21:12
Sungata baglanan ykbal
SUNGATA BAGLANAN YKBAL

Köpekmyrat ejesinden kakasynyň gargy tüýdügi bilen il göwnüni awlaýşy barada kän gürrüňler eşidipdi. Ol mekdepde okap ýören ýyllary aýdym-saz, drama gurnagynyň işjeň agzalarynyň biridi. Onuň sungata bolan söýgüsine göz ýetiren mugallymlary: «Senden oňat mugallym-a çykar welin, teatr ugrundan gitseň, juda-da ýerine düşer» diýip maslahat berýärler.
Köpekmyrat Akow 1941-nji ýylyň maý aýynyň 5-inde Mary etrabynyň Mülkbagşy obasynda dogulýar. Ol barada bagşyçylyk sungatyny öwreniji, žurnalist Agamyrat Gylyjow «Miras» kitabynyň «Köpekmyrat Akow» atly bölüminde: — Bir pursat ýadymda. Gurnak ýolbaşçymyz Akmyrat Hümmedow bizi okuwdan soň alyp galdy-da: «Şu gün sahna oýnumyzy doly taýýar etmesek boljak däl. Ertir hasyl toýy. Oňa sowgatsyz barsak, gelşikli bolmaz» diýdi. Biz o gün «Keýmir kör» sahna oýnuny sahnalaşdyrmak üçin uzak gije zähmet çekdik. Halkyň öňüne sahna oýnunyň tanyşdyrylyşy boldy. Men Mürzäniň keşbinde oýnadym. Şowly bolandyr-da. Köpçülik el çarpyşyp garşy aldy. Spektakl gutaransoň, ýanyma bir agajet adam gelip, elimi gysdy. Ol meni Lunaçarskiý adyndaky döwlet teatral institutyna okuwa girmäge-de çagyrdy. Ol agajet adam sahna ussady Aman Gulmämmedow eken. Men oňa «bolýaram» diýdim. Ýöne göwnümdäki bolmady. Ejem hassalap: «Balam, agaň Annamyrat janam okuw-beýleki diýip, hemişe sergezdan. Kakaňyňam fronta diýip gidişi. On sekiz ýyldyr gözümi ýoluna dikip oturanyma. Senem alys ýere gitseň, ýalňyz galyp, içim gysar» diýip, gözýaş döküp duransoň, menem bir depen ýerimi depip, kejirlige tutup durmadym — diýip, Köpekmyrat oglanlyk ýyllarynyň wakalaryny ýatlady» diýip ýazýar.
1958-nji ýylda orta mekdebi gowy bahalar bilen gutaran Köpekmyrat bir ýyldan köpräk wagt Marynyň kolhozara gurluşyk edarasynda işçi bolup zähmet çekýär. 1960-njy ýylda onuň durmuşynda uly özgerişlik bolup geçýär. Ol häzirki Türkmenabat şäherindäki Seýitnazar Seýdi adyndaky Türkmen döwlet mugallymçylyk institutyna okuwa girýär. Oňa bu ýerde Goçy Meredow, Agamyrat Şamyradow, Aga Mämmedow ýaly sungaty öwrenijileriň elinde tälim-terbiýe almak miýesser etdi. Köpekmyrat bu ýokary okuw mekdebinde okan ilkinji ýylyndan başlap, Juma Toýlyýewiň ýolbaşçylyk edýän halk teatrynyň höwesjeň artisti bolup, spektakllarda keşpleri döredip başlaýar. Şeýdip, sungata örküni baglaýar.
B.Kerbabaýewiň «Kim kimi söýýär», O.Akmämmedowyň «Sekizinji hazyna», H.Derýaýewiň «Ykbal», B.Pürliýewiň «Sapançaly aýal» eserleri — ine, bular halk teatrynyň sahnasynda orun alan spektakllardy.
1966-njy ýylyň bahar paslynda Aşgabat şäherinde halk teatrlarynyň arasynda döwlet derejesindäki bäsleşik geçirilýär. Oňa mugallymçylyk institutynyň halk teatrynyň ýaş artistleri-de ýazyjy Hydyr Derýaýewiň eseri esasynda goýlan «Ykbal» spektakly bilen gatnaşdylar. Bu spektakl birinji baýraga mynasyp boldy. Köpekmyrat hem iň gowy erkek keşbini döredeni üçin birinji orna mynasyp görülýär.
K.Akow institutda ilki gündizki, soňra gaýybana okap, «Türkmen dili we edebiýaty hem-de aýdym mugallymy» hünärini ele alýar. 1968-1976-njy ýyllarda ol bu ýokary okuw mekdebiniň talyplar klubynyň müdiri wezipesinde işleýär. Şol bir wagtda «Jeýhun» wokal-instrumental ansamblyna-da ýolbaşçylyk edýär.
...«Jeýhun» wokal-instrumental ansambly Türkmenabat şäheriniň merkezi medeni seýil we dynç alyş bagynda çykyş edýärdi. Tomaşaçylar aýdym-sazlara, tansçy oglan-gyzlaryň ussatlyk bilen ýerine ýetirýän tanslaryna tomaşa edip, ruhy lezzet alýardylar. Tomaşaçylaryň arasynda, öňdäki hatarda Nepes Bazarow (ol şol wagtlar welaýat medeniýet müdirliginiň başlygydy) hem bardy. Ansamblyň höwesjeň artistleriniň her bir çykyşyny dykgat bilen synlaýan Bazarowy konsertiň guramaçylykly tarapy, sahna medeniýeti, sahnanyň estetiki bezegi özüne
çekdi. Konsert Nepes Bazarowa ýarady, ol ansamblyň ýolbaşçysy Köpekmyrat Akow bilen duşuşyp, gürrüň etdi. Ony welaýat medeniýet müdirligine işe geçmäge yrdy.
1976-1998-nji ýyllarda K.Akow halk döredijiliginiň we medeni aň-bilim işleriniň welaýat ylmy-usulyýet merkeziniň direktory wezipesinde işleýär. Şol ýyllarda welaýatyň medeniýet edaralarynyň işinde köp täzelikler, üstünlikler bolup geçdi. «Ýassydepe nagmalary», «Çapak», «Balsaýat», «Akdere», «Ak altyn» ýaly folklor ansambllarynyň döredilmeginde, senet ussatlarynyň, bagşy-sazandalaryň uly toparynyň welaýat, döwlet derejesinde adykmagynda Köpekmyrat Akowyň uly hyzmaty bar. Onuň tagallasy bilen welaýatyň medeniýet edaralarynyň iş tejribeleri barada gollanma kitaplar, bukletler, plakatlar çap edildi. Bu edaralaryň arasynda bäsleşikler, sergiler, maslahatlar geçirildi. Medeniýet edaralaryna ýygy-ýygydan usuly kömekler berildi. K.Akow 1998-2008-nji ýyllar aralygynda Lebap welaýatynyň Seýitnazar Seýdi adyndaky döwlet sazly drama teatrynyň baş ýolbaşçysy wezipesinde işleýär.
Teatryň döredijilik topary dramaturglar G.Daňatarowyň «Soňky jaň», A.Rahymowyň «Lukman Hekim», H.Bäşimowyň «Azaşan yzyny tapsa ýagşy», B.Abdyllaýewiň «Küşt we yşk» oýunlaryny tomaşaçylara hödürledi.
Teatrda B.Mämmedowyň «Howsala salan hat» atly eseri esasynda režissýor M.Jumageldiýewiň goýan adybir oýnunda hut şu günleriň wakalary beýan edilýär. Ynsanyň başyndan geçirýän ruhy ahwalatlary, duýgulary, häsiýetleri, ajaýyp pikirler öňe sürülýär. Dramaturg D.Öräýewiň dramasy esasynda sahnalaşdyrylan «Howply erteki» oýnuny režissýor R.Ilmyradow sahnalaşdyrdy. Bu oýunda çaga durmuşyndaky wakalar yzarlanyp, ot-ýalyndan ägä bolmak, ot oýnamazlyk ýaly meseleler barada gürrüň edilýär.
Režissýor, häzir teatryň ýolbaşçysy M.Sylabow dramaturg G.Daňatarowyň «Syrak» eserini sahnalaşdyrdy. Oýnuň mazmunyndaky ruhy işjeňlik, watansöýüjilik we wepalylyk tomaşaçylar tarapyndan gyzgyn garşy alyndy. Teatryň döredijilik topary bu spektakl bilen Müsüriň Kair şäherinde eksperimental teatrlaryň arasynda geçirilen XIX Halkara festiwalyna hem gatnaşyp, üstünlikli çykyş etdi. Dramaturg G.Daňatarowyň «Patyşa pähimi» spektaklyny zehinli režissýor M.Sylabow sahnada goýdy. Bu sahna eseri Türkmenistanyň Prezidentiniň «Türkmeniň Altyn asyry» bäsleşiginde ýeňiji boldy.
Hormatly Prezidentimiz: «Halkymyzyň ýürek urgusy bilen deň gadam basýan milli teatrymyzyň artistleriniň dünýä derejesine laýyk sahna eserlerini döretmegi üçin zerur şertler bardyr» diýip, jaýdar belleýär. Teatryň döredijilik işgärleri hem özleri hakynda edilýän alada anyk iş bilen jogap berýärler. Lebap welaýat medeniýet müdirliginiň başlygy Gurbandurdy Saryýew, Türkmenistanyň halk artistleri Babageldi Rejebow, Akjagül Suwhanowa, Türkmenistanyň at gazanan artistleri Babamyrat Aşyrow, Daňatar Gurbanow, Türkmenistanyň sungatda at gazanan işgärleri Mekan Sylabow, Myrat Haýtyýew, Türkmenistanyň Ýaşlar baýragynyň eýesi Çary Dolyýew, Türkmenistanyň Prezidentiniň «Türkmeniň Altyn asyry» bäsleşiginiň ýeňijisi Döwran Joraýew dagy Köpekmyrat Akowyň tälim-terbiýesini alan şägirtleridir. Olar şu günler döwrüň ruhuny açyp görkezýän medeni-köpçülik çärelerinde, sahna oýunlarynda tomaşaçylaryň göwnüni awlamagyň aladalary bilen ýaşaýarlar. Medeniýetimizi we sungatymyzy ösdürmekde bitiren uly hyzmatlary üçin Köpekmyrat Akowa «Türkmenistanyň at gazanan medeniýet işgäri» diýen hormatly at dakylýar. Şeýle hem ol Hormat hatlarynyň ençemesi bilen sylaglanýar. Ata-babalarymyz: «Altyn alma, alkyş al!» diýip, örän dogry aýdypdyrlar. Halypa Köpekmyrat Akow 2008-nji ýylyň fewral aýynda, 67 ýaşynyň içinde aradan çykanam bolsa, ol hakdaky ýakymly ýatlamalar ýüreklerde ýaşaýar.

Oral TEMIROW,
Türkmenistanyň at gazanan medeniýet işgäri.
Категория: Teatr we kino sungaty | Просмотров: 20 | Добавил: Orhideýa | Теги: Oral Temirow | Рейтинг: 0.0/0
Всего комментариев: 0
Имя *:
Email *:
Ähli smaýliklar
Код *: