeşmede» bir düşläp geçeli-le. Maşyn gidibersin, biziň özümiz baraýarys – diýdi.
Howa yssydy. Çeşmäniň başyna baran badymyza, Atam (men oňa şeýle ýüzlenýärdim) çeşmäniň janyňa şypa berýän buz ýaly suwundan heziller edinip, gaýta-gaýta içdi. Çeşmeden ganyp, ep-esli wagtlap, onuň hüwdüleýän ýaly hoş owazly sazyny diňläp, lezzet alanymyzdan soň, ýola çykdyk. Biz ilkinji duş gelen awtobusy durzup, mündük-de, Aşgabada ugradyk. Tomus pasly bolansoň, maşynyň içi adamdan doludy. Dyknyşykdan ýaňa biri-birine igenýänleriň, ikibir-üçbir bolup gürleşýänleriň sesinden awtobusyň içi ala-wagyrdydy.
Ata Salyh birsalym diňşirgenip durdy-da:
– Kakaly, bir ugruny tapyp, gabady gelende sorap göräý weli, awtobusyň çep tarapynyň orta gürpünde ýoldaşyna janygyp gürrüň berýän adamyň ady Nikolaý bolmaly – diýdi.
Men Ata Salyhyň ýakyn tanyşlaryny aýak sesinden, bokurdagyny arçaýşyndan, hatda görşende, elinden hem tanaýandygyna beletdim. Ýöne weli dyknyşykda, agyr märekäniň içinden şol goh-galmagalda meniň üçin bütinleý nätanyş bolan bir rus adamsyny sesinden seljerip tanaýşyna haýran galdym. Üç adam Nikolaýyň gürrüňini üns berip diňleýärdi. Men dyknyşykdan ýaňa kynlyk bilen olaryň iň bäri çetkisiniň ýanyna bardym-da, tanyşyp gürrüň berýäniň kimdigini hem işleýän ýerini soradym. Ol:
– Oňa Nikolaý Sewastýanow diýerler. Oba hojalyk ministrliginiň işgäri – diýip jogap berdi. Men soňra:
– Atam, sen onuň Nikolaýdygyny nädip bildiň? – diýip soradym.
– Üç ýyl mundan öň, kurorta gidenimde, onuň bilen Minwoddan Kislowodskä gelýänçäk, awtobusda bile gaýdypdym.
Kakaly aga sözüne dyngy berdi-de:
– Ömrümden razy. Ömür menzilinde köp-köp gowy adamlara duşdum. Olardan köp zatlary öwrendim. Gowy adamlary bolsa näçe ýatladygyňça ýatlasyň gelýär.
Urşuň ilkinji ýyllarynda heniz ýetginjekkä «Sowet Türkmenistany» gazetinde zähmet ýoluna başlan Kakaly Berdiýew özüni gazet işine ugrukdyran Aşyr Annabaýewi mähribanlyk bilen ýatlady. Aşyr aga şol wagt gazetiň redaktory bolup işleýän eken.
– Uruşdan soňky kynçylykly ýyllarda gazet işgärleri – žurnalistler azlyk edýärdi. Ýöne uruşdan sag-aman dolanyp gelen ozalky gazetçiler gazetiň iň bir jogapkärli işlerini ýöredýärdiler. Ata Mämmedow, Şirli Durdyýew, Gurban Sopyýew, Hajy Ysmaýylow, Annaguly Mämmetgulyýew, Çary Matalow. Bulardan başga-da ömrüni gazet işine sarp eden ýaşulular bardy: Atagarry Togalakow, Tokaý Kulyýew, Allaýar Hydyrow, Sapa Baýryýew, Allaberdi Geldiýew, Taňňy Kerimow, Myrat Rejebow, Sapar Gurbanow.
Ýazyjy Kakaly Berdiýewiň kyrkynjy ýyllaryň ahyrlarynda gazete redaktorlyk eden Şamyrat Täşliýewe aýratyn sarpa goýýandygyny bilýärdim. Ol «Edebiýat we sungat» gazetinde bile işlän döwrümizde Şamyrat Täşliýewiň sapaklary hakynda biz ýaşlara köp gürrüň beripdi.

– Şamyrat Täşliýew ýaşlary gazetiň işine çekip, olara öwretmegi öňe sürdi. Redaksiýada işleýäne ýaşyna garamazdan, orta bilim, soňam ýokary okuw jaýlarynda agşamyna ýa gaýybana okamak hökmany kada öwrüldi.
Baş redaktoryň şol mahalky ikinji bir aladasy ýazyjy-şahyrlary, döredijilik intelligensiýasynyň görnükli wekillerini gazetiň işine batyrgaý çekmekdi. Berdi Kerbabaýewiň «Saňa-da degişli» diýen publisistik oçerki, dil meselesi baradaky çekişmeler, Hajy Ysmaýylowyň, Juma Esenowyň çeper felýetonlary, ýurdumyzyň ykdysadyýetiniň hem-de medeniýetiniň ösüşine degişli birentek düýpli makalalar geçen asyryň ellinji ýyllarynyň başlarynda gazetiň abraýyna abraý goşupdy.
Gazetiň öz ýazyjylar aktiwi bardy. Olaryň gürrüňlerini diňlemek juda täsindi. Aşyr Annabaýew, Çaryýar Annarejebow, Ilmyrat Gurbanow ýaly žurnalistleriň sapaklaryny öwrenmek, olardan tälim almak durmuş hakykatyna çynlakaý aralaşmakdy, tejribe toplamakdy – diýip, Kakaly aga ýatlady.
Kakaly Berdiýew Moskwada, Ýokary edebiýat institutynda okan we işlän döwrüni ýatlady. Türkmen obasynyň meseleleri bilen turuwbaşdan gyzyklanan ýazyjy uly şäheriň amatly şertlerine garamazdan, öz dogduk diýarynyň ümmülmez sähralyklaryny paýu-pyýada sökesi geldi. Onuň edermen adamlarynyň doly keşbini oçerklerde döredesi geldi. Şonuň üçinem Berdi Kerbabaýewiň gatyrganmasyna hem garaman, mähriban diýara dolandy. Kakaly Berdiýewiň dünýäniň dürli ýurtlarynda ýazyjy-şahyrlardan dostlary köpdi. Olar Aşgabada gelende, Kakaly Berdiýewiň öýünde, onuň bereketli saçagynyň başynda gadyrly myhman bolýardylar.
Täjik ýazyjy-şahyrlary Mürze Turzunzade, Fateh Nyýazy, Fazleddin Muhammediýew, özbek Mirtemir eke, Sabyr Abdylla, moldowan Çon Çobanu, rus Wiktor Astafýew... garaz, sanasaň sogaby bar.
Kakaly Berdiýewiň edebiýatyň derwaýys meselelerine dahylly makalalaryny köp okapdyk. Hydyr Derýaýewiň «Ykbal» romany çap edilende, kitabyň şowly we şowsuz taraplary hakynda düýpli makala ýazyp, metbugatda ilkinji çykyş edenleriň biri hem Kakaly agady. Bu syn üçin Hydyr aga oňa minnetdar bolupdy.
Kakaly Berdiýew Türkmenistanyň halk ýazyjysy Durdy Haldurdy bilen «Sowet edebiýaty» (häzirki «Garagum» žurnaly) žurnalynda aga-ini hökmünde telim ýyllap bile işlediler. Durdy Haldurdy ýigrimi ýyla golaý žurnalyň redaktory bolup işläpdi. K.Berdiýew onuň orunbasarydy. «Biz Däde Hal bilen işden boş wagtlarymyz Garaguma awa çykardyk. Ol ölemen awçydy» diýip, ol maňa gürrüň berdi. «Ölemen awçydy» diýen sözi Kakaly aganyň özi hakynda-da aýdyp bilerin. Biz gezek birnäçe adam bolup, şäherden uzakdaky dag obalarynyň birine, has takygy, gözel Ynaý jülgesinde dynç alanymyzda, onuň hakyky mergenligine göz ýetiripdim. Ol «awunyň gözünden urýar» diýenleri ekeni. Kakaly Berdiýewiň «Edebiýat we sungata» ýolbaşçylyk eden döwri men onuň zehinli ýaşlaryň adygyp gitmegi üçin uly tagalla edendiginiň şaýady. Ýaňy uniwersiteti tamamlap gelen, şol wagt ýaş ýazyjylar hökmünde atlary çykyp ugran Kömek Kulyýew hem Ahmet Bekmyradow bu gazetde işlediler. Olar baş redaktorymyzyň aladasy bilen gurşaldylar.
Oçerkçi ýazyjy Kakaly Berdiýewiň köp dokumental filmleriniň edebi ýazgysynyň awtorydygy hakynda-da gürrüň etse bolar. «Keçe» atly filmi surata düşürenlerinde, onuň režissýor Çerkez Şamyradow we beýleki surata düşüriş topary bilen birnäçe wagtlap Pendi sährasynda bolandygyny bilýärin. Şonda Kakaly aganyň türkmeniň uly bagşysy Ödenyýaz Nobatow bilen has ysnyşandygy hakdaky gürrüňleri hem ýadymda.
Kakaly Berdiýew bilen «Edebiýat we sungat» gazetinde bile işleşen ýyllarym onuň redaktorlyk başarnygynyň uludygyna göz ýetiripdim. Ol türkmen diline gaty suwarady. Kakaly Berdiýew bölümlerden geçen materiallary – goý, ol kiçijik habar bolsun, ýa hekaýa, powestden bölek, goşgular toplumy... öz ýiti nazaryndan geçirmän, sehe ibermeýärdi. Mahlasy, ýekeje setirem baş redaktordan bilniksiz gazetde peýda bolmaýardy. Bu öz orunbasaryňa, öa jogapkär sekretaryňa, bölüm işgärlerine ynanmazlyk däldi. Ol baş redaktoryň borjuna örän uly jogapkärçiligine şeýle düşünýärdi. Gazetiň çapa taýýarlanýan günleri ol säher bilen iş ornundady. O ýerde bäş-üç minut eglener-de, soňam gurşunyň ysyndan ýaňa dem alar ýaly däl sehe siňip gider. Sehde-de 4-5 sagatlap aýak üstünde durup, gazetiň çapa taýýarlanylyşyna ýolbaşçylyk eder. Bu ýagdaý bir gün däl, iki gün däl, hemişe şeýledi, bu onuň iş endigidi.
Publisist, oçerkçi ýazyjy Kakaly Berdiýew hakynda gürrüň gidende, geçen asyryň ýetmişinji ýyllarynyň ahyrlarynda onuň ýazan «Ölüsini sylamadyk – dirisini sylamaz» atly makalasyny agzamazlyk mümkin däl. Şu ýerde şol makalanyň ilkinji okyjysynyň özüm bolandygymy hem gepiň gerdişine görä aýdasym gelýär.
Ol maşynkadan geçen materialy maňa uzadyp: «Çüriýew, şuny okap gör, pikiriňi aýt» diýdi. Men materialy bir demde okap çykdym-da, awtora öz pikirimi aýtmaga howlukdym. Makala «Edebiýat we sungat» gazetinde çap bolansoň, okyjylarda uly täsir döretdi. Redaksiýa bu babatda ýüzlerçe hatlar gelip gowuşdy. Gazet sahypasy çäkli bolansoň, elbetde, olaryň hemmesini çap etmek mümkinçiligi ýokdy. Makala örän bir «wawwaly» meseläni gozgaýardy: gürrüň gonamçylyklary tertibe salmak hakda barýardy. Şondan soň gonamçylyklara çynlakaý eýeçilik edilip başlandy. Ateizmiň höküm süren ýyllarynda bu babatda gürrüň gozgamak aňsat iş däldi.
«Ölüsini sylamadyk – dirisini sylamaz» atly publsistik makala K.Berdiýewiň köp ýyllaryň dowamynda synlap, oýlanyp, aňynda göterip gezen ýiti ahlak problemasynyň atylyp çykmasydy.
Haýsy problemany, meseläni orta atsa-da, ýazyjy adamyň işinden uç alyp gaýdýardy. Onuň «Adamyň gudraty» atly ilkinji kitabyndan tä «Pursat» atly kitabyna çenli näçe-näçe edermen adamlaryň keşbi okyjynyň göz öňünden geçýär. Biz Pendi çölünde-de, Hanhowuzda-da, Akýaýlada-da, Merkezi Garagumda-da ýazyjy bilen bile aýlanyp ýörüs. Aladaçyl redaktor Baýram Welmyradowyň keşbi, şahyr Weselkowyň obrazy, ýazyjy Bekge Pürliýewiň häsiýetleri, Şirli aganyň ýomakçyl gürrüňleri...
Kakaly Berdiýewiň oçerkleriniň gahrymanlary edermen adamlar, gaýduwsyz adamlar, şol bir wagtyň özünde-de ýönekeý we sada. Belent adamkärçilikli adamlar. Oçerkçi ýazyjynyň gahrymanlarynyň biri Ata Nazarowy görüp, onuň gürrüňlerini diňlemek miýesser edipdi. Aşgabadyň eteklerinde oturan oba Kakaly Berdiýew meni öz ýany bilen alyp gidipdi. Şol wagtlar Ata aga ýetmişden geçen ýaşuly adamdy. Ýetmiş ýylda onuň geçen durmuş ýoluna geň galaýmalydy. Ýetim oglan ýetginjek ýyllary Tejende, öz hossarlarynyň ýanynda ýaşapdyr. Ol ilkinji gazetçileriň biri eken. Otuzynjy ýyllaryň başlarynda «Türkmenistan» gazetinde işläpdir. Onuň gyzy Aýsoltan Mätiýewa hem soň köp ýyllaryň dowamynda öz ömrüni gazet işine bagyşlapdy.
Men şol gezek Ata agadan täsin bir adam hakynda eşidipdim. Onuň ady Jeň pälwandy. Ol Pälwan ady bilen edermenlikde tutuş etraba belli adam bolupdyr. Gojalyk ýyllaryny Gäwersiň uç-gyraksyz düzlüginde dowar çopanlary bilen geçiripdir. Suwsuz çölde onuň ýetişdiren miweli bagy tomsuna salgyma düşüp, dag eteginden görünýän eken. Onuň ýetişdiren daragtlary Garagumy ýakalap oturan baga bürenipdir. Indi şol mahalky çopan ýurdy gözel oba öwrüldi. Gojanyň ýalňyz kepbesinde onuň Semireçýede bitiren işleri, gazak gyzy bilen göreş tutuşy hakyndaky şadyýan gürrüňlerini adamlar uzakly gije diňländirler. Goja biçak gujurly eken. Amyderýanyň bol suwy Gäwers düzlügine gelende, raýyşdan düşüp, bulanyk suwy goşawuçlap içen ilkinji adamyň Jeň pälwandygyny men Ata agadan eşidipdim. Şol çaýkanyp akýan suwuň hatyrasyna ýaşuly çopan ýurdunda goýun soýup, ýekelikde özüne hemra bolan dost-ýarlaryny toýa çagyrypdyr. Ýazyjy Kakaly Berdiýewiň oçerkiniň gahrymany, onuň uçursyz sarpa goýýan Ata Nazar bilen çaý başyndaky şol gezekki söhbetdeşliginiň täsiri bilen men şondan birnäçe ýyl geçenden soň, «Jeň pälwan» atly goşgyny ýazypdym. Bagşy Gurbandurdy Jeňow pälwanyň ogludy. Ol özüniň şirin owazy bilen aýdym muşdaklarynyň ýadynda galypdy.
Täsin zat, Kakaly Berdiýewiň oçerkleriniň gahrymanlarynyň birentegi häli-bu güne çenlem işeňňirligiň nusgasyny görkezýärler. Şolaryň biri hem Sadulla Rozmetow. Baryp-ha, 1984-nji ýylda ýazyjynyň ussatlyk bilen ýazan «Durmuşyň sapaklary» atly oçerkinde guramaçy başlyk Sadulla aganyň oba adamlary hakdaky çynlakaý aladalary gyzykly suratlandyrylýar. Bu günki gün Sadulla Rozmetow Türkmenistanyň Gahrymany. Täze Galkynyş döwletimizde ol işlemegiň, obany özgertmegiň ajaýyp nusgasyny görkezýär.
... Biziň Kakaly Berdiýew bilen çaý başyndaky söhbetdeşligimiz uzaga çekdi. Ýaşulyny hemme zat gyzyklandyrýar: şäher täzelikleri, edebiýat meseleleri, zehinli ýaşlar, gazet işleri...
Men Kakaly aga hakdaky ýazgymy oňa bagyşlap ýazan goşgy setirlerim bilen tamamlamagy makul bildim:

... Sözüň söz, işiň iş – ýerli ýerinde,
Müň alada aýlanyp dur seriňde.
Halallyk bar döken alyn deriňde,
Kalby päklik bilen nikaly, aga.

Söz meýdanynda sen bolduň halypam,
Şindi-şindem seň öňüňde talybam.
Bilýän, öwüp dursam ýokdur halamaň,
Arzuwym ýüz ýaş, Kakaly aga!


«Edebiýat we sungat» gazeti, 9.X.2009 ý.
Категория: Söhbetdeşlik | Просмотров: 40 | Добавил: Hаwеrаn | Теги: Kakaly Berdiýew, Allaýar Çüriýew | Рейтинг: 0.0/0
Всего комментариев: 0
Имя *:
Email *:
Ähli smaýliklar
Код *: