13:11
Halturaçy we okyjy
HALTURAÇY WE OKYJY

HALTURAÇY:
- Bir gijede bir pýesa,
Bir hepdede bir roman.
Ýazyp-bozup ýatyryn,
Ýatsam-da men ýaraman.

Bäş ýylda on kitaby
Çykartmaklyk şygarym.
Ne işim baş agyrdyp,
Okalmasa şygyrym.

Bäş günde däl, bir günde,
Garalaýan müň setir.
Ýer şaryna uzaltsaň,
Bir däl, kän gezek ýeter.

Zehin bolup biläýsek
Däl ekeni ýeňil zat.
Günäkäri men däl-ä,
Dükany alsa kitap.

Meni ýatdan çykarsa,
Neşirýatyň plany.
Gönderýärin ýokaryk
Birje anonimkany.

Baý, baý onsoň nädersiň,
Ylgar ýörer redaktor.
Seni gören dessine
Diýer derrew “bor”, “bor”.

Kitabymdan-kitaba
Geçer ýörer zol-zol.
Her onlugyň yzynda
Bolsa bolýar nol, nol nol...

Goşguçy hem romançy,
Dramaçy adym bar.
Ýaşasyn goý neşirýat,
Petde-petde zadym bar.

OKYJY:
- Bäý-bä, sen-ä, halypa,
Halturanyň ussady.
Birje başarýan zadyň
Diňe golsuz “kyssady”.

Okap ýazan zadyňy
Boldum ýürek sgyrly.
Jan agam, haýpyň gelsin,
Goýma meni ahmyrly.

Ne walidol, ne karwolol
Waleriankaň... haýry ýok
Hiç hili däri-derman,
Kellagryňy aýranok.

Düýnki ýazan romanyň
Okap, jandan el üzdüm.
Indi bes, näçe ýyllap
Beren jebriňe dözdüm.

Suda berjek indi men,
Ähli ýazan zadyňy.
Ile perşan ederis,
Halturaçy adyňy.

HALTURAÇY:
- Şeýle töhmet atýany
Gelýärin göre-göre.
Seň ýalakyň näçesin
Iterdim çukur göre.

Düşünşeli, gel gowsy,
Gaýdyp tutma adymy.
Okamasaň okama,
Birje ýazan zadymy.

OKYJY:
- Maňa senden dynma ýok,
Görýän weli bu çakda.
Göçýän guma baş alyp,
Mekan tutjak bir kakda.

Hoş gal, eý, eziz mekan
Hoş gal, dogan-garyndaş.
Çagalary hor etme,
Eý, wepaly galam gaş!

“Oktýabryň ýalkymy” 30.5.87 ý.
Категория: Goşgular | Просмотров: 53 | Добавил: Hаwеrаn | Теги: Allaýar Çüriýew | Рейтинг: 0.0/0
Всего комментариев: 0
Имя *:
Email *:
Ähli smaýliklar
Код *: