10:22
"Ömür kyssasy" hakda aýtsam...
«ÖMÜR KYSSASY» HAKDA AÝTSAM...

Ynha biziň elimizde ýigrimiden köpräk taryhy temadan ýazylan makalalary öz içine alan «Ömür kyssasy» kitaby. Onda şahsyýet kultunyň pidasy bolan görnükli partiýa, döwlet işgärleriniň, edebiýatyň, sungatyň wekilleriniň birnäçesiniň pajygaly ömür ýoly, durmuşy barada söhbet açylýar.
Watanymyzyň taryhynda ünsden düşürilen meseleler ýa-da olary ýüzleý beýan etmek, kähalatlarda bolsa taryhy faktlary ýoýmak nogsanlyklary bolupdy. Şol döwürde halkyň taryhy ýazylanda graždanlyk pozisiýasyndan ugur alynman, wakalar syýasy nukdaýnazardan beýan edildi. Şoňa görä-de, taryhyň ençeme döwürleri «ak tegmilligine» galdy ýa-da «ak tegmiller» hakykata laýyk gelmeýän «gara tegmiller» bilen çalşyryldy, adam atlary öçürildi.
Häzirki döwürde taryha bolan höwes barha artýar. Şeýle pursatda ýurdumyzyň taryhyny dogruçyl beýan etmek taryh mugallymlarynyň paýyna düşýär. Halkyň ata-babalarynyň ýörän ýodalaryny, döreden maddy we ruhy gymmatlyklaryny öwrenesi gelýär. Taryhyň aýry-aýry döwürleri baradaky maglumatlar şu günki okyjyny asla kanagatlandyrmaýar. Onuň taryhy ýoýulmalardan saplanan görnüşde, has çuňňur bilesi gelýär. Ine, şoňa görä-de türkmen halkynyň şahsyýet kultunyň girdabyna gark bolan merdana ogullarynyň we gelin-gyzlarynyň başyna düşen agyr durmuşyny beýan edýän «Ömür kyssasy» kitaby şu günki günüň talabyny ödeýän eserleriň biridir. Bu kitap taryhy oňat bilmäge, onuň ýagşysyny ýaýyp, ýamanyny ýazgarmaga taryh mugallymlaryna ýardam edýär. Magtymgulynyň:

Ýagşylykda ile özün tanydan –
Alkyş alyp, derejesi zor bolar –

diýen setirlerine uýan Allaýar Çüriýew özüniň döredijiliginiň on ýyldan köpräk wagtyny töhmet belasyna uçran gerçekleriň keç ykbalyny öwrenmäge bagş etdi. Ýazyjy şol döwrüň içinde öň garalanyp, ady-sory çykman ýören döwlet işgärleriniň we beýleki şahsyýetleriniň ömür ýollaryny öwrenip, olaryň ruhy ýadygärliklerini dikeltdi. Zähmet rugsadyny arhiwlerde, il içinde geçirdi. Netijede, taryhy-publisistik mazmunly üç sany kitaby ýazdy.
Adam töhmet belasy zerarly jezasyny çekse-de, ýürekden onuň azary gitmeýär. Ol azardan adamyny diňe ölüm ýa-da aňly-düşünjeli döwrüň parasatly adamlary halas edip biler. Diýmek, täzelenen eýýamyň baýdagy astynda ýazyjy töhmet belasyndan köýüp, bigünädiklerini subut edip bilmän giden ynsanlaryň hiç hili günäsiniň ýokdugyny ile ýaýyp, olaryň ruhlaryny ynjaldýar we şol ruhlaryň öňünde sogap gazanýar.
Kitapdaky beýan edilýän adam ykballary guraksy sanlar ýa-da ýöntem setirler bilen ýazylmandyr. Muňa şol kitapçany okan her bir adam akyl ýetirse gerek. Ol ykballaryň her biriniň aňyrsynda dürli durmuş wakalary, geň-taňlyklar, ykbalyň ýowuz oýunlary ýatyr. Umuman, ürç edilip öwrenilip ýazylan ol ykbal ýazgylarynyň hersinde ullakan romanlyk waka, giden bir durmuş bar. Munuň şeýledigini şu aşakdaky wakalar hem subut etse gerek. Ýazyjy Oraz Täçnazarowyň aýaly Ýelizaweta Ýefimownanyň ýatlamasy:
«Bir sapar menden ýowuz sorag edildi. Oglum üç aýlykdy. Onuň ýeke özüni kamerada goýdular. Göwsümden süýt akýardy. Çagany emdirmelidim. Sorag edýän «Ganjyk...» diýip, meniň üstüme dübleýärdi. Men oňa «Siziňem aýalyňyz meniň ýaly görgülidir-dä. Meň adamym bar. Ýöne siz ony elimden aldyňyz» diýdim. Şol wagt gülle şuwlap, çekgämi gyzdyryp gitdi...
Oglum şol ýerde hem ýogaldy...».
Ýa-da 19 ýaşly gelin Orazgül Aşyraly gyzynyň hem keç ykbaly obadaşlarynyň ýüreklerinde öçmejek yz goýdy diýsek ýalňyş bolmasa gerek. Ýogalan oguljygynyň agysyny aglap oturan Orazgüliň dady-perýadyna bakman öýünden süýrelip diýen ýaly çykarylyşy, on ýyl azatlykdan mahrum edilip, Norislkä sürgün edilişi şol gidişine-de ýigrimi iki ýyldan dogduk mekanyndan mahrum edilişi, ýat ýerlerde çeken jebir-jepalary hakynda, 1954-nji ýylda özüniň aklanyşy hakynda hut Orazgül daýzanyň öz agzyndan eşitmek ýazyja miýesser edipdir.
Ilkinji magaryfçy Muhammetguly Atabaýew öz hasabyna Nohur obasynda ilkinji ýerli rus mekdebini açdyrýar. Emma ol 1916-njy ýylda aradan çykýar. Onsoň mekdebe onuň inisi Öwezgeldi Atabaýew müdirlik edýär. Şeýlelikde, Atabaýewleriň çarkandakly durmuş ýoly başlanýar. Öwezgeldi rewolýusiýadan soň Daşkentdäki uniwersiteti tamamlaýar. Soňra ol Daşkentde, Moskwada Türkmenistanyň hemişelik wekili bolup, köp ýyllaryň dowamynda işleýär. 1936-njy ýylda Ýerli senagat halk komissarynyň orunbasarlygyna bellenilýär. 30-njy ýyllaryň ahyrynda «halk duşmany» hökmünde basylan Öwezgeldi Atabaýew 40-njy ýyllaryň ortalarynda boşadylýar. 40-njy ýyllaryň ahyrlarynda ýene-de töhmet belasyna duçar bolup, sürgün edilýär.
Ýazyjynyň irginsiz zähmeti netijesinde onuň ölümi bilen baglanyşykly täze dokumentler ýüze çykaryldy. «Sud edilenligim aýryldy. Pasport aldym» diýen sözlemden ybarat telegrammanyň nusgasy 1954-nji ýylyň 13-nji iýulynda ýazylypdyr. Dogan-garyndaşlarynyň gözüni ýolda goýan duşuşyk pursadyna derek 1954-nji ýylyň 25-nji iýulynda ýazylan hat gelip gowuşdy. Hatda «Mert bol, Alýoşa! Maňa gaty agyr düşýänem bolsa, saňa bu gaýgyly habary aýtmaga borçly. Öwezgeldi pasport aldy. Bu pursadyň tolgunmasynyň biçak uly bolandygy sebäpli 24-nji iýulda gije sagat 2-lerde, ýürek ysmaz keselinden aradan çykdy. Biz ony şu ýerde jaýladyk... Mariýa Stepanowna» – diýilýärdi. Özüniň iki ogly Allaberdi bilen Amanyň hem başyna inen hupbatlardan bihabar Öwezgeldi Atabaýew Krasnoýarsk ülkesini hemişelik mekan tutundy. Ykbal ogullarynyň hersini bir ýerden çykardy. Uly ogly Allaberdi Aşgabatda galdy, kiçisi Aman bolsa Goňrada hemişelik gitmeli boldy. Aman Daşkentde aradan çykdy. Ol Garagalpagystan ASSR-niň halk hudožnigi diýen ada mynasyp boldy. Ol öz işlerini türkmen halkynyň durmuşyna bagyşlapdyr. Häzir onuň işleri Daşkendiň sungat muzeýinde saklanýar.
Jemläp aýtsam, Allaýar Çüriýewiň «Ömür kyssasy» atly taryhy-publisistik kitabynyň Magtymguly adyndaky halkara baýragyna hödürlenmegini makullaýaryn.

Züleýha ORAZOWA,
Aşgabat şäheriniň 39-njy orta mekdebiniň ýokary kategoriýaly taryh mugallymasy, Krupskaýa adyndaky baýragyň eýesi, halk magaryfynyň otliçnigi.

«Mugallymlar gazeti», 1992-nji ýylyň 29-njy apreli.
Категория: Edebi makalalar | Просмотров: 31 | Добавил: Hаwеrаn | Теги: Züleýha Orazowa | Рейтинг: 1.0/1
Всего комментариев: 1
0
1 Revo   [Mowzuga geç]
"Ömür kyssasy" kitabynyň elektron görnüşini nirden tapyp bolýarka?! Bilýäniňiz bar bolsa aýdaýsaňyz...

Имя *:
Email *:
Ähli smaýliklar
Код *: