19:57
Halypa hatyrasy mukaddesdir
HALYPA HATYRASY MUKADDESDIR

Durmuş diýseň çylşyrymly hem gyzykly. Ol şeýle bir guralypdyr, heý goýaý! Munda adamlar süýji arzuwlar bilen ýaşaýarlar, olaryň hasyl bolmagyny küýseýärler. Aýratynam, ýaşlar şol süýji arzuwlaryň girdabyna düşüp, ondan çykalga gözläp urunýarlar. Esasanam, kär, hünär edinmek, durmuşda öz ýoluňy, ornuňy tapmak meselesinde. Ana, şol hupbatly meselede-de saňa ene-ataň, dost-ýaryň, halypaň kömek etmeli. Il-ä bilemok, meň ykbalymda-ha halypam, sungaty öwreniş ylymlarynyň kandidaty, belli dramaturg, teatr tankytçysy Aşyr Mämiliýewiň hyzmaty aýdyň görnüp dur.
1950-nji ýyllarda, entek mekdep okuwçysykam men drama gurnagyna gatnadym. Artist bolmagyň aladasynda boldum. Men ol wagtlar oýnaýan oýunlaryny artistleriň özleri ýazýandyr öýdüp, artist bolup, oýun ýazmagyň höwesindedim. «Boýuň kelte, sesiňem gyryk» diýip, meni synagdan geçirmediler. Emma synagçylaryň beýleräginde oturan bir görmegeý ýaş ýigit maňa köp soraglar berdi. Ahyram: «Maňa daşarda garaş, ikimiz gürleşeli» diýdi. Ol ýigit şol wagtlar Moskwada teatr ugrundan okaýan ekeni.
Esli wagtdan daş çykyp: «Sen edebiýaty gowy görýän ekeniň. Köp eserlerem okapsyň, artistleriňem köpüsini bilýäň. Belki, meň ugrumdan gidersiň?! Teatry öwreniji bolarsyň!» diýdi. Şeýdip, men teatr ugrundan okuwa girdim. Bäş ýyldan soň okuwymy tamamlap, halypam bilen bir ýerde, bir bölümde, Türkmenistanyň Medeniýet ministrliginde işe başladym. Kyrk ýyl bir edarada işläbem, hormatly dynç alşa çykdym. Ýöne häzirem teatrda işleýän. Pýesalar düzýän, terjime edýän, ýatlamalar ýazýan. Ine, şu ýazgym meni ugrukdyran, köp zady öwreden, sabyrly bolup, her eseri 2-3 gaýra (iň pesinden) gaýtalap işlemegi öwreden halypam, guýmagursak sungatçy Aşyr Mämiliýew hakynda.
Durmuşda öz ornuňy tapmak kyn mesele. Sen onda ýykylarsyň, sürşersiň, ýöne ýene aýaga galmagy başarmaly. Ana, şonda ýanyňda ygtybarly ýoldaş, goldaw gerek. Ol saňa hemaýat goluny uzadar, seni ýene dogry ýola salar. Ine, şol kişi hakyky dostdur. Ol seniň kämil çykmagyňy, aýagyň ymykly ýer tutmagyny isleýändir. Aşyr Mämiliýew Tejende halk teatrynyň agzasy bolup, «Kakamyň arzuwy», “Allan aganyň maşgalasy” ýaly ençeme oýunlarda oýnap, Moskwanyň A.Lunaçarskiý adyndaky teatr institutyny tamamlap, 1960-njy ýylda Medeniýet ministrliginde işe başlady.
«Edebiýat we sungat» gazetiniň sungat bölüminde, ministrligiň Baş sungat müdirliginde, repertuar-redaksion kollegiýasynda ýolbaşçy bolup, ençeme ýyllar zähmet çekdi. Ol 1979-njy ýylda Türkmenistanyň Medeniýet ministri edilip bellenip, bu wezipede 13 ýyl zähmet çekdi. Soňra kino sungatymyzyň ösmegine, Medeniýet institutynda ýaş hünärmenleriň ýetişdirilmegine uly goşant goşdy.
Aşyr Mämiliýew «Üç çynar», «Ýedigenim ýedi ýyldyz», «Çatrykda», «Söýgi duralgasy», «Keseki», «Oýun bir, maza iki», «Toý», «Garagum balladasy»... ýaly ençeme drama eserlerini döretdi. Halypa: «Pýesa ýazmak üçin diňe bir teatr sungaty bilen tanyşmak ýeterlik däl. Ol diňe bir badalga. Esasy zat zehin gerek. «Zehin gerek» diýip tekrarlasam, ol maňa bolluk bilen eçilendir öýdäýmäň! Men ençeme pýesa ýazanam bolsam, özümi uçursyz zehinli dramaturg saýamok. Teatra belet bolanym üçin hökman pýesa ýazmaly diýen pikir hiç wagtam meni azara goýmandy. Ýöne şeýle bir pursat geldi, ýazmasam bolmady. Kalbymda ile ýaýmaly zatlaryň bardygyny aňanymdan soň, ýazman durup bilmedim» diýip belleýär.
Hormatly Prezidentimiz: «Islendik döwletli işi amala aşyrmak üçin sabyrlylyk, erk, tutanýerlilik gerek» diýip ýazýar. Aşyr halypa gaty sabyrlydy, özüne erk etmegi başarardy. Iş stolunyň başyna geçip oturansoň, bir egne 8-10 sagat galman işläp bilýän tutanýerli adamdy. Her bir işiň soňuny ölçermäni başarýardy. Jogapkärçiligi duýýardy. Aýtjak zadyny köp ölçerip, soň aýdardy. Bazar Amanow ýazan eserini ilki ynanyşýan adamlaryna okap, olardan maslahat almagy halardy. Ol «Mollanepes» pýesasyny bize okap berende, halypam: «Bazar aga, siz Mollanepes bilen bir hatarda Kemine şahyram görkezýäňiz. Uly adamlar barada ýazmak gowy zat, ýöne Kemine ýaly degişgen şahyry görkezseň, birden Mollanepes pese düşäýmesin! Mollanepesiň keşbini ýasaýşyňyz öwgä mynasyp. Keminäni başga ýagdaýda görkezäýeli» diýende, Bazar aga onuň maslahatyny iki elläp goldady.
Aşyr Mämiliýew drama eseriniň teatrda döreýändigini, keminiň-köstüniň artistler tarapyndan syntgylanýandygyny juda gowy bilýärdi. Şonuň üçin ol ýaş awtorlaryň teatr bilen jebis aragatnaşyk saklamagynyň tarapdarydy. «Häzir gyzmaçlyk ýa howlukmaçlyk iş bitirmeýär. Teatr bilen dramaturgyň öňküdenem has beter ysnyşmagy gerek. Teatram, dramaturgam ikisiniň bir jübütdigini unutmaly däldir. Birek-birekden göwün etmäge pursat ýok, gowy drama eseriniň teatrda döreýändigini biziň hemmämiz bilýäris ahyryn. Şonuň üçinem teatr-a dramaturgy gözlese, dramaturgam teatryň bosagasyndan, iň bolmanda, bir gezek ätlese, iş şowuna bolar».
Halypamyň bu sözleri şu günler, teatrdan edilýän talabyň ýokarlanan döwründe hasam ýerliklidir.
Aşyr Mämiliýew dogry belligi jany-teni bilen kabul ederdi. Men onuň Begi Suhanow bilen bile ýazan «Lallak bilen Wellek» atly oýnunyň goýluşynyň çeperçilik derejesiniň pesdigi üçin oýnuň jemgyýetçilik görkezilişi gurnalanda, teatry, onuň täze oýnuny tankyt etdim. Men hut onuň öz golastynda işlesemem, ol menden gaty görmedi, gaýta dogry eden belliklerim üçin hoşallyk bildirdi. Aşyr Mämiliýew milli dramaturgiýamyzyň ösmegi üçin köp aladalar etdi. Öňki Soýuzyň çäginde zähmet çeken, ady dünýä belli dramaturglaryň Aşgabada gelip, ýaş awtorlar bilen bir aýlap işleşmegini gurap bildi: Annaberdi Agabaýew, Juma Hommatdurdyýew, Durdy Baýlyýew... hut şol seminarlara gatnaşyp, I.Ştogyň, G.Goriniň, A.Makaýonogyň... ýolbaşçylyk etmeginde eser döretdiler. Halypam gazetde işlän döwründe ençeme synlar ýazdy. Ol synlara juda jogapkärçilikli garaýardy. Aşyr Mämiliýew işgär saýlap almaga juda ökdedi.
Kompozitorlar D.Öwezowyň, R.Gutlyýewiň, D.Hydyrowyň, A.Çaryýewiň, dramaturglar T.Taganowyň, T.Hojakgaýewiň, A.Agabaýewiň, şahyrlar I.Nuryýewiň, A.Akmämmedowyň, tankytçylar S.Myradowyň, A.Annaýewiň milli medeniýetimiziň ösmegine goşant goşmaklaryny gazandy.
Men şu ýerde bir syram açaýyn. Halypam ömründe ýekeje aýdymyň sözüni ýazdy. Kompozitor Ata Esadow oňa saz döretdi.

Köşegiň men, ak süýt berdiň.
Läleläpjik, jan ene!
Gijelerne hupbat gördüň,
Hüwdüläpjik, jan ene!

Hemme zadyň başlangyjy,
Sen ezizim, jan ene!
Ene toprak döküp ýaşyn,
Eňremezmi, jan ene!

Täzeden men çaga bolsam,
Insem dünýä, jan ene!
Didaryňy birje görsem,
Ýok armanym, jan ene! —

- diýip, ýüregiňi elendirýän aýdym dünýä indi. Ony atly aýdymçylaram, ýaş höwesjeňlerem şu güne çenli höwes bilen aýdýarlar.
...Bir gün halypam gyssanyp, kireýne maşyn tutýar. Ýol hakyny berjek bolsa, sürüji ony tanap: «Siz Aşyr Mämiliýew, «Jan enem» aýdymynyň awtory dälmi? Sizden hak alsam, günä bolar, biwagt öten enem meni ýazgarar» diýýär. «Jan enem» aýdymy ýürekden çykan, ýüreklere tiz ýol açýan aýdym. Ol enelere goýlan heýkel ýaly. «Dramaturgiýa meni ajaýyp adamlar bilen, ajaýyp artistler bilen duşurdy. Şol duşuşyklar meniň üçin durmuş mekdebi bolupdy. Şol duşuşyklar bolmadyk bolsa, diňe bir dramaturg-a däl, adam boljagyňam gümana».
Halypamyň bu sözleri maňa-da gönüden-göni degişli. Beýik ynsan, ýiti hem kesgir zehinli, sungata jany-teni bilen berlen, teatry özüniň örki, öýi hasaplan, ýaşlara tälim bermekde pederlerimizden galan milli ýörelgelere daýanan kärdeşim biziň hakydamyzda müdimi galar.

Hudaýberdi BÄŞIMOW,
Türkmenistanyň at gazanan medeniýet işgäri.
Категория: Teatr we kino sungaty | Просмотров: 35 | Добавил: Orhideýa | Теги: Hudaýberdi Bäşimow | Рейтинг: 0.0/0
Всего комментариев: 0
Имя *:
Email *:
Ähli smaýliklar
Код *: