07:05
"Sumbar mukamynyñ" owazy
«SUMBAR MUKAMYNYŇ» OWAZY

«Türkmenistan» neşirýaty «Alty aýdym» ady bilen ýaňy öz döredijilik ýüzüni saýgardyp ugran alty sany ýaş şahyryň goşgular we poemalar ýygyndysyny çapdan çykardy. Onda A.Annamyradowyň «Ykbalym», A.Baýramowyň «Öz obam – eziz obam», G.Zarypowanyň «Şapak», M.Babanazarowyň «Ýaz gelipdir ýaýlamyza», Ö.Tejenowyň «Melhem» goşgular we poemalar toplumlary bilen birlikde Allaýar Çüriýewiň «Sumbar mukamy» goşgular toplumy hem ýerleşdirilipdir. Toplum ýaş şahyryň ýetmişe golaý goşgusyny özünde jemleýär. Ol «Kommunist» diýen goşgy bilen başlanýar.

Kommunist!
Bu gün seniň bilen gadam urýaryn.
Bagtyýar men seniň hatarlaryňda.
Röwşen geljegmi sende görýärin.

Goşguda Kommunistik partiýanyň, leniçi kommunistleriň waspy ýetirilýär.
Ýürekde dag goýan uruş hakdaky goşgular originallygy bilen şu günki okyjylaryň ýürek urgusyny, hasratyny berip bilýänligi bilen özüne çekýär. Sebäbi goşgulardaky içgepletmeler, oýlanmalar, ýatlamalar şu günki okyjylaryň pikiri:

Ýyllar bitirenok urşuň ýarasyn,
Şindem gözleň owasyny gyrmalap.
Ýatlamalar awadyp dur ýüregmi».
Şol ýaranyň kesmegini dyrmalap.

Atalaryň dymyp çeken gaýgysy,
Eneleriň ençe mähri, söýgüsi –
Bary ýatyr, hol ullakan tekjede,
Kagyzlarda galan olaň duýgusy.

Şeýle mysallary «Ilkinji bäşýyllyk», «Otuzynjy ýyllaryň goşgularyna», «Ýagyş hakda» atly goşgulardan-da isledigiňçe tapsa bolar. Bu goşgularyň dili sada, çeperçiligi oňat.
Toplumda şahyryň dogduk mekany Garrygalany, onuň täsin tebigatyny, daglaryny, gözel Sumbary wasp edýän goşgularyňam birnäçesi bar. Liriki «men» ol goşgularda diňe synlap duran tebigaty hakda oýlanman, gaýta ol ondan durmuşyň köp tarapyny – «sährada dürterip çykan otlarda söýgüsini görşi ýaly» görýär. Şygryň okyja täsir edişem şony görüp biliş derejäňe bagly. Şu jähtden seredeniňde ýaş şahyr köp derejede üstünlik gazanýar.
Ýöne kitapdaky goşgularyň käbiri kemçiliklerden halas däl. Käbir setirlerde anyklyk ýok.

Aýagmyzy sallap ýyly tamdyra (?)
Gürrüňin ederdik bu uly dünýäň.

Şeýle hem şahyr käwagt goşgy tehnikasyny saklajak bolup sözleri gysgaldýar ýa-da goşýar. «Sumbar jülgesi» goşgusynyň:

Tomus güni jana şypa howasy,
Hem dynç alyp kölgesinde Sumbaryň –

– setirlerindäki «hem» kömekçi artyklyk edýär, ýagny ol manyň anyklygyna zeper ýetirýär. Şonuň ýaly-da «Sary ýapraklar» goşgusyndaky setirleriň tas ýary diýen ýaly «Oýlanma» goşgusynda gaýtalanýar.
Umuman aýdanyňda «Sumbar mukamyny» okap, awtoryň şygryýet sungatynda okyjylaryň ýüregine barýan owazy çalmakda barha kämilleşýändigini görmek bolýar. Onsoň bize hem öz gezegimizde ýaş şahyra geljekde täze döredijilik üstünligini arzuw etmek galýar.

S.HYDYROW.
«Zähmet baýdagy» gazeti, 31-nj maý, 1984 ý.
Категория: Edebi tankyt | Просмотров: 49 | Добавил: Hаwеrаn | Теги: Seýitmämmet Hydyrow | Рейтинг: 4.0/1
Всего комментариев: 1
0
1 Şasenem   [Mowzuga geç]
clap

Имя *:
Email *:
Ähli smaýliklar
Код *: