10:17
Haýyşym...
HAÝYŞYM...

Ýyldyrym çakdyryp göreçlerimde,
Aladaly gabat gelýäň ýygydan
Hemem gursagymy otlap goýberýäň.
(Bagtyň bolsun, geçmişimi ýylydan!)

Käte hal-ýagdaýyň sorasym gelýär,
Artyk zadam islämok-la men indi.
Sebäp, birçak boýun aldym söýginiň
Seň eýeli ýüregiňde sönenni.

Ýöne meň gursagym sowabermedi,
Gün-günden örç aldy tutaşan ataş.
Haýyşym: ünjüli görmäýin, dünýäm,
Maňa bagtdan dolup-daşýarkaň sataş!

Sapa HOMMADOW.
Категория: Goşgular | Просмотров: 73 | Добавил: Pegas | Теги: Sapa Hommadow | Рейтинг: 4.4/5
Всего комментариев: 2
0
1 mango   [Mowzuga geç]
Sapa kaka. umumana nejis däl.
bäş ýyldyz setirinden öç ýyzldyzy ýaksa boljak (basdym).
ýöne, belliklerem aýdasym gelip dur.
"Ýyldyrym çakdyryp göreçlerimde, Aladaly gabat gelýäň ýygydan"
göreçlerde ýyldyrym çakyşy ilki bilen disneýiň multiklerindäki gözlerinde ot çykýan personažlary ýada düşürdi.
oňa aladaly gabat geleňde nämeüçin ýyldyrym çakmaly.
onyň aladasyndan beter alada-gaýgy saňa geçmeli ýaly...
häzirki deňeşdirmäň bir hili dogumlulygy, edermenligi hem aňladýan ýaly. gözünde ot ýanyp dur diýilýärä ederini bilen dogumlylara....
---
ikinjem, "Haýyşym: ünjüli görmäýin, dünýäm, Maňa bagtdan dolup-daşýarkaň sataş!" diýýäň. sen bagtly bol diýýäniň düşnükli, onda-da "çyn dost kyn günüňde ýanyňda bolar" diýen ýaly pähimlerem bar bolmaly. hemem indi ol saňa dost bolup galan ýaly. kyn günde goldaw bermegi bagtly gününde begenmekden has üstün hasaplaýaryn.
---
üçünjem başga biriniň maşgalasyna seni "ünjüli görmäýin, dünýäm" diýmäweri.
üstünlikler!

0
2 Pegas   [Mowzuga geç]
Bellikleriň üçin köp sag bol, Mango. Begendirýäň her gezek ünsüň bilen.

Имя *:
Email *:
Ähli smaýliklar
Код *: