02:17
Şahyry atdylar gara zyndana
ŞAHYRY ATDYLAR GARA ZYNDANA

Belli müsür şahyry Ahmet Fuad Negm hökümetiň häzirki alyp barýan syýasatyny tankytlap goşgy ýazanlygy üçin, harby sud tarapyndan bir ýyllap türmä höküm edildi.
(Gazetden)

Hak sözi özüne baýdak edinen,
Şahyry atdylar gara zyndana.
Ine, şeýdip nähak günä ýöňkeldi,
Gözelligi wasp eden zybana.

“Bilbil sesin eşitmesin” – diýdiler –
“Öz-özünden boýun eger ahyry”.
Bir gün garaşdylar, garaşdylar kän,
Kyndy dyza çökeräýmek şahyry.

“Çaga sesin eşitmesin” – diýdiler –
“Şonda onuň toba gelmegi mümkin”.
Watanyny söýýän gerçek ýigidi,
Dyza çökeräýmek çaklaýşyňdan kän.

"Edebiýat we sungat" gazeti, 20.06.1981 ý.
Категория: Goşgular | Просмотров: 27 | Добавил: Hаwеrаn | Теги: Allaýar Çüriýew | Рейтинг: 0.0/0
Всего комментариев: 0
Имя *:
Email *:
Ähli smaýliklar
Код *: