07:59
Amerikan sudunyñ "kasam" karary
AMERIKAN SUDUNYÑ "KASAM" KARARY

ABŞ-da hem "döwlet kasamy" bar.
Okuwçylar mekdepde sag ellerini gursagyna goýup, baýdaga garap - hemmesi biragyzdan bu kasamy aýdýarlar. Diñe okuwçylar däl, harby gullukçylar başlyklaýyn, hemmeler kasam içýär...
Onuñ taryhy ir döwürden başlaýar: 129 ýyl bäri watana wepalylyk kasamyny aýdyp gelýärler.
Kasamyñ teksti 1892-nji ýylda graždanlyk urşunda ofiser bolup gulluk eden we soñra Nýu-Ýorkuñ mekdeplerinde watansöýüjilik boýunça okadan kapitan Jorj T.Balç tarapyndan ýazyldy.
"Baýdagyma we respublikamyza, bir bitewi ýurdumyza hemmeleriñ öñünde azatlyga we adalata wepaly boljakdygyma söz berýärin..."
1923-nji ýylda kasamyñ tekstine kem-käsleýin üýtgeşme girizildi:
"Amerikanyñ Birleşen Ştatlarynyñ baýdagyna we respublikasyna, bir bitewi ýurdumyza hemmeleriñ öñünde azatlyga we adalata wepaly boljakdygyma söz berýärin..."
Tekste "Amerikanyñ Birleşen Ştatlary" jümlesi goşuldy, "baýdagyma" sözi bolsa "baýdagyna" sözi bilen çalşyldy...
1954-nji ýylda tekste ýene üýtgeşmele girizildi:
"Amerikanyñ Birleşen Ştatlarynyñ baýdagyna we respublikasyna, Tañrynyñ boýunturugy astyndaky bir bitewi ýurda, hemmeleriñ öñünde azatlyga we adalata wepaly boljakdygyma söz berýärin."
Tekste "Tañrynyñ boýunturugy astyndaky" sözi goşuldy.
Bu üýtgeşmäniñ gowury ABŞ-da häli-häzirlerem ýatanok. Hatda bu üýtgeşmäniñ üstünde ABŞ-da telim gezek sudda dawalaşdylar.
Sudlaryñ näme karara gelendiklerini ýazmazdan owal näme üçin "Tañry" sözüniñ goşulandygyny ýazaýyn:

KOLUMBUS RYSARLARY

1954-nji ýylda ABŞ "Sowuk urşy" başlatdy. ABŞ-nyñ SSSR-e garşy iñ täsirli ýaragy "din" boldy.
Amerikanlaryñ özi aýtmyşlaýyn, "döwlet ateizmine" garşy "dine baglylyk" öñe tutuldy.
Syrly ezoterik gurluş bolan katolik "Kolumbus rysarlary" döwlet kasamyna "Tañry" sözüniñ goşulmagynyñ inisiatory bolup çykyş etdiler.
"Kolumbus rysarlary" 1951-nji ýylyñ 30-njy aprelinde Nýu-Ýorkda geçirilen toplanşyklarynda baş rysar Luke E.Hartyñ öñbaşçylygynda döwlet kasamyna "Tañry" sözüni goşup okadylar. Yzyndanam muny wagyz-nesihat kampaniýa öwürdiler…
Başga bir pop, adwokat Luis Albert Bowman tekste "Tañrynyñ boýunturugy astynda" jümlesiniñ goşulmagyny teklip etdi...
Ýeri bolýa, bular ýaly ownuk jikme-jiklikleriñ üstünden ätläp geçeliñ...
Geleliñ esasy gürrüñe: ABŞ-da kasamyñ tekstiniñ üstünde zol-zol sudlaşdylar ýördüler.
Mysal üçin, "Ieogowanyñ şaýatlary" sektasyna uýýanlar "Tañrydan başgasyna - baýdak ýaly simwollara wepalylyk kasamyny içmek butparazlykdyr. Biz bular ýaly kasamy içjek däl!" diýip dawalaşdylar. Aýdyşlary ýalam etdiler, baýdagy hormatlamandyklary we döwlet kasamyny okamandyklary sebäpli olaryñ çagalary okaýan mekdeplerinden kowuldy.
Pensilwaniýa ştatynyñ Millerswil sudy döwletiñ garamagyndaly mekdeplerde okaýan okuwçylaryñ kasam içmäge mejbur edilip bilinjekdigini oñlap karar çykardy.
Şeýle-de, jemgyýetçilik guramalary bilen buthananyñ biri-birinden aýry bolmagynyñ tarapynda çykyş edýän aklawjy Maýkl A.Newdow amerikan konstitusiýasynyñ 1-nji maddasyna ters gelýändigine garamazdan, ýekehudaýlylygyñ zorlukly kabul edilendigini tutaryk edinip, suda şikaýatnama berdi.
San Frasiskonyñ 9-njy aklawjy sudy döwlet kasamynyñ konstitusiýa ters gelmeýändigi baradaky kararyny çykardy.
Munuñ bilenem gutarmady...

“MEN MUSULMAN” DIÝLEN BOLSADY...

ABŞ-da okap ýören ýaponlaram suda: "Biz ýaponlaram kasam içmäge mejburmy" diýip, şikaýatnama berdiler.
Meseläni ýene sudda çözlüşdiler. Atlantanyñ 11-nji aklawjy sudy "Kasam içmeli bolarsyñyz, çünki döwlet kasamy diñe amerikan ritualyndan ybarat" diýen çözgüt çykardy.
ABŞ-da şuña meñzeş dawalar häzirem dowam edýär. Berilen şikaýatnamalaryñ ählisiniñ sebäbi köplenç "Tañry" sözûniñ üstünde turýar.
Mysal üçin... 2013-nji ýylyñ sentýabr aýynfa Massaçusets ştatynyñ Ýokary sudy "Tañrynyñ boýunturugy astynda" sözleriniñ dini däl-de, watansöýüji many berýändigini we munda ateistlere garşy bölünişik alamaty ýok hasaplady.
Mysal üçin... 2015-nji ýylyñ fewral aýynda Nýu-Jersi ştatynyñ Ýokary sudy döwlet kasamynyñ hudaýa ynanmaýanlaryñ hak-hukuklaryny kemsitmeýändigi üçin şol agzalan dawaly sözleri tekstden aýyrmagyñ gereginiñ ýokdugy baradaky karara geldi...
Amerikan sudlary döwlet kasamynyñ esasan "watansöýüjilikli nukdaýnazardan" okalýandygyny tutaryk edip, munda hiç hili dini röwüş ýok hasaplaýar.
Geleliñ bize:
Türkiýede döwler kasamymyzyñ üstünde turan çekişmeler “Türküm” ("Türk men") sözi sebäpli turýar. Sud (Danyştaý) kabul eden karary bilen mekdeplerde döwlet kasamynyñ okalmagyny ýatyrdy. Munuñ sebäbi-de düşündirilmedi...
Adam pahyr islese-islemese oýa batýar: "Türküm" sözüniñ ýerine "Musulman men" diýlen bolsa Sud şeýle karar kabul edermidi? Etmezdi.
Ýeri... ABŞ-da kasamyñ tesktinde "Tañry" sözüniñ ýerine "men amerikaly" sözi geçýän bolsa, şonça şikaýatnamalar berlermidi? Häzire çenli ABŞ-da ýurduñ "bir bitewiligine" garşy ýeke şikaýatnama berilmedi.
Netijede, iki aýry ýurt, iki aýry ýurduñ sudunyñ karary...
Aslynda mesele şu:
Türkiýäniñ bir bitewiligine ynanýanlar kasamymyzdan nämüçin ynjalyksyzlanýarlarka? Hawa, aslynda mesele şu - häkimiýet gaty erbet yzyndan ýetdirdi!

Soner ÝALCYN.

"SÖZCÜ" gazeti, 17.03.2021 ý.
Категория: Publisistika | Просмотров: 65 | Добавил: Gökböri | Теги: Soner Ýalçyn | Рейтинг: 0.0/0
Всего комментариев: 2
0
2 mango   [Mowzuga geç]
Taňrynyň tabynlygynda...

0
1 mango   [Mowzuga geç]
"Amerikanyñ Birleşen Ştatlarynyñ baýdagyna we respublikasyna, Tañrynyñ boýunturugy astyndaky bir bitewi ýurda, hemmeleriñ öñünde azatlyga we adalata wepaly boljakdygyma söz berýärin."

Я клянусь в верности флагу Соединённых Штатов Америки и республике, которую он символизирует, одной нации под Богом, неделимой, со свободой и справедливостью для всех.

I pledge allegiance to the flag of the United States of America and to the Republic for which it stands, one Nation under God, indivisible, with liberty and justice for all.

——
boýuntyryk — Goşa ýa-da araba goşulýan iş mallaryň boýnuna geýdirilýän enjam.
boýuntyryklamak — ...Göçme manyda: Garaşly etdirmek, boýun egdirtmek, tabyn etdirmek.

Türkçede “boýuntyryk” diýip alanam bolsa dogry däl ýaly. Bilmedim, belki, “Taňrynyň garamagynda...” bolmalydyr.
Türkçede “ulus” diýipdir. Rusçada “нация”.. türkmençede “millet” diýmeseňem, bolmanda “bir bitewi ulus-il...” ýalyrak bolmalydyr belki...

Имя *:
Email *:
Ähli smaýliklar
Код *: