21:47
Lenin komsomoly baýragynyñ laureaty Allaýar Çüriýewe gelen hatlardan
ÝÜREK EMIR ETSE...

«Orta asyrlardan galan türme bar,
Otuz ýediň gara gijelerinde».


«Otuz ýedi... Onuň deňinden ýaşap geçen-u, soňky nesil bu sanyň nämäni aňladýandygyny hiç bir köstsüz aýdyp bilse gerek. Emma halk şu çaka deňiç dymdy. Käte bir öz aralarynda pyşyrdaşaýmasalar dymdylar. Nägehan otuz ýedi bolsa, halk hernäçe dymsa-da, olaryň ýüreklerine barha tyg bolup basyldy. Ençeme adamlaryň ykbalyny düýpsüz gaflata sezewar eden bu syrly sanyň çöşlenmeli ýumagy üýtgedip gurmagyň köwsarlan ýeliniň ugruna kem-kemden tigirlenip ugrady. Soňky 4-5 ýylyň dowamynda ömürylla açylmadyk bu gat-gat bolup gatan ýumak, ahyrsoňy dillenip başlady. Şol syrly san türkmen halkynyň gerdenine-de az-küş ýük ýüklemedi. Parahat zähmet çekip, il derdine ýarap ýören birtopar ýönekeý, sada adamlar şahsyýet kultunyň agyr labryny, gör, nirelerde çekmeli boldular. Dogduk diýaryndan, dogan-gardaşdan ömürlik jyda düşürilen, Sibiriň baky doňakçylygyna hemişe sezewar edilen... adamlar, elbetde, biziň aramyzda ýok. Ýöne olaryň asyllylyk bilen il arasynda kethuda bolup, türkmen döwletiniň agzybir, zähmetsöýer halk bolmagy ugrunda öz janlaryny aýaman işländiklerini, bu gün, biz gamgyn ýatlaýarys.
Türkmenistanyň Lenin komsomoly baýragynyň laureaty, şahyr, žurnalist Allaýar Çüriýew bu babatda köp işleri edýär, uly iliň gaýgy-hesretine ýüregi bilen düşünip otuz ýediniň tagma basan yzalarynyň agyrysyny bile çekişmäge taýýarlygyny Allaýar eýýäm subut etdi. Gazetdir-žurnallarda, radiodyr teelewideniýede yzygiderli çykyş edip durýan ýazyjynyň baş temasy – otuzýediniň pidalarynyň keç ykballaryny yzarlamak. Her bir ynsan durmuşda ýaşap ýörse, ol halkyna wepa bermelidir. Olaryň şatlygyny, şagalaňyny, gaýgy-gamyny, agysyny deň çekişmeli. Çöken ýüreklere teselli bermegi başarmaly. Haýsy tarapdan çemeleşeniňde onuň ýürek yzasynyň tagapyl tapjakdygyny bada-bat duýmaly. Ýalňyş syýasatyň çuň girdabyna düşen, hiç bir kir-kimirsiz, açyk göwünli ynsanlaryň iň soňky giden ugruna tarap delmurup tamakinlik bilen bakýan gözler ýaşdan doldy. «Hiçden giç ýagşy» diýip, örän dogry aýdypdyrlar, öz hossarlarynyň gözlegine çykyp, olardan azda-kände habar bilmek üçin, çar ýana pelesaň urýanlara, ýürek emri bilen ýardam bermegi Allaýar öz öňünde borç edindi.
Sowet döwletiniň berkarar bolmagy ugrunda janaýaman göreşen ata-babalarymyzyň bitiren işleri, olaryň Leniniň, partiýanyň ideýalaryny wepalylyk bilen durmuşa ornaşdyran obrazlary ýazyjynyň ötgür galamynyň güýji bilen ile äşgär boldy. Onuň «Ýürek ýatlamasy», «Ýüregiň emri bilen», «Ömür kyssasy» diýen birnäçe taryhy-publisistik oçerklerden düzülen kitaplary halk tarapyndan teşnelik bilen garşylandy. Allaýar Çüriýew bu kitaplarynda 1937-nji ýylyň repressiýasyna sezewar bolanlaryň ykbalyny yzarlaýar. Türkmen halkynyň merdana ogullary ertirki günüň azatlygy, abadanlygy, röwşen geljegi üçin göreşip, baryny orta goýan döwürleri, gündiziň günortany ýyldyrym çakan ýaly, sen-men ýok «halk duşmany» dýlip, ýurtdan çykaryldy. Maşgalasyndan, öý-öwzaryndan, dogduk diýardan aýra salyndy. Ýagty günlere umyt baglan gözleriniň öňüne perde tutuldy. Döwlet, partiýa ýolbaşçylary Gaýgysyz Atabaýew, Nedirbaý Aýtakow, Halmyrat Sähetmyradow, Çary Wellekow, Suhan Babaýew, Nurjemal Durdyýewa, Ýakow Popok, Mihail Fonin, Garry Kulyýew, Bäşim Pereňliýew... we ýene-ýeneler, şol gazaply günlerde «üçleriň» «çeňňegine ildiler». Bular şu günümizi döretjek, özgertjek adamlardy. Emma ýaňy dogup gelýän günüň öňüni gara buludyň tutuşy ýaly, halkyň söwer ogullarynyň döwleti dolandyrmakda alyp barýan işlerine pitjiň atdylar. Olary garaladylar. Şeýdip, ummadan çykardylar. Diňe bular hem däl, başga-da erkana zähmet çekip ýören ýönekeý daýhan ogullaryny, işçileri, aktiw gelin-gyzlarymyzy şol gara perdä duwladylar.
Allaýar Çüriýew ýaltanman-ýadaman olaryň ykballaryny öwrendi. Gitdi, gördi, bildi, güzap çekip, olaryň hossarlarynyň ýüreklerine azda-kände teselli bermek üçin olary gözledi. Gözlegler netijesiz bolmady. Aýallar diňe bir türkmen halkynyň däl, eýsem beýleki milletleriň gara kerebe çolaşan merdana ogullarynyň ykballaryny hem bilmegi başardy. Onuň «Ýüregiň emri bilen» kitaby muňa şaýat.
Aladaly gözlegleriň misilsiz nyşany bolan bu kitaba Türkmenistanyň Lenin komsomoly baýragy berildi.
«Men ynsan diýen belent ada sarpa goýýaryn. 1937-nji ýylda pida bolanlaryň keç ykbaly meni öz günüme goýanok. Şol döwürde diňe bir partiýa, döwlet ýolbaşçylary däl, eýsem iň bir ýönekeý kolhoz çopany-da şol nälet siňen gazaba duçar bolupdyr. Ine, şolary bilmek, öwrenmek, olaryň maşgala durmuşyny goldamak meniň borjum hasap edýärin. Ýöne hernäçe žurnalistika üns bersemem, publisistik oçerkleri köp ýazsamam, men özümiň şahyrlygymda galýaryn». Bu jümleler şahyr, publisist-žurnalist Allaýar Çüriýewiňki. Ol özüniň şirin aýdymlary bilen diňleýjileriň arasynda öňden bäri tanalýar. Has takygrak aýtsak, 1969-njy ýylda onuň «Gel, obamyň lälesi» diýen goşgusy kompozitor Baýram Hudaýnazarow tarapyndan saza geçirilip, ilkinji aýdymy diňleýjilere ýetirdi. Zehinli şahyryň şu çaka deňiç 200 töweregi aýdymy aýdymçylaryň dilinde.
Şahyryň «Çynar», «Bereket», «Zeminiň owazlary» diýen goşgular ýygyndylary, şeýle-de «Alty aýdym» diýen kollektiwleýin ýygynda girizilen «Sumbar nagmalary» atly goşgular toplumy onuň talantynyň miwesi.
Allaýar Çüriýew häzir «Syýasy söhbetdeş» žurnalynyň baş redaktorynyň orunbasary bolup işleýär. Ol nirede işlese-de, öz döredijilik duýgusyny göýdüklige salanok. Diňe bir şygyr älemi ýa-da žurnalistika bilen çäklenmän, dokumental filmlere ssenariý hem ýazýar. Onuň «Çary Aşyrow» diýen ssenarisi telefilm bolup, eýýäm merkezi we respublikan telewideniýelerde ençeme gezek görkezildi.
Gadyrly okyjylar! Indi sizi Allaýar Çüriýewe okyjylardan gelen hatlar bilen tanyşdyrýarys.
Hatlar... Hatlar, olar ummasyz kän. Olary okanyňda Allaýar Çüriýewiň halkyň ýüregine öz perzentlik borjy bilen gynanandygyna göz ýetirýärsiň. Halk soraýar, jogap berýär, gutlaýar, hemaýat isleýär, maslahat berýär.

■ TÜRKMENISTANYŇ LENIN KOMSOMOLY BAÝRAGYNYŇ LAUREATY ŞAHYR ALLAÝAR ÇÜRIÝEWE GELEN HATLARDAN

1. ÝU. MOMMALYÝEW – ALLAÝAR ÇÜRIÝEWE!

«Meniň kakam Mommalyýew Garryatanyň Bamy obasyndan (1910–1951 ý.) Oguldursun ýa-da Döndi diýen gyz dogany bardy. Onuň (Oguldursunyň ýa-da Döndiniň) agtygy Juma Rejebow hudožnik, haly pirtretlerini çekmek boýunça spesialist. Alty sany hem erkek dogany – Garaja, Gurt, Geldimyrat (olar barada maňa hiç zat belli däl, frontda ölen bolmaklary ahmal), Gulja (1881–1979 ý.ý.) demir ýol işçisi, Isgender stansiýasynda ýaşady, Annamyrat Isgender stansiýasynda ýaşaýar, stansiýa boýunça nobatçylyk edipdi, pensioner we Seýitmyrat eskadron politrugy, 1938-nji ýylda atylan.
Ine, meniň sizden Seýitmyratyň keç ykbaly barada sorasym gelýär. Emma ilki bilen kakamyň gysgaça terjimehaly barada aýdaýyn.
Çagalygynda ol baýyň düýelerini bakdy. Bäherden internatynda okady, soňra Aşgabadyň oba hojalyk institutynyň iki kursuny okap gutardy. Emma özüniň ömrüni harby işe bagyşlamak üçin 1931–35-nji ýyllarda Leningradda M. Frunze adyndaky harby aragatnaşyk mekdebinde okady. Harby aragatnaşyk mekdebini gutaransoň, leýtenant çininde Daşkende iberilýär. Ol ýerde ejem Antonina Pawlowna Gewliç bilen tanyşýar. Soňra men dogulýaryn. Ýöne dogany Seýitmyradyň keç ykbaly onuň harby derejesini kesdirýär we ony boşadyp, tiz Türkmenistana gitmeli edýärler. Bu ýerde «Krasnyý metallist» zawodynda hojalyk bölüminiň müdiri bolup işe ýerleşýär. 1941-nji ýylda ony ýene-de goşunçylyga çagyrýarlar. 1942-nji ýyldan 1945-nji ýyllar aralygynda frontda hereket ediji goşunda bolýar. 1946-njy ýylda bolsa kapitan çini bilen gullukda zapasa boşadýarlar. 1976-njy ýyldan 1951-nji ýyllar aralygynda Kerkiniň oba hojalyk tehnikumynda dürli derslerden sapak berýär. Meniň kakam örän gowy adamdy. Ol rus dilini juda oňat bilýärdi, köp dabaralarda, çärelerde edil ýörite goýlan orator ýalydy. Oba hojalyk tehnikumynyň studentleri ony örän sylaýardylar, kakam wagtynda wraça ýüz tutman, ol içege keselinden ýogalaýdy öýdýän.
Onuň terjimehalyny okanymda dogany Seýitmyradyň «Azatlyk» partiýasyna gireni üçin 1938-nji ýylda atylandygyny bildim.
1955-nji ýylda Isgendere daýym Annamyradyň ýanyna gidip, bu işi barada anyk zat bilmäge synanyşdym. Ol bolsa bu işler bilen gyzyklanmagyň gerek däldigini aýtdy. Ýöne şonda-da men doganym barada käbir zatlary anyklamagy başardym (belki tersinedir). Seýitmyrat daýym ýoldaşyna Tejen derýasyndan Eýrana geçmäge kömek edipdir. Ýöne olaryň ikisini hem tutup atypdyrlar.
1957–58-nji ýyllarda epidemiologik we gigiýena institutynyň wraçy M. G. Dosowanyň kwartirasynda (ol meni şol institutda gan tabşyrmaga razy edipdi, onuň adamsy, Aleksandrow familiýaly biri bilen duşuşdym. Ol Seýitmyrat daýymy tanaýan ekeni. Olar bir eskadronda gulluk edipdirlermi ýa-da OGPU, HK organlarynda işläpdirlermi, men onçakly zat aňşyryp bilmedim, ýöne ol onuň bilen tanyş eken. Ýeke-täk onuň aýdan zady, Seýitmyrat Mommalyýewde hiç hili günä bolmandyr. Diýmek, duýdansyzlykda stalinçilik repressiýanyň pidasy bolupdyr-da? Ol aklandymy ýa-da Annamyrat daýym maňa hiç zat aýtmady. Belki, ony dirilikde gören daýym üçin ähli hakykaty bilmek gyzykly bolsa gerek.
Meniň ejem Antonina Pawlowna Gewliç (1911–1982 ý. ý.) näme üçindir Seýitmyradyň gapdaly gylyçly, üç sany kubik nyşanly formada düşen suratyny ýok etdi. Men hernäçe dyrjaşsam hem, daýymyň hiç hili günäsiniň ýokdugyny aýtsam hem ony ynandyryp bilmedim.
Belki, žurnalist Allaýar Çüriýew daýymyň syrly ýumagyny çözläp biler diýip umyt edýärin!

Ýuriý Mommaliýew,
6-njy iýun, 1989 ý.

2. HAN – MAGAMETOWA – A. ÇÜRIÝEWE

«Hormatly ýoldaş Allaýar Çüriýew!
Kakam tussag edilende (1937-nji ýylyň tomsy) meniň entek bäş ýaşymam dolanokdy. Käbir zatlary bilmäge juda ýaşdym. Meniň ejem kakamyň türmede ýa-da lagerdedigini meniň bilmezligim üçin örän yhlas edýärdi. Ol barada meniň ýanymda gürlemezlige çalyşýardylar. Men ony ýöne şeýle gidendir öýdýärdim...
Haçan-da ol dolanyp gelende döwür şeýledi: adamlar töwerek-daşdaky bolup geçýän zatlary gatyrak gürleşip maslahatlaşmaga-da gorkýardylar (çagalaryň ýanynda hasam). Ähli adam biri-birinden gorkýardy. Soňra uruş başlandy we ýatlamalar ýatdan çykdy. 1945-nji ýylda ol täzeden (edil ilkinji gezek ýaly) partiýa kabul edilýär. Stažyny dikeltmegi bolsa gadagan edýärler. Diňe, 1956-njy ýylda, doly aklanansoň (jenaýat alamatynyň ýoklugy üçin) onuň 50 ýyllyk stažy dikeldilýär we Lenin ordeni gowşurylýar.
Aşgabat ýer titremesinde ejem wepat bolandan soň, men kakam bilen ýaşamadym diýen ýaly. 15–16 ýaşymda Aşgabatdan gitdim. Haçan-da men Moskwanyň Döwlet uniwersitetine okuwa girenimde, kakamyň maslahaty boýunça onuň repressiýa edilendigi barada anketada hiç zat ýazmadym. Ondan başga-da köp sanly giňişleýin anketalarda, ýagny işe girenimde, daşary ýurtlara gidenimde, kakam aklanan bolsa-da, hiç zat ýazmadym.
Eger-de düzgün saklaýjy organlar bilip, näme üçin ýazmadyň diýip sorasalar, meniň ol zatlar hakda hiç bilmeýändigimi, ýagny ol wagtlar bilerden juda ýaşdygymy, hossarlarymyň bolsa maňa şeýle zatlary aýtmandyklaryny «arassa wyždanym bilen» düşündirmegimi kakam isläpdi. Ol, dogrudan hem, şeýle-de bolupdy. Indi bolsa olar barada köp we anyk gürrüň edýärler.
Eger-de sizi gyzyklandyrýan anyk sowallar ýüze çyksa men jogap berip bilerin.
Hormatlamak bilen Han-Magometowa1.

Moskwa şäheri.
9-njy mart, 1998 ý.

3. B. ÝAZLYÝEW – A. ÇÜRIÝEWE

«Hormatly ýazyjy-şahyrymyz, belli žurnalist Allaýar Çüriýew! Siziň 1987-nji ýylda gerçek rewolýusioner, Bäherden raýonynyň Ýarajy obasynda önüp-ösen Mämmet Gurbanow (Mämmet pälwan) barada onuň maşgala çlenleri bilen we biziňem gatnaşmagymyzda işläp taýýarlan telewideniýedäki gepleşigiňize özümiň köp minnetdarlygymy bildiresim gelýär. Ýoldaş Allaýar Çüriýew! Mümkin bolsa, siziň haýyş etmegiňiz boýunça şol gepleşigi täzeden gaýtalap görkezip bolmazmyka?! Biz sizi Türkmenistanda uly žurnalist, ýazyjy, şahyr, asylly, tutanýerli, adamkärçilikli hasabynda görýäris. Siziň goşgularyňyz we eserleriňiz hemmä we şol sanda bize-de has ýaraýar. Şol gepleşik üçin ýene bir gezek M. Gurbanowyň garyndaşlarynyň tarapyndan köp minnetdarlygymyzy bildirmek bilen, ýene bir zady haýyş etmekçi. Mende M. Gurbanow hakynda iki uly umumy depder möçberinde arhiw materiallary we ýatlamalar bar. Şolar esasynda Siziň hut özüňiziň taýýarlamagyňyzda M. Gurbanow barada gazetiňizde uly bir taryhy material çap etseňiz diýip haýyş edýäris.
Ýoldaş Allaýar Çüriýewiç! Gutlap bilersiňiz, täze habar! Mämmet Gurbanowyň adyny mekdebe dakmak barada Türkmenistanyň SSR Ministrler Soweti 1988-nji ýylyň 8-nji iýunynda 187-nji buýruk esasynda karar çykardy. Onuň adyny 1988-nji ýylyň 31-nji awgustynda dakmagy planlaşdyrypdyrlar. Mundan başga-da oblispolkomyň görkezmesi boýunça obamyzyň merkezi köçeleriniň birine we Bäherden posýolugyndaky täze açylan köçä onuň adyny dakmagy hem planlaşdyrypdyrlar.
Men senden ýene bir zady, ýagny mümkin bolsa ol barada gowy goşgy döretseňiz, ol hem bagşylaryň dilinde saýrasa diýjek bolýaryn, Allaýarjan. Men materialy 2–3 bukjanyň üsti bilen hem iberip biljek. Şony ibermelimi ýa-da ýok, gysgajyk jogabyny aýtsaňyz. Bir zady nygtaýan, hut özüňiz taýýarlap, ýuguryp, çeperleşdirip, ýeke-täk öz goluň bilen çapa berseňiz. Materialyň ýekeje sözi hem ýalňyş däldir. Sebäbi olar arhiw materiallarynyň üsti bilen, häzir ýok deň-duş, bile işleşen adamlarynyň dilinden, taryhdan, öz otrýadynda gulluk eden adamlaryň üsti bilen ýazylyp alnandyr. Mende şeýle pikir döredi. Ýoldaşlarym Siziň habaryňyzy maňa buşlaýan ýaly. Sizi 1988-nji ýylyň 31-nji awgustynda boljak toý dabarasyna çagyrýarys. Meniň 25 ýyl kellämde aýlan pikirim amala aşýar. Bu işiň janlanmagyna siz esli goşant goşduňyz. Köp-köp size minnetdar!
Size işde üstünlik, jan saglyk, ýurt parahatçylygyny, şahsy durmuşda bagtlylyk, maşgala abadançylygyny arzuw etmäge rugsat ediň!
Salam bilen Bäherden raýonynyň Ýarajy obasyndaky 8-nji orta mekdebiň pensioner baýry mygallymy Baýrammyrat ÝAZLYÝEW.

27-nji iýul, 1988 ý».

4. E. JUMAGULYÝEWA – A. ÇÜRIÝEWE

«Men Enejan Jumagulyýewa, Garabekewül raýonynyň «Üzümçilik» sowhozyndaky 11-nji orta mekdepde tam süpüriji bolup işleýärin.
Biz maşgalamyz bolup telewizorda «Taryhyň sahypalary» atly gepleşige uly gyzyklanma bilen tomaşa edýäris. Stalinçilik repressiýasynyň pidasy bolanlaryň arasynda Gaýgysyz Atabaýew, Nedirbaý Aýtakow dagy bilen bile işleşen, günäsiz basylyp giden Çary Wellekowyň durmuş ýoly, onuň soňky ykbaly, çagalary barada gepleşik beräýseňiz biziň begenjimiziň çägi bolmazdy.
Men Çary Wellekowyň özünden kiçi aýal dogany Oguloraz Wellekowanyň gyzy. Daýym dagy dört erkek dogan bolupdyrlar, ýagny Amangeldi, Ata, Orazmyrat we Çary Wellekowlar. Ejem Amangeldi, Ata, Orazmyrat diýen doganlary bilen 1967-nji ýylda gazet üsti bilen biri-birlerine duşuşdylar. Emma olaryň hemmesi 4–5 ýyllykda ýogaldy. Olaryň çagalary Baýramaly (Garagum) raýonynyň «Täze ýol» kolhozynyň Kirow uçastogynda ýaşaýar. Olar bilen oňat aragatnaşyk saklaýarys. Emma Çary daýymdan welin hiç hili derek tapamzok. Daýymyň Wolodýa (Welinyýaz) diýen ogly Aşgabatda ýaşaýar. Onuň bilenem aragatnaşyk saklaýarys.
1989-njy ýylyň 10-nji martynda «Edebiýat we sungat» gazetinde çap edilen «Keç ykballar» atly makalada Çary daýymyň ogly Ezizçary barada, onuň Soçide ýaşaýanlygy hakynda okap biçak begendik. Çary daýymyň ogly Ezizçary bilen 1931-nji ýylda düşen suratyny görüp, onuň keç ykbaly göz öňüme geldi. Sizden aşakdakylary haýyş edýärin:
1. Çary daýymyň durmuş ýoly, onuň soňky keç ykbaly barada telewizorda giňişleýin gepleşik berseňiz.
2. Şu ýylyň aprel aýyndam geçiriljek bahar baýramçylygyna stalinçilik repressiýasynyň pidasy bolanlaryň dogan-garyndaşlarynyň arasyna Wolodýany, Ezizçaryny we bizi hem çagyrsaňyz.
«Iş bitirseň, il tanar», «Ölme-de ýit» diýen nakyllaryň hakyky manysyna oňat göz ýetirdik.

Intizarlyk bilen Çary Wellegiň uýasy
Oguloraz Wellegiň gyzy Enejan JUMAGULYÝEWA.

Aprel, 1989 ýyl».

5. M. I. KARAGEZOW – A. ÇÜRIÝEWE

«Men 1988-nji ýylyň 4-nji oktýabrynda telewizorda M. I. Kalinin adyndaky oba hojalyk institutyndan taýýarlanan gepleşige tomaşa etdim. Şonda birtopar ajaýyp adamlar çykyş etdi. Şolaryň içinden biri (Allaýar Çüriýew – G. H.) biziň Kolymda wepat bolan ýoldaşlarymyz barada goşgy okady. Men şol gepleşikden soň gije sagat 12.00-a çenli oturyp agladym.
Men 1937-nji ýylyň 16-njy fewralynda repressiýanyň gazabyna duçar boldum we 1951-nji ýylda öz Watanyma dolanyp geldim. Maňa «baýyň ogly» diýen günäni ýüklediler. Meniň atam Karagez Işan ogluny 1918-nji ýylda Mary şäheri ak gwardiýaçylar tarapyndan wagtlaýyn basylyp alnanda atdylar. Ol Sowet häkimiýetiniň aktiw tarapdarydy we Mary uezd Sowetiniň seksiýasynyň başlygy edilip saýlanyldy.
Aýazyň 60–65 gradusa çenli ýetýän ýeri bolan Kolymda gezen 14 ýylymda hem horlugy, açlygy, şeýle-de köp ölümi başdan geçirdim. Jinnek ýaly hem günäsi bolmadyk onlarça müň ýaş-u-garry kommunistleri ýok etdiler. 1937-nji ýylyň 21-nji ýanwarynda Pedagogik institutdan repressiýa sezewar bolan 21 studentden hiç birisi-de gaýdyp gelmedi. Şamyradow Öde, Öwezow Sapar, Çaryýew. Olaryň birisi örän talantly şahyrdy. Amyderýa hakda örän köp goşgy düzerdi. Ol Wladiwostokda ýogaldy.
1942-nji ýylyň 2-nji fewralynda 170 adamy Uzkokolym ýolunyň gurluşygyna pyýada sürdüler. Olardan bary-ýogy 19 adam ýarym öli – ýarym diri galdy. Galanlary bolsa ýolda sowukdan ýaňa doňdular. Diri galanlarymyzy, şol sanda menem tokaý çapyjylar halas etdiler. Ölenleri ýalan diagnozlar bilen 100–150 adamlyk bir çukura gömdüler.
Men sizden hiç zat islämok. Şol goşgy okan şahyr şu wagta çenli Kolym topragynda baky doňup ýatan ýoldaşlarymy ýatlap, mertlik görkezdi. Häzir meniň 75 ýaşym bar. Men mertlik bilen şol wagtky pida bolanlary ýatlany üçin ony berk gujaklaýaryn. Ýöne bir zat haýyş etmekçi. Näme üçin 5 sany kiçijik çagany galdyryp öz janyny rewolýusioner hökmünde gurban eden atama ýadygärlik ýok. Men çagalar öýünde ulaldym.
Men Maryda ýaşaýaryn. 32 ýyl iş staşym bar. Onuň 15 ýylyny inžener-tehniki işlerinde işledim. Men indi hiç kime gerek däl. Sandan galan garry. Özüme degişli bolan 52 manat pensiýamy almak üçin üpjünçilik bölümine 2 arza berdim. 3-nji arzamy Ministrler Sowetine iberdim. Entek jogap ýok.
Ýene bir gezek şol mertlik bilen bizi – kolymlylary ýatlan merdana şahyra ýürekden salam aýdýaryn1.

Karagezow Muhammet Işanowiç, 25 oktýabr,
1988 ýyl».
Mary şäheri, Engels köçesi, 42.

6. A. A. PÄLWANOW – A. ÇÜRIÝEWE

«Salam Allaýar Çüriýewiç!
Siz respublikamyzyň ozalky ýolbaşçylary barada giňişleýin publisistik çykyş edip, örän dogry iş edýärsiňiz. Men olary sypdyrman okaýaryn we radiodan diňleýärin.
Şunuň bilen birlikde, eger siz oňlasaňyz, meniň hem berjek maslahatym bar. Ýagny 1950–1958-nji ýyllarda TLKÝS MK-nyň birinji sekretary bolup işlän Hezret Şirmämmedow barada hem ýatlamalar bilen çykyş edäýseňiz ýerine düşjek. Men Hezretiň maşgala ýagdaýyny, dogan-garyndaşlaryny tanamaýaryn. Ýöne ol hem 1958–59-njy ýyllarda ýanalyp, işden boşadylypdy. Bu barada onuň hut özi maňa gürrüň berdi.
1961-nji ýylyň noýabr-dekabr aýlarynda Hezret Şirmämmedow syýasy doklad bilen çykyş etmek üçin Bäherden raýonyna geldi. Hezret ol wagtlar TSSR Medeniýet ministrliginde işleýärdi.
Men şol döwürde partiýanyň Bäherden raýkomynda propaganda bölüminde işleýärdim. Şonuň üçin meni Şirmämmedowyň ýanyna ýoldaş edip, kolhozlara iberdiler. Obalarda çykyş edenden soň Bäherdene gelip, biziň öýümizde 1–2 gün boldy. Sebäbi myhmanhana sowukdy. Biz Hezret bilen gowy öwrenişdik, uzak gije oturyp, gürrüň etdik.
Şonda ol özüniň ýanalyp, TLKÝS MK-nyň birinji sekretarlygyndan boşadylyşy barada şeýle diýipdi: (Ine onuň sözleri) «Meni TKP MK-nyň wekili hökmünde partiýanyň Sakarçäge raýon konferensiýasyna iberdiler. Biz şol wagtky TKP Mary obkomynyň birinji sekretary bilen (megerem Köýnekow diýen bolsa gerek) Sakarçägä bardyk. Partiýanyň raýon konferensiýasy başlandy, dokladlar diňlenildi, çykyşlar edildi, karar kabul edildi. Indi partiýanyň raýkomynyň täze sostawy barada teklip girizilip, spisok okaldy. Şol spisokda meniň hem adym bar. Men oňa birhili bolup, prezidiumda oturan ýerimden turdum we: – Ýoldaşlar, meni sostawa girizmäň, men bi ýere TKP MK-nyň wekili bolup geldim – diýsem, ýanymda oturan obkomyň sekretary: – Goý, görkezsinler, otur – diýdi.
Şondan soň meniň kelläme şeýle pikir geldi. Diýmek, meni şu raýona partiýanyň raýkomynyň birinji sekretary edip saýlajakdyrlar diýdim. Emma bu hem düýbünden başgaça bolup çykdy. Birinji saýlandy, ikinji saýlandy, meni hem üçünji sekretar edip saýladylar. Men bu ýagdaýa düşünmän, derrew poçta bölümine baryp, Aşgabady, TKP MK-nyň birinji sekretary Jumadurdy Garaýewi alyp, onuň bilen gepleşdim we hemme işleri aýtdym. Şonda Garaýew: –Şirmämmedow, saýlan bolsalar, işläbermeli bolar, başga alaç ýok – diýdi. Diňe şondan soň men hemmesine düşünip galdym. Şeýdip, şol raýonda birnäçe wagt işledim. Ýöne meniň nägile bolan ýerim, ozalyndan meniň bilen maslahatlaşyp, gürleşip iberilen bolsa gowy boljakdy. Şol sebäpli hem men özümiň saglyk ýagdaýymy ýitirdim».
Allaýar Çüriýewiç! Şu ýokardaky meniň ýazanlarym hut Hezret Şirmämmedowyň öz dilinden eşiden sözlerim. Eger ulanmaga degişli hasap etseň, ulanarsyň. Men diňe öz gulagym bilen eşiden sözlerimi iberýärin. Ol şol wagtlar SSSR Ýokary Sowetiniň deputatydy.

Size mundan buýana-da uly döredijilik üstünliklerini arzuw etmek bilen Atabally Pälwanow, Halk deputatlarynyň Bäherden raýon Sowetiniň instruktory.
5-nji fewral, 1991 ý.»

7. M. ESENOW – A. ÇÜRIÝEWE

«Men 65 ýaşymda. 45 ýyl türkmen dili we edebiýaty mugallymy bolup işledim. 40 ýylyny ýolbaşçy işde direktor, okuw bölüminiň müdiri, RAÝONO-da metod kabinetde metodist bolup işledim. Okuwçylary, mugallymlary terbiýeledim, öwretdim we olardan öwrendim. 1953-nji ýyldan bäri SSKP-niň çleni. Häzir 3 ýyl bäri pensiýada bagtly dynç alýaryn.
«Sakawyň soňuna seret» diýlişi ýaly men ýazyjy Allaýar Çüriýewiň «Aýytbaý Hudaýbergenow» diýen hekaýasyny radiodan diňledim. Hekaýa maňa diýseň ýarady. Sebäbi hekaýa janly hekaýa.
Onuň gürrüň beren adamy ýoldaş Aýytbaý Hudaýbergenow häzir pensiýada gezip ýör. Hekaýanyň iň bir bahasyna ýetip bolmajak ähmiýeti hem häzirki wagtyň ýaşlaryny terbiýelemekde uly goldawynyň barlygydyr. Göz öňünde iki zamanda janlanýar. Ýoldaş Aýytbaý Hudaýbergenowyň ýaşap we işläp geçen döwründe döwlet ýolbaşçylary özüniň hiç hili hususy bähbidini bilmeýärler. Hiç kime myhman bolmaýarlar. Eger bolsalar hem ýeke jüýje bilen oňşuk edýärler.
Ýapyşan işlerini bolsa «Ýa ölmeli ýa-da düzetmeli» diýen maksat bilen alyp çykýarlar. Her edip, hesip edip, şol işi düzedip, yzlaryna dolanýarlar. Öňki geçen döwlet ýolbaşçylarynyň geýiminde hiç hili jübüsi bolmaýar. Diňe çep kükreginiň (ýüreginiň) üstünde bir jübüsi bolýar. Onda hem partbileti bolýar ekeni.
Biziň häzirki zamanymyzy, 20 ýyl dowam eden durgunlyk ýylaryndaky döwlet ýolbaşçylarymyz barada ýaşlara we ululara gaýtalap aýdyp oturmagyň hajaty ýok.
Emma hekaýanyň mazmuny bu zatlary aç-açan paş edýär. Ýazyjy Allaýar Çüriýewiň Akmämmet Saryýew barada ýazan hekaýasy hem edil ýokardaky aýdylanlary gaýtalaýar. Eger ýazyjylar şunuň ýaly janly hekaýalary köp ýazsalar, ýaşlary terbiýelemek üçin uly, bahasyna ýetip bolmajak ähmiýetiniň bardygy aýna ýaly öz-özünden görnüp dur. Ýoldaş Allaýar Çüriýewiň hekaýalary maňa diýseň oňat ýarady.
Ýoldaş Allaýar Çüriýew, galamyň batly, işiň şowly bolsun, geljekde ýaşlary terbiýelemekde şular ýaly ynandyryjy, janly eserleri döretmegiňi arzuw edýäris!

Meret Esenow, pensioner mugallym.
Garrygala posýology, 8 ýanwar, 1991 ý.,
Garrygala raýony.

8. M. MATUSOWSKIÝ – A. ÇÜRIÝEWE!

«Hormatly Allaýar Çüriýew!
Seniň haýyşyňy höwes bilen ýerine ýetirýärin. Tahyrow barada we onuň ykbaly hakda Demirgazyk-Günbatar frontunyň gazetiniň redaksiýasyndan hereket ediji bölüme sapara baranymda bildim. Meni ol hakdaky iň bir kiçijik gürrüňler hem gyzyklandyrdy we men söweşenleriň arasynda bolup, Tahyrowy içgin tananlardan köpräk maglumat ýygnamaga yhlas etdim. Maňa front bloknotyndan ýazyp almak we eşitmek başardansoň, ähli hakykatlar dogrusynda şeýle bir tolgunmak tolgundym welin, başga zat barada pikir hem edip bilmedim.
Redaksiýa gaýdyp baryp, diňe türkmen esgeri hakda poemamy ýazmak üçin redaktordan bir aýlyk rugsat bermegini soradym. Men ony redaksiýanyň ýerleşýän ýeri bolan Waldeniň etegindäki tokaýda, bahar aýlary ýazdym. Tahyrowyň güneşli topragy bu gazaply batgalyk ülkesinden, gör, nähili uzakda ýerleşýär. Emma ol diňe şu gadymy Nowgorod topragy üçin söweşdi we janyny gurban etdi. Halklaryň doganlyk duýgusy, olaryň uly Watan üçin söweşmäge taýýardygy – meniň üçin öz-özünden ähli poemanyň esasy gurluşyna, temasyna, leýtmotiwine öwrüldi duruberdi. Poema «За Родину» front gazetinde üç nomerde tutuşlygyna çap edildi. Mende şol gazetler saklanylýar. Eger gerek diýseňiz, siz fotohabarçy iberip, ilkinji çapyň suratyny düşürdip bilersiňiz. Maňa olarda birhili döwrüň ysy bar ýaly bolup dur. Soňra poema Moskwada «Советский писатель» neşirýatynda çapdan çykan «Ilmen köl seslenende» diýen goşgular kitabymda hem çykdy. Gynansagam, ýerleşmänligi sebäpli, poema eserler ýygyndylarymdan ybarat iki tomlugyma girizilmedi. Ine, meniň durmuşym bilen köp bagly bolan poema barada size berjek gürrüňim. Siziň gepleşigiňize üstünlik arzuw edýärin. Teletomaşaçylara Tahyrow barada tolgunmak bilen, gyzgyn we yhlas bilen gürrüň bermek mümkin.

M. Matusowskiý,1
fewral, 1985 ý.».

9. J. NURBERDI – A. ÇÜRIÝEWE!

«Essalawmaleýkim.
Hormat diplomyny alanlygyň baradaky ýazgyny gazetden okadym. Örän begendim. «Zähmet soňy rehnet» diýleni. Bigünä haldaky adamlaryň düşürilen ýagdaýlary baradaky oçerkleriňizi uly höwes bilen yzarlaýardym.
Şol döwürlerde diňe bir partiýa işgärleri, ýolbaşçylar däl, eýsem adygan bagşylardanam gümgidene ýollananlaram bar eken. Gurbandurdy Mahyny, Agajan bagşyny atlandyrmak bolar. Olaryň ikisine-de dogduk diýara dolanmak miýesser etmändir.
Ýagşylykda adyň tutulmagy gowy zat. Ol azabyň ýerine düşýändiginiň alamaty. Söýlüp okalýandygynyň misilsiz nyşany.
Janyň sag, keýpiň çag, galamyň ötgür, ýagşy arzuwlaryň bitgir bolsun!

Hormatlamak bilen Jumaly NURBERDI,
Türkmengala raýonynyň Magtymguly
adyndaky kolhozy».
17.05.1989 ý.

10. Ö. ATANYÝAZOW – A. ÇÜRIÝEWE!

«Ýoldaş Çüriýew Allaýar!
Men Siziň respublikamyzda Sowet häkimiýeriniň berkarar etmäge işeňňir gatnaşan adamlar barada ýazýan oçerkleriňizi «Edebiýat we sungat» gazetinden yzygiderli okaýaryn. Bu oçerkleriňiz mende uly täsir galdyrýar.
Şu babatda Size maslahatym bar.
«Edebiýat we sungat» gazetiniň 1966-njy 6-njy ýa-da 7-nji noýabrynda çykan sanynda «Çör Kömegiň kömekçisi» atly oçerk berildi. Bu oçerki ýazyjy Juma Orazow, Çary Agaýew dagy ýazypdylar. Şol oçerkde gürrüňi edilýän Atanyýaz Sytdyhow meniň kakam bolmaly. Meniň nygtajak bolýan zadym rewolýusioner-bolşewik Çör Kömek barada taryhy kitaplarda hiç hili maglumat berilmändir. Men kakamdan Egrigüzerli Çör Kömek hakyky bolşewik, gaýduwsyz rewolýusioner bolandygy barada köp-köp gürrüňlerini diňläpdim.
Ýene-de möhüm bilmeli bir zat bar. Ol hem Çör Kömek atly adamyň ýene-de biriniň bolandygy. Kakamyň aýtmagyna görä, ol adama ynanyp, ýüpüne odun çykap bolmandygy.
Ýoldaş Çüriýew, belki häzirki aýanlyk döwründe rewolýusioner-bolşewik Çör Kömegiň halk üçin bitiren işlerini anyklap, gazet sahypasynda gürrüň berersiňiz!

Salam bilen Atanyýazow ÖWEZBERDI,
Murgap raýony, Lenin adyndaky kolhozy»,
22-nji mart, 1988 ý.

11. S. ANNAÝEW – A. ÇÜRIÝEWE!

Hormatly Allaýar Çüriýewiç!
Siziň makalalaryňyzy we kitaplaryňyzy okaýaryn. Çeken zähmetiňize örän ýokary baha berip, hormat goýýaryn. Siziň «Ýüregiň emri bilen» diýen kitabyňyzy okadym. Obadaşlarym barada ýazan materiallaryňyzy hem okadym. Muhammetguly Atabaýewiň 105 ýyllyk toýunda, onuň heýkeli oturylanda kitabyňyz hakynda gürrüň etdim. Sizem, bizem, halkam Atabaýewleriň atlarynyň ebedileşdirilmeginiň tarapdary. Size müň kerem taňryýalkasyn aýdýarlar. Siziň materiallaryňyz esasynda ýazan çaklaňja makalamy hem çap etmegiňizi soraýaryn. Il bähbitli mesele bolany üçin elime galam alyp makalany we size-de şu haty ýazmagy makyl bildim.

Salam bilen Seýitnur ANNAÝEW,
Bäherden raýony, Nohur obasy».
28-nji maý, 1990 ýyl.

12. G. ANNAGELDIÝEW– A. ÇÜRIÝEWE

Salam Allaýar!
Allaýar, gazet sahypalarynda-da, radiodyr telewizorda-da edýän çykyşlaryňyza üns berip seredýäris, diňleýäris, okaýarys.
Geljekde-de Size bagyrlylar bolup ak ýol arzuw edýäris. Goý, bütin ömrüňizde bagt hemraňyz bolsun!
Duşuşanyňyzda Meret Temmime salam aýt!
Eger mümkin bolsa, biziň şu pikirimizi gazetiňiziň üsti bilen okyjylara ýetirmegiňizi haýyş edýärin!

Bagyr kürti Geldimyrat A.
18-nji fewral, 1990 ý.».

HORMATLY OKYJYLAR!

Belki, siz okyjylaryň Allaýar Çüriýewe ýazan hatlaryny okap, şol hatlaryň soňky ykballarynyň nähili bolandygy, nähili netije çykarlandygy barada pikirlenensiňiz. Ýokarda belläp geçişimiz ýaly A.Çüriýewe gelen hatlaryň aglabasy haýsydyr bir adam ykbalynyň yzarlanmagyny talap edýär. Haty ýazan adam geljege umyt baglap, kalbynda gopan harasady köşeşdirmek üçin özüne hemaýat berilmegini soraýar.
Şu material çapa taýýarlanyp ýörkä Allaýar Çüriýewiň «Ömür kyssasy» diýen publisistik-oçerkler ýygyndysy çapdan çykdy. Bu kitaby tolgunman okamak mümkin däl. Sebäbi onuň içindäki oçerkler gözýaş bilen ýazylan hatlar esasynda ýazylypdyr. Ýadawsyz gözlegleriň, ukusyz gijeleriň miwesi bolan «Ömür kyssasy» agyr ykbally halk ogullarynyň pajygaly durmuşyny gürrüň berýär. Olar döwlete, partiýa ýolbaşçylyk eden, şeýle-de ýagty geljegi uly iliň öňünde ak ýüregi bilen wagyz eden adamlar.
A.Çüriýewe gelen hatlar juda köp. Biz şolaryň bary-ýogy birnäçesini siziň dykgatyňyza hödürledik. Olaryň birnäçesi şahyryň «Ömür kyssasy» kitabynda peýdalanyldy. Hatlarda soralýan adamlaryň ykbaly öwrenilip, halk köpçüligine ýetirildi. Mundan başga-da respublikamyzyň gündelik neşirleri bolan gazetdir-žurnallarda, radiodyr telewideniýede çykyşlar edildi.
Indi bolsa ýokarda okan hatlaryňyz babatda käbir düşündirişleri aýdyp geçsek artykmaçlyk etmese gerek.
Ý.Mommaliýewden gelen hatyň ykbaly bilen tanşyp, A.Çüriýew respublikan arhiwe baryp gördi. Degişli adamlar bilen duşuşyp, Ý.Mommalyýewiň daýysy barada material toýlap ýör. Ýakyn wagtlarda gözlegleriň netijesi öz miwesini berer diýip tama edýäris. Şeýle-de A.Pälwanowyň öňki TKLÝS MK-nyň birinji sekretary Hezret Şirmämmedowyň ykbaly bilen gyzyklanyp ýazan haty esasynda-da material ýygnalyp ýör.
Mary şäherinden Muhammet Garagözowyň ýazan hatyny okap, bialaç hyrçyňy dişläniňi bilmän galýarsyň. 75 ýaşly bu ýaşulynyň haty A.Çüriýewiň gazetde eden çykyşlarynda-da, kitabynda-da peýdalanyldy. Han-Mogometowanyň ýazan haty babatda-da gazetde material ýazyldy. O.Atanyýazowyň Çör Kömek barada sorap iberen haty hem, E.Jumagulyýewanyň öz daýysy Çary Wellekow barada, onuň ogullary hakda azda-kände bir zatlar bilmek isleýändikleri barada iberen haty hem Allaýar Çüriýewiň kitaplarynda orun aldy. Şol hatlarda soralan adamlaryň ykballary öwrenildi. Olar barada oçerkler ýazyldy. B Ýazlyýewden, M.Esenowdan we beýleki okyjylardan gelen hatlara hem degerli jogaplar berildi.
Biz bir zada welin begenmäge haklydyrys. Türkmeniň mert ogly bolan Aýdogdy Tahyrow barada rus ýazyjysy M.Matusowskiý uly poema ýazdy. Poema dürli ýerlerde çap bolup, Bütinsoýuz okyjylaryna gowuşdy. Bu bolsa Türkmen gahrymanynyň dilden-dile geçip, il arasynda wasp edilýändiginiň alamaty.
Hormatly okyjylar!
Öň habar berşimiz ýaly, biz žurnalymyzyň sahypalarynda ýazyjylaryň öz okyjylaryna ýazan jogap hatlaryny çap etmegi isleýändigimizi aýdypdyk. Eger, mümkin bolsa, ýazyjylardan alan jogap hatlaryňyzy saklaýan bolsaňyz, biziň redaksiýamyza iberip bilersiňiz. Biz siziň iberen hatlaryňyzy peýdalananymyzdan soň yzyna iberýäris. Ýazyjy-şahyrlarymyzyň size berýän parasatly maslahatlary, öwüt-ündewe ýugrulan sözleri beýleki okyjylar üçinem juda gyzykly bolsa gerek. Şonuň üçinem biz siziň goldawyňyza mätäç.

Hatlary toplan we çapa taýýarlan:
Guwanç HUDAÝBERDIÝEW.

«Garagum žurnaly», № 1, 1992 ý.
Категория: Edebi makalalar | Просмотров: 54 | Добавил: Hаwеrаn | Теги: Guwanç Hudaýberdiýew | Рейтинг: 0.0/0
Всего комментариев: 1
0
1 nurgeldiyewam232   [Mowzuga geç]
Gowydygyny.Häzir şeýdip ýazyja iñ bolmanda elekton hat ýazyp ýa jañ edip pikrini aýdýan okyjy barmyka?(Indi o zatlar eseri goýañda teswire ýazylýar diýmegiñiz ahmal.Ýöne hatyñ ýa bir jañyñ smsiñ orny başga ýalyda)

Имя *:
Email *:
Ähli smaýliklar
Код *: