18:14
Owadan
OWADAN

Men saňa hüýr, melek diýib-ä bilmen,
Ol-a däl sen, emma, dünýäň owadan.
Gözleriň ummama meňzedip bilmen,
Keşbim galan gara didäň owadan.

Ak gara-da çalymdaş däl bilegiň,
Ak ýürekli gara teniň owadan.
Ýaňagyňda halyň ýok hem bolsa-da,
Gabakdaky gara meňiň owadan.

Mahmal kimin owsun atmaz saçlaryň,
Ykbalym deý buýra saçlaň owadan.
Timarlanyp, ýaýa meňzäp durmadyk,
Boýalmadyk gara gaşlaň owadan.

Aýlanyp- öwrülip barjak menzilim,
Ýakynlamdan hemme delden owadan.
Ýüregimde orun alan şol gülüm,
Dag bägüli şäher däl-de obadan.
Owadan, hemme gülden owadan.

■ BELKI, GELERIN

"Ýaşadykça göwnüm zenandan sowap,
Saňa göwün beren bolsa bildiňmi..."
Baýram AKATOW.


Islegim köplük däl, ýekelik, çola,
Örän köp gussalam bakyp dur güle,
Dünýede söýgiden geçip şoň bile,
Belik, ölerin.

Gör, seni oýlasam, ýatlasam meger,
Bir güýj-ä mydama başymy eger,
Ýok bolsa bir minut gaýgy-gam eger,
Belik, gülerin.

Meň bilen bir bolup alaýsaň demi,
Garaşsaň, göreşseň, etmeseň jeňi,
Hem-de şondan artyk sorasaň meni,
Belki, gelerin.

Ahmet ARAZOW.
Категория: Goşgular | Просмотров: 53 | Добавил: Ahmet | Теги: Ahmet Arazow | Рейтинг: 2.0/1
Всего комментариев: 6
0
6 Şasenem   [Mowzuga geç]
angel2

0
5 Ahmet   [Mowzuga geç]
Bellikler üçin minnetdar!

0
4 Ahmet   [Mowzuga geç]
Boýamak sözüni galam bilen çyzmak, sürme çalmak we ş.m manyda alypdym.

0
3 mango   [Mowzuga geç]
Gaşlary saçlar diýip okapdyryn. :-)
Bagyşlaweri...
Ýöne, ýene-de... gaşlar boýalýamy?
Alynýanyny, inçeldýänlerinä bilýän welin...

0
2 mango   [Mowzuga geç]
Boýalmadyk gara gaşlaň owadan.
—-
“saçyň şeýle bir gara welin ony boýamagam gerek däl, boýagsyzam şar-gara” diýjek bolupsyň welin ters many beripdir.... как будто “boýalmadyk gara saçyň owadandy, näme üçin ony sara boýadyň?” diýýän ýaly...

0
1 mango   [Mowzuga geç]
Ýaňagyňda halyň ýok hem bolsa-da..

1) Ýaňagyňda halyň ýok hem bolsa...
2) Ýaňagyňda halyň ýok bolsa-da...

Haýsysy douru, dowry, dogry?
“hem” bilen “..-da” biri birine päsgel berýän ýaly.
Ýa “-da”-ny ýa-da “hem”-i aýyrmaly.

Имя *:
Email *:
Ähli smaýliklar
Код *: