22:31
Söýgi goşgusy..

SÖÝGI GOŞGUSY..

“Мы в жизни любим только раз, а после ищем лишь похожих”
С.Есенин


Pessaýja hiňlenip aýdym aýdardyň,
Sesiňi çykarman diňlärdiň şygyr.
Şol ýuwaşja aýdan aýdymlaryňam,
Saňa goşgy diýip aýdanlarymam
Ýatlamak, ah, häzir şeýle bir agyr.

Ýatlamadan göwnüň gönenmeýänin
Bilsemem, ýürege ýetenok erkim.
Ýogsa, seniň aýdan aýdymlaryňy
aýdaram,
goşgymy diňlärem her kim.

Bagryň badaşanyň bagtyňy görmän,
Bagtyňa keýpine sogan dogrady.
Mamla ol, men seni ynjytdym ençe,
Ýöne çyndan söýýänimem dogrudy...

Gün geçýär, ýaralar könelýär,
Derdem,
göräýmäge, barýan ýaly ýeňleşip.
Şunça wagtda sataşmadyk bir gezek,
Ýa gözläp ýörmüsiň maňa meňzeşi?!

Sapa HOMMADOW

Категория: Goşgular | Просмотров: 71 | Добавил: Pegas | Теги: Sapa Hommadow | Рейтинг: 4.0/1
Всего комментариев: 1
0
1 spesnazmen   [Mowzuga geç]
Salam Pegas talyplaryñ adminini tanaýañmy ?

Имя *:
Email *:
Ähli smaýliklar
Код *: