02:10
"Ylalaşyk"
«YLALAŞYK»

Bütinsoýuz radionyň täze programmasy şeýle atlandyrylýar. Onuň ilkinji goýberilişi 15-nji ýanwarda 18 sagat 40 minutda birinji programma boýunça eşitdiriler. Gepleşigi Türkmen radiosynyň žurnalistleri A.Bekiýewa bilen E.Kasparow alyp bararlar.
Orta Aziýa respublikalarynyň we Gazagystanyň parlamentleriniň we hökümetleriniň ýolbaşçylarynyň Almaatadaky duşuşygynyň, şonuň netijesinde özara ykdysady, ylmy-tehniki we medeni hyzmatdaşlyk hakda şertnama kabul edilmeginiň geçen ýylyň iň ähmiýetli wakalarynyň biri bolandygy barada bu gepleşikde aýdylar. Saparmyrat Ataýewiç Nyýazowyň çagyrmagy boýunça Orta Aziýa respublikalarynyň we Gazagystanyň prezidentleriniň tizara Aşgabatda bolmaly täze duşuşygy bolsa, iň esasy azyk önümlerine we harytlara nyrh bellemekde bütewi syýasaty kesgitlär. Nähili asylly matlaplar bilen geçirilýändigine garamazdan, üzňelige tarap ýol hiç haçan azatlyga-da, halklaryň ösüşine-de getirip bilmez diýlip, gepleşikde aýdylar. Hut şonuň üçinem Türkmenistan täze Soýuz şertnamasyna gol çekmegiň tarapyndan berk durýar. Bu hakda S.A.Nyýazow ähli umumy ses berilmegi bilen respublikanyň Prezidentligine saýlanan güni eden çykyşynda hem aýdylypdy. «Ylalaşyk» programmasynyň ilkinji goýberilişi şol çykyşyň ýazgysy bilen açylýar.
«Ylalaşygyň» birinji goýberilişinde ruhy gymmatlyklara-da uly üns berilýär. Adam diňe iýmek üçin ýaşanok ahyryn, onuň ruhy islegleri-de bar. Eýsem biz ýurdumyz üçin häzirki kyn döwürde arzuw etmegi, onuň miwesini adamlara eçilmegi unudaýdykmykak? – diýip, programmany alyp baryjylar radiodiňleýjilere ýüzlenerler. Bagtymyza, öz döredijilikleri bilen adamlara şatlyk paýlap bilýän adamlaryň heniz bizde bardygynyň subutnamasy hökmünde gepleşikde türkmen sahna sungatynyň ukyply wekilleriniň biri, A.Gulmämmedow adyndaky Türkmen döwlet ýaş tomaşaçylar teatrynyň baş režissýory T.Mämmetweliýew bilen söhbetdeşligiň ýazgysy eşitdiriler. T.Mämmetweliýew ýaş tomaşaçylar teatrynyň esasynda ýaşlar üçin sungatyň ähli görnüşlerini öz içine alýan Medeni merkez döretmek hyýalynyň bardygyny aýdýar.
Bu programmanyň ilkinji goýberilişiniň ahyrynda şahyr we publisist A.Çüriýew bilen gürrüň eşitdiriler. Şu günki gün, sowet adamlarynyň guwanjyna internasionalizme howp abanýan wagty A.Çüriýew özüniň çetde durup bilmejekdigini, bu temanyň öz döredijiliginde esasy orun tutýandygyny aýdýar. Ýazyjy A.Nyýazowyň çykyşynda aýdylan pikirleri dowam etmek bilen, ýurtda bolup geçýän agyryly prosesler hakda oýlanýar. Haçan-da biz birleşenimizde, kynçylygyň ýeňlip geçiljekdigine A.Çüriýew ynanýar. Bu agyr döwri ýeňip geçeris, üstünlik gazanarys. Programmada A.Çüriýewiň leningradly şahyr S.Woronow tarapyndan terjime edilen, birek-birege düşünmek, ylalaşyk baradaky goşgulary okalar. Türkmenistanyň halk artisti M.Sadykowyň ýerine ýetirmeginde kompozitor B.Hudaýnazarowyň A.Çüriýewiň sözlerine ýazan aýdymy eşitdiriler.
Şeýlelikde, 15-nji ýanwarda 18 sagat 40 minutda birinji programma boýunça Bütinsoýuz radionyň «Ylalaşyk» atly täze programmasynyň Türkmen radiosynyň žurnalistleri tarapyndan taýýarlan ilkinji goýberilişini diňläp bilersiňiz.

N.GOLOWKIN.

«Sowet Türkmenistany» gazeti, 15.01.1991 ý.
Категория: Publisistika | Просмотров: 36 | Добавил: Hаwеrаn | Теги: N.Golowkin | Рейтинг: 0.0/0
Всего комментариев: 0
Имя *:
Email *:
Ähli smaýliklar
Код *: