11:41
Obamyzdan urşa giden ýigitler
OBAMYZDAN URŞA GIDEN ÝIGITLER

“Hoş gal, ene mekan!” diýip gitdiler,
Obamyzdan urşa giden ýigitler.
Algyr laçyn bolup gözden ýitdiler,
Obamyzdan urşa giden ýigitler.

Halas etmek üçin Rumy, Pereňi,
Boş goýdular bag-bossanly eremi.
Daglaryň arslany, şiri, peleňi,
Obamyzdan urşa giden ýigitler.

Garymlarda galdy kimsäň mazary,
Gulakda ýaňlanýar olaryň zary.
Düşek edip ýatdy aýazly gary,
Obamyzdan urşa giden ýigitler.

Gözlerinde galdy diýaryň keşbi,
Sazlarynda galdy gül ýaryň yşgy,
Yzlarynda galdy juwan ýaşlygy,
Obamyzdan urşa giden ýigitleň.

Watanyň topragyn janyna deňäp,
Enäň tamdyrdaky nanyna deňäp,
At goýdular öňe, duşmana çenäp
Obamyzdan urşa giden ýigitler.

Biri ýatyr Orsyýediň düzünde,
Biri ýandy faşistleriň közünde,
Ojagy ýykyldy birniň yzynda,
Obamyzdan urşa giden ýigitleň.

Biri golak, biri çolak, biri kör,
Birden howp abansa Watana eger,
Bir adam deý bolup ýenr direler,
Obamyzdan urşa giden ýigitler.

■ NOHUR DAGLARYM

Jahyllykda çar ýana
Atlar salan daglarym.
Zawlaryňdan zawyňa
Yzlar çalan daglarym.

Goýnuň doly arçadan,
Donuň – haly, parçadan,
Sen owadan barçadan,
Ýürek halan daglarym.

Gaplaň gezer, şir gezer,
Awçylaryň nil gezer.
Adyň dünýäni bezär,
Hossar bolan daglarym

Erem bagy Pirderäň,
Kalbymda Kerkawderäň,
Derdime derman deräň
Seniň bilen daglarym.

Aman, aman, eý, aman!
Gudraty kän Manaman.
Bilýän, öwsem halamaň,
Ýüzme sylan daglarym.

Goş ýazdyrdym Keletde,
Oýa batdym elbetde:
Toba kylar erbet-de,
Saňa gelen daglarym.

Sen barkaň ýok hederim,
Başym gurban ederin.
Ýatyr sende pederim,
Menem balaň, daglarym!

Allaýar ÇÜRIÝEW.
Категория: Goşgular | Просмотров: 53 | Добавил: Hаwеrаn | Теги: Allaýar Çüriýew | Рейтинг: 0.0/0
Всего комментариев: 1
0
1 Şasenem   [Mowzuga geç]
Говы console

Имя *:
Email *:
Ähli smaýliklar
Код *: