02:13
Arzuw
ARZUW

Kitaplary alypdyr-da eline,
Arzuwlar kölüne batypdyr Nikol.
Galyň-galyň buzy owradyp ine,
Öňe tarap omzap barýar ledokol.

Täzeden ýol salyp polýusa garşy,
Gorkman ýüzüp barýar batyr kapitan.
Onuň şol aňzaga döş gerip barşy,
Asla piňine däl harasat-tupan!

Her bir kynçylygy ýeňmäge taýyn...
Birden galyň buzuň çuň jaýrygyndan
Ejesiniň sesi geldi mylaýym:
- Oglum, näme gam laýyna batdyň sen?

Tutan arzuwlarňa ýeteriň ýaly,
Ýadawsyz öwrenip, ösmegiň gerek.
Oka sapaklarňy, bişir mazaly,
Geçmesin bir minut wagtyň biderek!

Eduard AWAKÝAN.

Terjime eden: Allaýar ÇÜRIÝEW.

“Körpe” žurnaly, fewral, 1983.
Категория: Çagalar edebiýaty | Просмотров: 28 | Добавил: Hаwеrаn | Теги: Eduard Awakýan | Рейтинг: 0.0/0
Всего комментариев: 0
Имя *:
Email *:
Ähli smaýliklar
Код *: