21:24
1937
1 9 3 7

Otuz ýedi, NKWD. Türmeler,
Gije. Sorag hem sögülme, urmalar.
Kamera salynan mertlik, dönüklik.
Ömür. Ölüm.
Agyr zulum.
Köçä taşlanan çagalar.
Ýürek paralaýan zaryn agylar.
Oklaryň zarbyna
Ýere togalanan gara telpekler.
Traktora süýrelen
Müňläp-müňläp jesetler.
Aýaza bürenen ümmülmez Sibir,
Kemsidilme, ezýetler,
Azat ýurtda çykýan azat gazetler.
Bir ýanda ýaňlanýan belent aýdymlar,
Bir ýanda iňleýän belent adamlar.
Doly üstün çykan sosializm.
Agyr maňa ýazmak goşgynyň yzyn...

Allaýar ÇÜRIÝEW.
Категория: Goşgular | Просмотров: 63 | Добавил: Hаwеrаn | Теги: Allaýar Çüriýew | Рейтинг: 0.0/0
Всего комментариев: 0
Имя *:
Email *:
Ähli smaýliklar
Код *: