11:12
Zinka / poema
1944-nji ýylyň iýunynda Kimiň radistkasy Smirnoýdan “Programma boýunça hereket edýäris...” diýen iň soňky telegramma alynýar. Sowet razwedkaçysy Kuzma Gnedaş Kim ady bilen moskwaly, Nowobasmannaýa köçesinden Klara Dawidýuk bolsa Smirnoý ady bilen faşistleriň tylynda hereket edip, gahrymançylyk görkezýärler.

ZINKA

Sowet Soýuzynyň Gahrymany, polkdaşym Zina Samsonowanyň ýadigärligine.

1.

Şinelmizi üstümize atynyp
Bir-birege gysmyljyrap ýatyrys.
Şahasyndan jyda düşen agajyň
Nalasyna daňymyzy atyrys.

-Ýulýa jan, gaýgy-gam daşdadyr menden,
Ýöne bu gün erkim ýetenok oňa.
Alma baglygyna bürenen öýde
Mähriban ejem jan garaşýar maňa.

Bagymyzyň her pudagy, her güli,
Gelmegime garaşýandyr sabyrsyz.
Ýulýa jan, tukatlyk daşdadyr menden,
Gaýgy-alada-da ýokdur abyrsyz.

Şeýdip, maňa ýüregiňi dökýärkäň,
Birden buýruk boldy “Gitmeli öňe!”
Ýola düşdük ýene esger gyz bilen,
Çyg çeken şineli atynyp egne.

Şeýde-şeýde öňe gitdik merdemen,
Şowhun-şagalaňsyz uzak ýol sökdük.
Orşuň eteginde düşüp gabawa,
Duşman halkasyndan zor bilen çykdyk.

Ölemizden soňky şöhrat üçin däl,
Şöhrat bilen ýaşamagy isledik.
...Şol pursat näçe ejir çeksek-de,
Wepat bolan gyzy güle besledik.

Jesedini ýapdym şinelim bilen,
Aglamazlyk üçin dişlerim gysdym.
Rýazan topragnyň baglary hakda
Belorus şemalnyň aýdymlaryna
Ses-sedasyz bir dem men gulak asdym.

2.

...Zina jan, gam-gussa daşdadyr menden,
Ýöne bu gün erkim ýetenok oňa.
Alma baglygyna bürenen öýde,
Mähriban ejeň jan garaşýar saňa.

Dost-ýarym kän meniň, ýürekdeş bary,
Onuň bolsa ýeke-täk sen ýalňyzy.
Bilýän, häzir müşki-anbar baharda,
Ýadyna düşýändir mähriban gyzy.

Garry eneň oturandyr bu mahal,
Ikonaň başynda yşygy ýakyp.
...Niçik habaryňy ýetirkäm oňa,
Otyryn Zina jan, müň gussa çekip.

■ Prolog

Klaranyň doglan ýyly,
Dünýä inipdirin menem.
Bizi gür baga sanýaly
Getiripdir enelerem.

Mähelleli wokzallarda
Zogun çaldy otly bary.
Bizden uzakda-da däldi,
Klaranyň ýaşan ýeri.

Mähremdi bu ýerler maňa,
Her bir öýe beletdim men.
Nowobasmannaýa köçesine
Süýt almaga gatnapdym men.

Bir-iki däl, bäş-onam däl,
Duşuşypdyk biz kän ýola.
Gözüm ýetip durmudy, wah,
Bu zatlaryň boljagyna?!

■ Giriş

Ýygralykmy, utanjaklyk,
Hemraň kitap, asudalyk.
Birdenem üýtgedi bar zat,
“Urra!..” biz aýaga galdyk.

Öýdäkiler “Gitme!” diýip,
Ýalbarýarlar, ýalbarýarlar.
Bir topar gyz, soň raýkom,
Joralaryň goldaýarlar.

Belki, şonda görendirin,
Ýatdamy, kä hemme zatlar.
Döwür diýseň galagoply,
Ýatlamalar gatbar-gatbar.

Ýöne bilýän, jeňe tarap,
Ilki başyň galdyrypdyň,
Arza bereňde raýkoma,
On altyny doldurypdyň.

Rehmi inip, sekretar hem:
“Çagajyg-a sen...” diýipdi,
Şonda-da juwan Klara,
Özüni esger saýypdy.

■ Soňy

Ýeňşiň gelenini buşlap,
Atylýardy salýut bary.
Emma duşman dek ýatanok,
Öçli Gitler jellatlary.
Ysyrganýar tokaýlarda
Gözleýärler ýoldaş Kimi.
Arman, ýaralanypdyr ol,
Alýar häzir soňky demi.
“Gidiň” buýrugyna, Kimiň
Diňe sen boýun bolmadyň.
“Git, Klara, git sen, uýam!..”
Ýok, ýok, sen ädip bilmediň,
Gutardy ok, hyrçyň dişläp,
Gujakladyň ony mäkäm.
“Programma esasynda
Hereket edýäris...” sesiň
Efirde ýaňlanypdy kän.

■ Klaranyň owazy

Klara Dawidýuk bilen Kuzma Gnedaşy Slonim atly belorus şäherinde bile jaýladylar.

Bizi birek-birekden
Hiç kimiň, hiç haçan
Aýryp bilmejegini
Aýdýan aç-açan.
Bir jan, bir ten,
jaýladylar
Esger mazarynda bizi.
Gurban etdik munuň üçin
Iň gymmat zat-janymyzy.

Jana hoştap säher gelse,
Bürenýäris elwan güle.
Gülälekler ygşyldaşýar,
Anbar ysly sagy-sola.
...Ahmyrym ýok bu dünýäde,
Puşman edemok, hiç zada.
Ene jan, men bagtly ekenim.
Girip, ýanyp duran oda.

■ Epilog

Ýyllar geçýär gam-gussany
ýeňledip,
Hälem Basmannyda dertli
bir ene.
Çagalaryň eşidilýär
şowhuny,
Ene tagzym edýär
gelip-gidýäne.

Öz adyny özi ýazdy taryha,
Oň ýadigärlige mätäçligi
ýok...
Asmandaky Zöhre ýyldyzy
ýaly,
şöhlesine böwet bolup
bolanok.

Ukusyz geçirip gijelermizi
Oýlanýan, ser salýan geçen
ykbala.
Onuň bilen bir ýa iki gezek
däl,
Duşuşypdyk onuň bilen
kän ýola.
Gözüm ýetip durmudy, wah,
Bu zatlaryň boljagyna?!.

Ýuliýa DRUNINA.

Rusçadan terjime eden: Allaýar ÇÜRIÝEW.

“Edebiýat we sungat” gazeti, 19.04.1980 ý.
Категория: Poemalar | Просмотров: 40 | Добавил: Hаwеrаn | Теги: Ýuliýa Drunina | Рейтинг: 0.0/0
Всего комментариев: 0
Имя *:
Email *:
Ähli smaýliklar
Код *: