09:02
“Kalbymy howaýy otlamadym men...”
"KALBYMY HOWAÝY OTLAMADYM MEN..."

Baslygyp-baslygyp, galňady gussam,
Ýadamadym senli ýatlamadan men.
Men päkize söýgä bagrymy dildim,
Kalbymy howaýy otlamadym men.

Süýt reňkli gijede ysytmaly deý
Garaşardym köňlüm berip galpylda.
Sen ahyr gelerdiň ýalbyrap, ýanyp,
Asmandan bir ýyldyz inen deý ylla.

Saçlaryň ujuny oýnar durardyň
Meňzäp owal-ahyr iň gözel şygra.
Etsem-petsemlerden doludy köňül,
Arzuwlar uludy, çäksizdi.
Soňra...

Emma durmuş...
Birikmedi ykballar,
Sähel sebäp aýra saldy ýolumyz.
Soň birek-birege ýada öwrüldik:
Bir-biregi tanamaýan ýaly biz.

Şeýdip ýyllar geçip gitdi tirkele,
Ýürege awuly tagmasyn basyp.
Bagtymdan nalamok.
Bagtly men.
Ýöne
Senli bagta bolmadygma mynasyp
gyýylýan käteler ejizlän çagym,
Aram tapýan senli ýatlamadan men.
Sebäp, tämiz söýgä bagrymy dildim,
Kalbymy howaýy otlamadym men.

Sapa HOMMADOW.
Категория: Goşgular | Просмотров: 78 | Добавил: Pegas | Теги: Sapa Hommadow | Рейтинг: 2.5/4
Всего комментариев: 3
0
3 nurgeldiyewam232   [Mowzuga geç]
Ýa-ha meniñ poeziýa düşünjäm özgerdi ýa-da şu awtoryñ goşgulary üýtgedi.Bilemok ýöne men awtoryñ soñky ýazýan paýlaşýan goşgularyny nehä gowy görüp bilýän ne-de ýigrenip.
Geleliñ "Süýt reñkli gijä"
Meñ pikirimçe bu ýerde aý aýdyñ gijäni göz öñünde tutandyr.Aý aýdyñ sözem kän ulanylansoñ süýt reñkli gije diýendir.
Ýöne muny bu sypatyñ ilkinji eýesindenem sorap görsek gowy bolar:

"Süýt reñkli gijede elde galgadyp,
Sygryñ dili ýaly oýnuñ petegin"

(S.Geldiýew "Teatrda")

Seýitmyrat halypa özüniñ täze ýasan söz düzümini täze tapan sypatyny şeýle söýüpdir welin ady agzalan goşguñ iki ýerinde ulanypdyr.
Seýitmyrat halypañ gijeler barada ýene bir sypaty bar:
"Gyz ysly gijede günä ýolukdym".

Beý diýsem Seýitmyrat halypa hemme sypaty özi tapýandyr öýdäýmäñ:

"Gamyş ganat ak türpek şüñkar deýin"

(S.Geldiýew)

"Gol degmemiş şüñkarym gamyş ganat ak türpek"

(Magtymguly)

Umuman şeýle meñzeşlikleri şahyrlar köplenç özleri bilmezden ulanýarlar.Ýogsam Seýitmyrat halypada şu awtoram özboluşlylyga dyzaýan şahyrlar.Olar goşguny ýatdan çykarsalaram ulanan sypatlary kellelerinde saklap soñabaka özleriniñkidir öýdüp ulanýan bolmaly.

Goşguda ýekeje setiri haladym:
"Kalbymy howaýy otlamadym men".
Galany meñ pikirimçe "howaýy otlanan" ýaly.Awtora üstünlik arzuw edýän!

0
2 myhman   [Mowzuga geç]
"Süýt reňkli gije"
menä süýt reňkli gijäni gözöňüne getirip bilmedim, bro. süýt reňkli säher diýen sözüň leji çykdy, şonuň üçin süýt reňkli gije diýäýeýin diýdiňmi?
Halan setirim:
Aram tapýan senli ýatlamadan men
bu setiri hem "Aaram tapýan senli ýatlamaLARdan" bolsa has gowy bolaýjak ýaly.

0
1 myhman   [Mowzuga geç]
Sapa, howaýy otlamak nähili otlamak bolýar?
boşuna, gury ýere, netijesiz, biderek ýere, ýalandan otlamak diýen ýalymy.

Имя *:
Email *:
Ähli smaýliklar
Код *: