11:02
Telefon / hekaýa
TELEFON

Özbek halkynyň zehinli ogly Abdumanan Alimbaýew juda täsin adam. Ol şahyr, kompozitor, aýdymçy, sazanda, ýazyjy, režissýor, artist, darbaz. Ol on müň adamy özünde jemleýän “Sredazelektroapparat” ylmy önümçilik zawodynyň direktory.
A.Alimbaýew üç ýüze golaý aýdymyň, birnäçe kitabyň, ençeme pesanyň awtory. Biz “toýdan topukça” diýip, bu täsin adamyň bogan çemenlerinden bir gunçany türkmen okyjysyna sowgat bermegi makul bildik.


* * *

- Allo, bi senmi?
- -Hawa, men.
- Nätdiň, satyn aldyňmy?
- Ýok, alyp bilmedim.
- Näme üçin?
- Pulum ýetmedi.
- Jaň edäýmeli eken-dä?
- Jaň etdim-le.
- Onda näme?
- -Jogap bermediň.
- Men-ä ýerimdedim.
- Birem däl, üç-gezek jaň etdim.
- Indi näme etmeli?
- Hiç zadam etmeris. Itsizem oňarys.
- Näme, sen akylyňdan azaşdyňmy. It diýýäniň näme?
- Näme, näme, buldokda!
- Haýsy buldok? Sen ýakaly palto satyn aljak diýýädiň-ä?
- Sen serhoş-a dälsiňdä hernä. Kimdir biri bilen meni çalşyrýaň öýdýän. Men ozaldan ýakasy tilki derisinden tikilen paltomyň bardygyndan habarsyz bolaýşyňy!
- Men hiç zada düşünemok. Buldok nire, palto nire, düşer ýaly etmediň-le, how.
- Nireden nireden...şo ýerden... Paltony özüň Kanat adalaryndan getirmänmidiň näme?
- Nireden?
- Kanat adalaryndan... ýadyňdan çykaýdymy?
- Men o ýerleri asyl görmesem näme? Şo ýerleň nirede ýerleşýändiginem bilemok.
- Diýmek, onda sen meni aldapsyň-da?
- Diýmek...
- “Diýmek” diýýäniň näme?
- Şu gün-ä birhili boldow. Ýyldyza ýörän ýaly. Lena, eşidýäňmi, men saňa ýene soňrakdan jaň ederin.
- Dur-la, dur-la, Lena diýýäniň kim?
- Aşa düşäýýän dälsiňdä?
- Öz aýalyň adyny bilmeýän bolsaň, özüň aşa düşen ýaly-la..
- Lena... Lena...
- Hany, ýatlaber alkaş diýsänim!
- Üstümden gülmesene.
- Üstüňden gülemok. Ine, sen Akramjagaz öýe gelersiň welin, nämäň-nämedigini baý şonda bilersiň-ä.
- Akrapjagaz diýýäniň kim? Men Akrapjagaz däl, men Hamid!
- Sen näme oýnajak bolýaňmy? Bes et oýnuňy!..
- Lena, bolýa, senem oýnuňy bes et-de, paltonyň nireden getirilendigini aýt?
- Akrapjagaz Kanad adalaryndan getirdi.
- Däliretjek-le walla.
- Näme üçin dälirejek.
- Lena jan, sen meni däliretjek bolýaň.
- Men Lena jan däl, men Stepa jan.
- Bolýa-la, Lena, bes edäýsene indi! Onsuzam işim başymdan agdyk. Onda buldogy satyn alypsyň-da?..
- Akrapçik, buldogyň deregine gowsy men saňa bir eýjejik ogul dogrup bereýin.
- Akrapçik, Akrapçik diýip ýürege düşdüň-le.
- Senem Lena, Lena diýip ýürek-bagra düşdüň.
- Näme sen Lena dälmi?
- Ýok, Lena däl. A sen Akrapçik dälmi?
- Men Akrapçik däl, eşidýäňmi?
- Onda kim siz?
- Aýtdym-a Hamidçik diýip.
- Siz haýsy nomeri aýladyňyz?
- Häzir göreýin: 31-15-07.
- Häý, tentek diýsänim... Meň nomerim 31-15-08.
- Başda şeý diýip aýdaýmaly eken-dä... Gury buldok diýdiň,
- Tilki diýdiň. Kanad diýdiň... Müň gepiň başyny agyrtdyň.
- Tasdanam-a däliredipdiň...

Terjime eden: Allaýar ÇÜRIÝEW.
Категория: Hekaýalar | Просмотров: 69 | Добавил: Hаwеrаn | Теги: Abdumanan Alimbaýew | Рейтинг: 0.0/0
Всего комментариев: 1
0
1 nurgeldiyewam232   [Mowzuga geç]
biggrin biggrin biggrin Gülüp hezil etdim.Satiraçy ýalyla bu.Has daýy satiriki hekaýalara goýsañyz gowy bolar.Onsoñam "jylawlanmadyk duýgular" hekaýasyny salgy bereniñiz üçin tañryýalkasyn!

Имя *:
Email *:
Ähli smaýliklar
Код *: