21:15
Boýun almak
BOÝUN ALMAK

Biziň aýrylanmyz bilip durubam,
Seni özge bilen gören tanyşlam.
Maňa ýetirýärler gyzgyny bilen,
Onsoň ýene ýüregime tanyş gam
ganyma siňýär-de bütin bedenim,
Adamsyz gaýyga döndürýär göni.
Lemmer bulutlaram gelip tiz-tizden,
Ýagyşsyz tutýarlar Günüň öňüni.

Hamana seniň hiç hakyň ýok ýaly,
Ikinji söýgiňe ýa-da üçünjä.
Nädip saýlap alarsyň sen bagt guşy,
Ýanyndaky meňzeşleri uçynça.

Diňe gülüp-oýnap geçmek isleseň,
Bu ömrüň deň ýary bolardy wagtsyz.
Eger-de adamlar birini söýse,
Dünýäniň tas bary bolardy bagtsyz.

Ökünme, çekinme, bagtyňy gözle,
Nüçün munda bir ýalňyşa köýmeli.
Ýeke men däl, seniň juwan ömrüňde,
Görmek islän gyzlyk başyň öýmeli.

Her säher äleme bark urup oýan,
Hyrçynyň dişleme geçende durna.
Gara aýak bassaň yzy düşýändir,
Şol bir ýalňyşyňam gaýtalap ýörme.

Söýgi, bagt, rysgalyň... goşadan bolsun,
Hasrat-gaýgyň köpelmesin hiç haçan.
Mähriban, sen şeýle bir bagtly bolgun.
Şatlygyň goşa däl, goý, bolsun üçem.

Ahmet ARAZOW
Категория: Goşgular | Просмотров: 42 | Добавил: Ahmet | Теги: Ahmet Arazow | Рейтинг: 3.0/1
Всего комментариев: 1
0
1 nurgeldiyewam232   [Mowzuga geç]
Awtor goşgyñyzy haladym.Ýöne ine şu ýerde
"Ýeke men däl seniñ juwan ömrüñde
Görmek islän gyzlyk başyñ öýmeli"
Ömrüñde dälde ömrüñ-de bolmaly öýdýän.Ýogsam manysy ýitýär.Garaz söýgülisini ýitiren aşygyñ ýürek aýdymy gowy .Ýöne käşgä jemlemäñizi başgaçarak alsadyñyz.
"Sen şeýle bir bagtly bolgun mähriban
Hiç bolmanda söýgim harlanña degsin"

M.Nurgeldiýewa.

Siz ony "Mähriban sen şeýle bir bagtly bolgun"diýip alypsyñyz welin akgynly okalyş ýitipdir.Ýa-ha meñ ulanyşym ýaly ulanmaly ýa-da bašgarak jemleme tapmaly.Garaz gowşagam bolsa iliñkä meñzemese gowyda jemlemäñiz.
Döredijilik üstünlikleri arzuw edýän!Galamyñyz ýiti bolsun!

Имя *:
Email *:
Ähli smaýliklar
Код *: