19:59
Çagalarymyzy öldürýärler gadyrdan, uklama!
ÇAGALARYMYZY ÖLDÜRÝÄRLER GADYRDAN, UKLAMA!

Meniñ bu makalam bir ahy-naladyr!
Ruhumyzy, gelejegimizi, arzuw-umytlarymyzy, hyýallarymyzy ýok edýärler:
Öz çagalarymyz elimizden taýyp-taýyp gidýär...
Çagalarymyzy bizden gañryp-gañryp alýarlar…
Çagalarymyzda hiç hili höwes, joşgun we uçgun berip bilmeýän ruhsuz bilim sistemasy, ýagty gelejegi wada berip bilmeýän kör we ýaramaz medeni durmuş, arzuw-umydy we hyýaly ýok, bimaksat, barça sermaýasyny has köp başyñy-gözüñi aýlaýjy, gözboýagçylykly başly-barat we berbat maksatnamalara sowurýan kelpeñ we suwjuk metbugat režimi çagalarymyzy gözümiziň içine serede-serede elimizden alýar. Egin-egne, omuz-omuza, el-ele berip, bizden, bizi biz kylan hemme zat bilen arasyny üzýär…

ÝURDUMYZYÑ IÑ DÜÝPLI PROBLEMASY BILIM PROBLEMASYDYR!

Türkiýäniň iň düýpli meselesi bilimdir. Türkiýede imperial ýurtlaryň edip bilmejek, etmäge-de gaýraty çatmajak derejede çagalarymyzy ruhy gymmatlyklarymyzdan, öz dünýämizden, öz arzuw-hyýallarymyzdan uzaklaşdyrýan, bar maksadyny ýitiren, ähli ideallaryny elden gideren adampisint, ruhsuz, umytsyz bilim ulgamy, barha ýabanylaşan we ýöntem medeni durmuşy, saýrylaşdyryjy we hemme zady aç-açanlaşdyryjy mediýa režimi bar!
Aberlardy, Rakinäni, Liztsi, Wolteri, Russony, Balzagy, Rene Dekarty, Bergsony, Derridany, Godardy, Trýuffony öwretmeýän, bu läheňleriň miras goýup giden ruhuny özleşdirmeýän, edýän her bir arzuw-hyýalyny her pursatda täzeçe şekillendirmeýän fransuz bilim ulgamyndan, medeni we intellektual durmuşyndan, mediýa režiminden söz açmak mümkinmi?
Bunýany, Bleýki, Uilýam Şekspiri, Lokky, Gobbsy, Jorj Baýrony, Uilýam Wordsworty, Ýelizaweta döwrüni, Wiktoriýa döwrüni, Turneri, Konstably öwretmeýän, özleşdirmeýän, täzeçe formulirlemeýän bilim ulgamy sözüň doly manysyndaky iňlis bilim ulgamy bolup bilermi?
Bahlary, Mosarty, Bethoweni, Spinozany, Lýuteri, Kanty, Gýotäni, Gegeli, Nişsäni, Gusserli, Geýdeggeri, Wagneri öwretmeýän, janlandyrmaýan we täzeden kemala getirmeýän bilim sistemasyna nemes bilim sistemasy diýip bolarmy?
Bu esasy akymy dörediji ägirtler fransuzlaryň, iňlisleriň, nemesleriň prinsipleriniň, ideallarynyň, arzuw-hyýallarynyň sakasynda duran beýik şahsyýetlerdir. Diňe şulardan başga-da, olara nijeme ugurdaş we garşydaş hasaplap boljak beýik şahsyýetler, akymlar, çemeleşmeler bar. Emma aňlajaga şu sanalanlaram bes!

BAŞYMYZA URLAN DAŞ...

Biz bize geleliň… hem başymyza nähili uly saňsar daşynyň gelip degendigini göreliň... Dawut Kaýserili, Burhaneddin Siwasly, Molla Gurany, Molla Fenary, Muhammet Gazaly, Ýunus Emre, Möwlana Jelaleddin Rumy, Meragy, Ytry, Muhammet Fuzuly Baýatly, Baky, Şeýh Galyp, Lewni, Garahisarly, Daşköprülizada, Kätip Çelebi kim bolupdyr eýse? Ne söýleýärler häzir bize, biziñ köklerimiz bolan bu läheñ şahsyýetler? Bular ertämiz üçjn nämäni añladýar?
Çagalarymyzdan-a geçdik, ýokary wezipeli işgärlerimiz, intellektuallarymyz, ýazyjy-şahyrlarymyz üçin haýsy prinsiplere, haýsy ideallara, haýsy öňe gidişliklere ýol görkeziji bolduka, bular?
Kökümiz bolan şahsyýetlerimizi tanamaýan, olar bilen birmeňzeş arzuw-hyýallary kalbynda beslemeýän, olaryň arzuwlaryny, höweslerini, joşgunlaryny, ideallaryny, güzaplaryny başdan geçirmeýän, duýmaýan, özleşdirmeýän, olary täze hyýallara, joşgunlara, ideallara öwürmeýän nesiller özlerini bir tanaýarlarmyka? Dünýäni, dünýäniň başga medeniýetlerini bir tanap bilerlermikä?
Özüniň kimdigini bilmeýän adam özgäni nädip tanasyn, özgelerden nädip peýdalansyn?
Şekspiriñ pýesalary nijeme müñ gezek sahnalaşdyrylypdyr, nijeme gezek täzeden teswirlenipdir? Rakine şol bir grek tragediýasyny näçe gezek sahnalaşdyrmagy makul bilipdir? Kant, Wagner, Gýote, Bah, Lokk, Baýron barada näçe müñ kitap ýazylypdyr, näçe pýesa sahnalaşdyrlypdyr, näçe roman, goşgy, filosofiki traktat ýazylypdyr, näçe kinofilm surata düşürilipdir? Eý-hoo, bularyň anyk we doly sanyny biläýmek häzirki internet asyrynda-da iňňän kyn bolsa gerek...
Ýogsa-da, Meragy kim bolupdyr, Lewni kim bolupdyr, bize nämeleri aýdyp gidipdirler, bulary bilýänimiz bir barmy aramyzda?
Dawut Kaýserilini, Burhaneddin Siwaslyny bilmän osmanly düşünjesiniñ we ylym dünýäsiniñ nähili kemala gelşine düşünip bolarmy?

KOLONIAL BILIM ULGAMY BILEN NIRÄ ÇENLI ÝOL AŞARYSKA?

Bilim ulgamymyz kolonialistleriň edip bilmejek derejesinde ýykgynçylygy amala aşyrýar... Medeni dünýämiziň, mediýa dünýämiziň arasy öz medeniýetimiz, sungatymyz, aň-düşünje dünýämiz bilen şeýle bir üzňeleşipdir, şeýle bir parhsyzlaşypdyr, şeýle bir körleşipdir welin, orta çykyp bogazyňa sygdygyndan “duruň, halaýyk, bu barýan ugruňyz petige direýär!” diýip gygyrasyň gelýär...
Biziň ahlak, estetiki we adalat prinsiplerimiz esasynda adamzada beren iň ajaýyp, iň arassa, baran ýerine belent ruh äkidýän, durmuş bagyşlaýan, ençeme asyrlap hem wagty, hem ýerleri eýelän beýik şahsyýetlerimiziň bina eden gök gümmezimizi tanamazdan, olary süňňümiz bilen duýmazdan we duýdurmazdan ertirki nesillerimize nämeleri aýdyp bileris? Ertirki günümiziň howpsuzlygyny nädip kepillige alarys? Çagalarymyzyň ideallarynyň, ruhlarynyň we arzuw-hyýallarynyň öldürilmeginiň öňüni nädip alyp bolar?
Öz etsem-petsemi bolmadyklar özgeleriň etsem-petseminiň gurşawyndan, hasam beteri ýok bolup gitmekden halas bolup bilmezler.

* * *

P.S: Bu ýazgym bäş ýyl öñ çap edilipdi. Belki-de, bu gezek ahy-nalama gulak geren tapylar diýen umyt bilen täzeden dykgatyñyza ýetirýärin.

Ýusuf KAPLAN.

17.05.2020, "Yeni Şafak" gazeti.
Категория: Pedagogika we edep-terbiýe | Просмотров: 128 | Добавил: Gökböri | Теги: Ýusuf Kaplan | Рейтинг: 0.0/0
Всего комментариев: 9
0
9 Sergezzan   [Mowzuga geç]
Saytda kabir zehinli agzalary tananym bari, ozumden gownum gecip ugraday. Maladisay, nadip onca maglumaty beynisine toplap bildika diydirdi. Şolara gozum gidip, indi öz şahsiyetime igenip ugradym bla

0
8 Sergezzan   [Mowzuga geç]
Dogry aydyan bro, yanky agzap gecenlerni yuzley okap, ozumizi ylymyn bajysyny nemedenlerden hasaplap yorupdiris

0
7 Hаwеrаn   [Mowzuga geç]
Mende Seýit Nesiminiñ goşgularynyñ 3 tomlugy bardy. Ony şeýle okap geçmek yeterlik däl. Sözlerine düşünseñem şahyryñ beryän oña manysyna duşunjek bolsañ başyña pyrlanyañ... Ony okamak birnäçe ýyla çekdi. Dogrymy aytsam, häzirem okap bilendirin öýdemok şony. Emma, jaýy jennet bolsun merhum ýazyjymyz Osman Ödäýewiñ filosofiki traktatlary, Seýit Nesimi, Jelaleddin Rumy, Alyşir Nowaýy, Muhammet Fuzuly... ýalt birnäçe şahyrymyzyñ doredijiligini derñeyän giñ gowrumli makalalary (agzalan makalalar saytda hem bardyr) ol ägirtleriñ eserlerine düşünmäge komek etdi.

0
6 Hаwеrаn   [Mowzuga geç]
Ýa-da okasagam düşünemzok.

0
5 Hаwеrаn   [Mowzuga geç]
Aslynda ýewropaly filosoflardan has irki döwürde Ibn Roşt, Gazaly, Faraby, Ibn Sina... ýaly onlarça alymyñ musulman geografiýasynda ýaşap geçendigini bilemzok. Olaryñ pelsepe eserlerini okamzok.

0
4 Hаwеrаn   [Mowzuga geç]
Ýa-da käbirimiz Freýdi, Sartry, Kanty, Nişsäni ýarym ýalpy okap, özümizi pelsepäñ çerdagyna çykandyrys öýdýäs.

0
3 Hаwеrаn   [Mowzuga geç]
Geçmişde ýaşap geçen şahyrlarymyzy, akyldarlarymyzy, filosoflarymyzy tanamzok. Olary şäherimiziñ seýilgählerinde dikilen daş heykellerden başga zatdyr öýdýäsmikä beri?

0
2 Hаwеrаn   [Mowzuga geç]
Käbir ýerde öte geçse-de, iññän janagyryly we derwaýys meseläni gozgaýar..

0
1 Hаwеrаn   [Mowzuga geç]
Musulman ýurtlaryñ, ylayta-da türki respublikalaryñ hemmesiniñ derdi bir...

Имя *:
Email *:
Ähli smaýliklar
Код *: