Şahyr şahyr däldir arz edip ýörse, - Şu goşgyň özem durşuna arz bolup dur. Erkek erkek däldir karz edip ýörse, - Revo menden öňürdipdir. meňem bergim bar Halk başyna towkudyr ol hökümdar Akmagyň işini dürs edip ýörse. - dürs etse gowy, dürs hasap etse kyn. başga- da towkulyk häsiýetler kän Özümizi özümiz kän aldadyk, - dogry Melulmydyk ýa-da serhoş haldadyk? -bilemok, geçiň Düşünmedim çarhy pelek oýnuna, - özümizden Gülmeli ýerinde çyndan agladyk. - aglamaly ýerinde güldük.
Bu ne döwür, ne ahwalat, ne jebir?! - bilemok, geçiň. Ýaňralar serçe deý jibir-de-jibir. - dogry. Tokaý otlap, at gazanan kişi kän, - tokaý otlap, agaç dikdi adyny alýanlar näme Gyzgan bitýä indi, tokaýdy nebir! - meň ýadyma düşenok
Dostuň gaplaň çyksa, wah, armanym ýok! - seni iýmese bolýar. Ýylan bolup çaksa, wah, dermanyň ýok! - meni çakmasa bolýar. Tomus güni serçäni dost tutundym, - zyýansyz guşjagaz (iýse-de bolýar) Döwek döwüp goýan, wah, harmanym ýok! - ýeke serçäň işi däldir
Pederin ynjydan zürýat ne derkar, - peder ýalňyş ýolda bolsa näme? Ganhoryň ýasynda perýät ne derkar. - her kimiň ýasynda çagasy perýat edýär Ýakama tüýkürdim bir gün aýlawda, - noçomment Eşek ýaryşynda bedew ne derkar? - bilemok, geçiň. (at ýaryşynda eşek birinji gelse näme?) Akar suwuň bulananyn gördüm men, - menem Döwranlaryň dolananyn gördüm men. - menem Erem bagyn wada berip dilinde, “Pygamberleň” gomalanyn gördüm men. - ýakama tüýkürdim (diýen sözüňi okap)
Şahyr şahyr däldir arz edip ýörse - bolýar. Erkek erkek däldir karz edip ýörse - ýeter - ýetmeziň çagasy erkek däl. Halk başyna towkudyr ol hökümdar Akmagyň işini dürs edip ýörse - akmak, akmaklygy üçin haksyzmy?! Beh, örän geň pikir ýüwürtme...
Özümizi özümiz kän aldadyk, Melulmydyk ýa-da serhoş haldadyk? Düşünmedim çarhy pelek oýnuna, Gülmeli ýerinde çyndan agladyk - gowy, örän gowy...
Bu ne döwür, ne ahwalat, ne jebir?! Ýaňralar serçe deý jibir-de-jibir - serçeleri kemsitme ýaly bolupdyr. (Serçelerem boş ýaňraýan däldirle) Tokaý otlap, at gazanan kişi kän, Gyzgan bitýä indi, tokaýdy nebir - ýanyk ýerde köp ýyllaryň dowamynda ösümlik ösmeýän bolmaly. (Haşal otlary ýoklamak üçin mellek ýerlere kül dökülýändir)
Dostuň gaplaň çyksa, wah, armanym ýok - gaplaň deregine arslan sözüni ulalan bolsa has ýerlikli bolardy. Arslan - gaýduwsyzlygyň, batyrlygyň, mertligiň, adyllygyň, hökmürowanlygyň nyşany hökmünde-de edebiýatda ulanylýar. Ýylan bolup çaksa, wah, dermanyň ýok - ýylanyň zäherine, ýylanyň zäheri bilen em edilýär. Tomus güni serçäni dost tutundym - ýene serçemi, beh... Döwek döwüp goýan, wah, harmanym ýok!
Pederin ynjydan zürýat ne derkar, Ganhoryň ýasynda perýät ne derkar. Ýakama tüýkürdim bir gün aýlawda, Eşek ýaryşynda bedew ne derkar - bolýar.
Akar suwuň bulananyn gördüm men - güýçli akymly, akar suw, akýan ýerini bulandyrýandyr. Döwranlaryň dolananyn gördüm men. Erem bagyn wada berip dilinde, “Pygamberleň” gomalanyn gördüm men - gomalmak - gomparmak?! Menä kellämden ýokary bökjek bolmazdym. (Bu gün dil özüňki bolsada, ertir ýaradanyňky)