10:48
Gije
GIJE

Irkilipdir derýa-da,
Asuda daş-töwerek.
Aýdym aýdanok bilbil,
Jokjoky ses edenok.

Gije. Ümsüm töwerek,
Çeşmejik şildireýär.
Aý öz şöhlesi bilen,
Kümüşsöw reňke çaýýar.

Derýa-da kümüş reňkli,
Çeşme-de kümüş reňkli,
Sähradaky otlaram
Kümüş reňke boýalan.

Gije. Ümsüm töwerek,
Süýji uka giden dek.
Aý öz şöhlesi bilen,
Çaýyp dur kümüşsöw reňk.

Uka giden jaň,
Topragy oýandyrdy.
Güne garap ukuly,
Ene ýerem ýylgyrdy.

Al-asmana galdy,
Paltaň urgusy.
Tokaýda ýaňlanýar,
Adamlaň sesi.

Derýaň aňyrsynda,
Gizlenipdir Aý.
Tolkunlar bir geňsi,
Gurapdyrlar ýaý.

Ukudan açylýar,
Asuda sähra.
Hem jyňňyrdyň sesi,
Daşlaşýar barha.

■ MAMAMYÑ ERTEKILERI

Gyş agşamy aýdym aýdyp,
Şatlyk bilen
degşip-gülşüp
Ygyp-ygyp öýe barýas,
Belentden-peslikden aşyp.

Sankiden soň, tegelenýäs,
Garry mamamyzyň daşna.
Hem garaşýas Iwan hakda,
Ertekisini başlamagna.

Otyrys alman demimiz,
Wagt barsa-da bir çene.
“Ýatyň” diýse-de ejemiz,
Eşitmedik bolýas şonda.

Erteki-de boldy tamam,
Indi niçik uklajak sen?
Ýalbarýarys mamamyza,
Diňlemekçi ýaňadandan.

Olam bize diýýär:
“Şeýdip –
Oturjakmy siz daňa çen?”
A biz bolsak “bol-da bol”
diýp,
wagyrdaşýas ýerli-ýerden.

Sergeý ÝESENIN.

Terjime eden: Allaýar ÇÜRIÝEW.
Категория: Goşgular | Просмотров: 44 | Добавил: Hаwеrаn | Теги: Sergeý Ýesenin | Рейтинг: 0.0/0
Всего комментариев: 0
Имя *:
Email *:
Ähli smaýliklar
Код *: