16:22
Goşgular
GOŞGULAR

Waleriý Gordeýew Çärjew şäherinde doguldy. Ulýanow-Lenin adyndaky Kazan döwlet uniwersitetini tamamlandan soň ol Garagalpagystanda respublikan gazetde işledi. Birnäçe goşgular kitabynyñ awtory.

* * *

Oba göçdi güplenilýän döwürden.
Indi işlemeli zamana geldi,
Täzeçe oýlanyş kemala geldi,
Bilýäs, söz bilen iş ayra çykýardy,
Derýalaň gözbaşy laýdan akýardy.
Ýerden syzyp çykýan
Çeşmäň gözbaşyn
Arassalap,
Gana-gana içeliň.
Hem ondan güýç toplap,
Ruhumyz saplap,
Howandar bolalyň birek-birege.
Gaharlarmyz dyňzap, agram salmasyn,
Näzik ýürege.
Çünki ýollaň öwrümi kän,
Öwrümi,
Söz bilen däl,
Iş bilen
Bezäliň bu döwrümi!

* * *

Tolkunlar
Bat bilen
Kenara urýar,
Kenarda bir gämi,
Bir ýalňyz gämi,
Tolkunlara garşy söweşe girýär,
Ho-ol uzakda bolsa
Ap-ak çelgiler
Misli kümüş deý
Ýol görkezip başga-başga kenara
Ýylpyldaýar,
Galpyldaýar,
Gamyş deý,
Misli süri-süri ördekler ýaly,
Güsürdäp, oýanýar bu jümle-jahan,
Gämi hem asmana uçaýjak weli,
Ony polat zynjyr saklaýar arman.

* * *

Maňa: “Sen gyzma” diýýäler,
“Sen näme közmi?” diýýäler.
“Näme beýdip şirin janyňy ýakyp,
Et diňe öz aladaňy” diýýäler.
Şonda gözüm garaňkyrap,
Bolýar meniň halym harap.
Ajy derler iýýär gözümiň ýagyn,
Çöl-beýewanlyk meň, hem solum, sagym.
Agzymdan ak köpürjikler
hem gara gan syçraýar.
Misli men bir agyr derde uçraýan.
Emma men şonda-da göwnümdäkini
Aýtmasam bolanok,
Maňa dymmak bolanok.

* * *

Bir-birinden haýbatly
Adamlar ötdüler ullakan atly.
Edilmeli işler weli
Öňümizde keserilip ýatyrdy,
Seslerden, harplardan hem-de sözlerden
Elipbiý ýasan –
Transportlarmyzy aýyrýas bu gün,
Düýn dälmidi sesimizi çykarman
Oturanymyz?
Düýn dälmi, nähak ýerden
Basylanmyz, atylanmyz?
Dul galan gelinleň, mährem eneleň
Düýn dälmi, gözýaşlarnyň kepäni.
Öz halkynyň mertebesin
Aýak astyna depeläni
Süýşürip bir ýana dagy-depäni
Bu gün ile peçan edýäs
Eli şybykly hem harby eşikli
Bir hökümdary.
Gan siňen toprakda biten otlaryň
Ajysy köküne siňmezmi eýse?
Kimde-kim halkyny batgada goýsa,
Halkyň hakydasy doňmazmy eýse?
Ýok, biz öten günleň hatalaryny
Hakymyz ýok bagyşlaly diýmäge.
Bagyşlasak,
Iýýän çörek-duzumyz
Eýse, baglamazmy görer gözümiz?!
Tenimizde tyg ýarasy bitse-de,
Awap durmanmy nä ýürek awumyz?
Şemala aldyrsak gyzyl baýdagy
Azdygy dälmidir biziň gäbimiz?!
Elden giderdigmiz dälmi däbimiz?!
Sönüp barýan şemem sönmejek bolup,
Eýse, tümlük bilen göreşmeýärmi?
Arly gyş buz bilen örtülen zemin
Arzyly ýazyna garaşmaýarmy?

Waleriý GORDEÝEW.

Terjime eden Allaýar ÇÜRIÝEW.

“Edebiýat we sungat” gazeti, 2.11.1988 ý
Категория: Goşgular | Просмотров: 23 | Добавил: Hаwеrаn | Теги: Waleriý Gordeýew | Рейтинг: 0.0/0
Всего комментариев: 0
Имя *:
Email *:
Ähli smaýliklar
Код *: